Batyr Çaryýewiň ýandepderçesinden

Aktýor özüniň ýüreginde keşbe öwrülen sözleri sahnadan täsin röwüşde ýaýyp bilse, tomaşaçynyň kalbyna ýyly reňkli nagyş çekip biler.

* * *

 

Spektaklyň şowlulygy tomaşaçylaryň: «Bu oýna-ha ýene-de geläýmeli» diýen sözlerinde jemlenendir.

* * *

 

Gyzykly spektaklyň täsiri sahnada bolup geçýän wakalara tomaşaçynyň özüniň hem gatnaşýan ýaly duýgusyny oýaryp bilýändiginde ýüze çykýar.

* * *

 

Aktýor sahnada özüne gönügen çyranyň many öwüşginleri ýagtysyny öz döredýän keşbiniň üsti bilen tomaşaça tarap öwürýär.

* * *

 

Sahnada ýüzüň-gözüň hereketi keşbiň hereketinden, ýerine ýetirýän duýgusyndan gelip çykmaly. «Göz — ýüregiň aýnasy» diýilmeýärmi näme?!

* * *

 

Şahyryň: «Ýalandan aglaman, ýalandan gülmän, Sözläňde çynyňy sözlegin, balam» diýýän ündewi, artistiň gowşagrak döreden keşbine-de degişli ýaly bolup dur.

* * *

 

Sahna oýnunyň ýekelikde çykyş etmek görnüşiniň kynçylygy ýat tutan sözleriň ýadyňa düşmän ýalňyşaýanyňda-da, onuň sepini bildirmän, dowamyny alyp gidiberere ýoldaşyň bolmazlygynda.

* * *

 

Seniň çasly aýtmaly içgepletmäniň diňläp oturan adamlara dogry gönükmese, bokurdagyň, bogazyň gyrylmak bilen bolýar eken.

* * *

 

Spektaklyň ýekeje ýerinde gysga pursatlyk çykyş edip, ýatda galyjy keşbi döretmek aýratyn zehinli aktýora başardýar.

* * *

 

Haçanda spektakl soňlanansoň, çapak çalýan tomaşaçylaryň öňünde, olaryň özüne-de «Sag boluň» diýen manyny aňladýan baş egmegiň özünde çekilen zähmetiň ýakymly täsiri bar.