Türkmenistanyň halk artisti Baýram Sadykow

Her bir teatryň Aman Gulmämmedowy, Sona Myradowasy, Ata Durdyýewi, Bazar Amanowy, ýene-de birentek halk artistleri, birtopar at gazanan artistleri bar. Metbugat şolar barada makalalar berýär, kitaplaram ýazylýar. Emma her teatryň Aga Şyhlyýew, Baýram Sadykow ýaly öz ömürlerini sahna bagyş edenlerem az däl. Aslynda welin milli teatr sungatymyzyň ösmegine önjeýli goşant goşan Baýram Sadykow ýaly ussatlaryň döredijiligi barada giňräk gürrüň edip durmaly.

Ozalky Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademik drama teatrynda sahnalaşdyrylan “Oba gyzy” spektaklyndan soň, özara söhbetlerde: “Näme diýseňem, gaharlanja-ga däl”  diýip, Baýram Sadykowyň ussatlyk bilen döreden Alyşowynyň sözlerini aýdýarlar. 

Hawa, hut ussatlyk bilen döredilen sahna keşbi. Bolmasa, ol häli-şindi tomaşaçylaryň ýadyna düşüp durmazdy. 

“B.Sadykowyň “Oba gyzynda” döreden keşbi tötänden dörän bir keşp. Ol hut režissýoryň tagallasy esasynda dörän keşp” diýýänlerem az däl. Dogry, režissýoryň artist bilen köp işlänligine sözümiz ýok. Sahna keşbiniň şowly çykmagyna režissýor Çary Mommadowam az zähmet siňdiren däldir. Ýöne döredijilikde tötänden bolaýýan şowlulyk ýok. Eýsem, Baýram Sadykowyň “Oba gyzynda” döreden çeper sahna keşbi tötänden dörän keşpmi? Ýok. Ol Baýram Sadykowyň teatr sahnasynda ýigrimi ýyldan gowrak wagt çeken zähmetiniň kiçijik bölegi. 

Ýaşuly artistleriň birinden Baýram Sadykow barada soranymda:

- Urşuň aldym-berdimli ýylydy. Orta ýaşlaryndaky aýal on dört, on bäş ýaşlaryndaky aýakýalaňaç ýigdekçäniň elinden tutup, teatryň işiginden girdi. Nädip bu oglany artist edip boljagyny sorady. Gözüni mölerdip, agzyny öweldip duran ýigdekçäni synlap: “Häý, näbileýin, mundan bir zat çykaýsa-ha” diýip, içimi gepletdim-de, olara teatryň ýolbaşçylaryny salgy berdim. Soň-soňlar ol ýigdekçe teatryň garamagyndaky studiýany gutardy. “Şu-da artist boljag-ow” diýip güler ýörerdik. Ine görşümiz ýaly Baýram Sadykow gowy artistleriň biri bolup ýetişdi – diýdi.

Baýram Sadykow studiýada okan döwürleri teatryň spektakllarynyň köpçülik sahnalaryna gatnaşýar. Hatda ol B.Kerbabaýewiň “Gurban Durdy” dramasynda Gurban Durdynyň oglunyň keşbini hem oýnaýar. Ýöne şol wagt synçylaryň gazetlerde ýazyşlaryna görä, “Allan aganyň maşgalasynda” oýnanyny gören tomaşaçylaryň aýtmagyna görä, Baýram Sadykow wäşi, degişgen, namysjaň Gurbanyň keşbini döretmegiň-de hötdesinden gelipdir. Ýaňy döredijilik ýoluna gadam basan Baýram Sadykow Watan öňündäki borjuny ödemek üçin, 1950-nji ýylda goşun gullygyna gidýär. Ol harby gullukda-da öz söýgüli kärini ýatdan çykarmazlyk niýeti bilen, höwesjeňler gurnagyna gatnaşýar, soň-soňlar bolsa oňa ýolbaşçylyk edýär. 

Baýram Sadykow üçin gyzgalaňly döredijilik işi 1954-nji ýyldan, harby gullugy tamamlap gelenden soň başlanýar. Ol has ulurak keşpleri oýnamagyň hötdesinden gelip biljekligini duýsa-da, režissýorlaryň aýdanyna ýok diýmän, dünýä teatr sungatynyň beýik ussady K.S.Stanislawskiniň, “Teatrda kiçi keşp ýok, kiçi artist bar” diýen manyly sözlerinden ugur alyp, tabşyrylan her bir keşbi hyjuw bilen oýnamaga çalyşýar. 

Ata Gowşudowyň “Juma” dramasynda Borisowyň, iňlis serkerdesiniň keşplerini oýnaýar. Artistiň bir spektaklda, kiçi bolsa-da, iki keşpde çykyş etmegi ýeňil-ýelpaý iş däl. Keşpler ownuk bolsa-da, artist olaryň özüni alyp barşyny, gylyk-häsiýetini dürli-dürli şekillendirmäge çalyşmaly. Munuň özem belli derejede ussatlygy talap edýär. Eger tomaşaçylar Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademik drama teatrynyň sahnasynda B.Amanowyň üstünlikli giden “Kemine” spektaklyny ýatlasa, oýnuň altynjy görnüşinde başdan-aýak sahnada hereket edýän, pul sesini aňyp, ýeňil gopýan Ahmet naharçyny göz öňüne getirse gerek! Spektaklda B.Sadykowyň Ahmediniň Kemine bilen duşuşygy has gyzykly. Ol “Kyrk ýamaly içmekli adamy” görende, bir kürtdürip durýar. Şol tetelli adamdan nep gelmez diýen pikir bilen Ahmet özüni Kemineden ýokary tutmaga çalyşýar. Emma gulagyna gyraňlaryň şaňňyrdysy eşidilende, onuň ähli pikir-hyýaly üýtgäp, oda düşjek kebelek deý hozanaklap başlaýar. 

Tomaşaçylaryň köpüsi Güseýin Muhtarow bilen Gara Seýitliýewiň “Çopan ogly” dramasynda şadyýan, wäşi Berdi suratçynyň ilkinji sahna keşbini döredeniň Türkmenistanyň halk artisti Myrat Seýitnyýazowdygyny bilýändir. Ýöne şeýle çylşyrymly kyn keşbi Baýram Sadykowyň üstünlik bilen oýnanlygyny känbir bilýänem däldir. Ony Berdi suratçynyň keşbinde görenleriň güwä geçmeklerine görä, artist çylşyrymly keşbiň hötdesinden gelmegi başarypdyr. Tomaşaçylary keşbi şowhunly garşylapdyrlar. 

Artist “Keýmir kör” sahna oýnunda üç keşp oýnaýar. Ol 1955-nji ýylda Durdymyrady, 1961-nji ýylda spektakl täzeden goýlanda, Rejebi, soňra Zeberdes hany oýnady. 

“Aýgytly ädim” spektaklynda özünden rüstemi görse gorkýan, ejize ganym Ballynyň keşbini şekillendiren Baýram Sadykowdan nägile tomaşaçy ýok bolan bolsa gerek. Baýram Sadykowyň “Mollanepes” spektaklyndaky Ybraýym hojasy sahna çykanda zaly gülki gaplap alýar. Dogrusy, onuň köp-köp keşpleri ownugam bolsa, tomaşaçynyň göwnüni awlamagy başardy. 

Ýöne, gepiň gerdişi gelende, Baýram Sadykowyň artistlik işinde kä halatlarda gabat gelen kemterligem belläp geçmeli. Baýram Sadykow käte keşbi asudalyk bilen ösdürmegi unudýardy-da, diňe tomaşaçy üçin oýnaýardy. Ine onsoň Baýram Sadykow spektaklyň umumy ansamblyndan daşlaşýardy. Mysal üçin “Elwan ýaglykly serwim” spektaklynda şekillendiren Jantaýynyň ýa-da “Joralardaky” Nowruzynyň gaharlanan bolýan ýerlerini ýatlamak bolar. Elbetde, bu kemterlik Baýram Sadykowyň döredijiligine mahsus bolan kemterlik däl. 

Baýram Sadykow “Mähri” spektaklynda Setdaryň, “Ykbalda” Çarynyň, “Ýowzu günlerde Şally ahunyň, “Kim jenaýatkärde” Sähediň keşplerini oýnaýar. Umuman alanyňda, teatryň köp spektakllaryna gatnaşýar. Ýöne ukyply artistiň döredijiliginde gowy çykan keşplerini aýratyn belläsimiz gelýär. Kime “Jadylanan Meleguşy” görmek miýesser eden bolsa, akylly, dile düşüş Akbilegi ýatda gowy saklandyr. Onuň Akbilegi diňe bir ite mahsus bolan hereketler etmek bilen çäklenenok, ol hemişe çuňňur oýlanmagy, gamlanmagy, şatlanmagy, okgunly hereket etmegi başarýar. 

Baýram Sadykow teatryň islendik möwsüminde-de öndümli işledi. Ol biri-birinden düýpgöter tapawutly, türkmen teatr sungatynyň taryhyna girip biljek iki sany düýpli çeper sahna keşbini döretmegiň hötdesinden geldi. 

Eger onuň Ata Atajanowyň “Guşgy galasynda” döreden Dathudasy beýik geljek üçiniň özüniň janyny-da pida etmäge taýýar bolsa, “Oba gyzynda” döreden Alyşowy gowy güni üçin her hili wejeralyga taýýar. Dathuda hemişe joşgunly hereketde, ol hemişe şadyýan.  Baýram Sadykowyň döreden Alyşowy teatryň sahnasynda döredilen iň gowy sahna keşpleriniň içinde-de saýlantgylarynyň biri boldy.  Alyşow ýöne bir gönümel wäşilige ýugrulan keşp däl. Oňa artist käbir sahnalarda grotesk äheňlerini bermekdenem gaýdanok. Ol biziň döwrümizde şindi-şindilerem gabat gelýän binamys-ýaranjaňlaryň baryp ýatany. Alyşowyň hereketleri diýseň haýal. Ol könäniň myrat häsiýetlerinde saplanmandyr. Ony artistiň agyp-dönýän gözlerinden, saňňyldyly barmaklaryndan hem görmek bolýar. Sadykowyň Alyşowy häli-şindi “Näme diýseňem, gaharlanja-ga däl” diýen sözleri gaýtalaýar. Emma artist şol sözleri her kime bir hili, dürli manyly aýtmagy ussatlarça başarýar. Bu keşbiň döremeginde režissýor Çary Mommadowyň, spektaklda hemişe B.Sadykowyň hemrasy bolan Söýün Amangeldiýewiň goşantlary az däl. 

 

Begi SUHANOW.

 

 

*     *     *     *

Türkmen kino sungaty ulgamynda işlän ýyllarymda (1967-2003 ý.ý.) Gara Seýitliýew, Alty Garlyýew, Ata Durdyýew, Ata Döwietow, ýaly meşhurlar bilen iş salyşmak, sungata degişli manyly-täsirli söhbetlerini, özara degişmelerini diňlemek bagty miýesser etdi.

Şeýle zehinleriň, sahna sungatyna berlenleriň, diýseň kiçigöwünli, degşip-gülüşmese güni geçmeýänleriň biri-de Türkmenistanyň halk artisti Baýram Sadykowdy.

Baýram aga «Meniň dostum Meleguş» atly çeper filmde baş keşpleriň birini döredipdi. Ol teatr sahnasynda, teleradio oýunlarda onlarça gülküli keşpleri döredip, giň tomaşaçylar köpçüliginiň söýgüsini gazanan artistdi.

Baýram Sadykow bilen baglanyşykly degişmeleriň käbirini  okyjylara ýetiresimiz gelýär.    

 

Onda goluňy çek

Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet uly teatrynyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň ýolbaşçylygynyň agzasy bolan Baýram aga, esasan, toý-baýramlarda deňňene-üýşmeleň, sowgat-salam üçin artistlerden pul ýygnamak ýumşy tabşyrylýar eken. Bir gezek şeýle ýu- muş bilen eli sanawly aýlanyp ýören Baýram aga Ata Döwletowa ýüzlenýär:

— Ata aga, Söýün toý edýär, senem toýa goşant şunça manat bermeli? — diýýär weli, Ata aga: «Munuň tersine gaýdyp göreýin-le» diýip:

— Meň saňa pul bergim ýok! — diýýär.

— Maňa däl, Söýüne bermeli, toý edýär diýýän-ä!

— Bilemok, bar ugra, Söýünem bolsa berjek däl.

— Beýle bolsa, «Ýigrenenim Söýün, şoňa gara şaýam berjek däl» diý-de, şu kagyza goluňy çek.

— Hä?..

 

Guşuňam bilmen, gumryňam

Ol ýyllar artistler teatr möwsümi gutaran soň, toparlara bölünip ýurdumyzyň etrapdyr obalaryna üç aýlap ýerli tomaşaçylara medeni hyzmata giderdiler. Şeýle toparlaryň birine ýolbaşçy bellenen Baýram Sadykowa Şyhly Agaýew: «Baýram jan, pylanyny gowy tanaýan dälsiň, onuň gaçyp-gezip, oýny puja çykaraýma häsiýeti bardyr. Şony gözüňden sypdyraýmagyn. Birden ýüzügara edäýmesin» diýip, ony howsala salýar.

Ýetilmeli menzile golaýlap barýarkalar, «Arassa howadan dem alalyň!» diýip, artistler ulagdan düşýärler welin, ýaňky «gaçyp-gezegen» artist:

— Bir guş bolsaň, şu sähraýy gözel meýdanyň üstünde pel-pelläp doýa seredip, synlasaň! – diýip, göwün ýüwürdýär. Muny eşiden Baýram aga bolsa, misli ol eýýäm uçup barýan ýaly, oňa:

— Guşuňam bilmen, gumryňam, saňa ulagdan düşmek bolanok, gymyldama-da, şu ýerde otur! — diýýär.

 

Gurbanmuhammet REJEBOW.