Gözel Gurbanowa

Artist professional teatra birden gelmedi. Ol bu uly hem jogapkärli işe özüni ýaşlykdan taýynlady. Has dogrusy, höwesjeň artistlikden başlady. Baryp-ha 1963-64-nji ýyllarda Tejen etrabynyň medeniýet öýüniň halk teatryna gatnap, şol teatrda goýulýan oýunlarda çykyş edip, ökde artist diýdirýär. Ýaşlyk hyjuwy, zähmetsöýerligi, esasy zadam teatry, artistligi jany-teni bilen söýýänligi bilen bu gyz professional režissýorlaryň, artistleriň ünsüni özüne çekýär. 

Režissýor D.Oraýew artistlik ugry dowam etdirmegi oňa maslahat berýär. 1960-njy ýyllarda Gözeliň özünden uly aýal dogany Tylla Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutynyň artistlik bölümini tamamlap gelýär. Ol halk teatrynda Gözeliň birnäçe keşplerine tomaşa edip, oňa şu ugry sypdyrman, öz zehinini yzygiderli ösdürmegi maslahat berýär. Şondan soň, Gözeli  Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatry işe çagyrýar. Şodurda-şodur zehinli gyz ömrüni teatr bilen baglanyşdyrdy. Indi sahnanyň gizlin syrlaryndan baş çykarýan Çary Myradow, Abdylla Ýakubow ýaly režissýorlar Gözeliň ýokary derejeli artist bolup ýetişmegi üçin tagalla baryny edýärler. Gözel ilki bilen teatryň konsert toparynda aýdymçy, tansçy bolup işledi.

Soňabaka bolsa teatrda goýulýan spektakllarda ululy-kiçili zenan keşpleri ýerine ýetirýär. Ine-de, onuň ilkinji keşpleri. Atamyrat Täjowyň “Temen haltada ýatmaz” gülküli sahna oýnunda haýýar, gybatkeş Nurbibiniň, Baýram Gurbanowyň “Başagaýlyga salan şaýlyk” sahna oýnunda söýgi oduna uçran, päk ýürekli Şiriniň, Ata Abdyrahmanowyň “Şa gyzy” sahna oýnunda baş gahryman Saýathanyň keşbinde oýnaýar. 

Elbetde, bu keşpleriň içinde şowlusam bardy, şowsuzam. Onsuz bolmaýar. Emma şol sowsuzlyklar, ýalňyşlyklar artistiň gitdiksaýy  ussatlygynyň taplanyp, sahnanyň gizlin syrlaryny ele almaga ýardam edýär. Onsoňam, eger sen öz işiňe yhlas bilen ýapyşyp, özüňi görkezmäge ürç etseň, saňa üns berip, kömek berýän adamlaram tapylyberýär.  Ynha, şonda öz kärleriniň ussady Nurjemal Nagdowa, Oguljeren Gurbangeldiýewa ýaş artiste hemişe maslahat berip, oňa halypalyk etdiler. Ol şonda oýnamasy kyn bolan keşpleriň hötdesinden gelip başlady. Şu ýerde Gözele ynanylan çylşyrymly keşpleriň biri bolan Hatyjanyň keşbi örboýuna galýar. Artistiň Täşli Gurbanowyň “Ýürek ody” sahna oýnunda bagtyndan jyda düşen Mamanyň keşbi artistiň döreden keşpleriniň şowlusy hasaplanylýar.  

Keşpler, keşpler... Gözel Gurbanowa tarapyndan döredilen ol keşpleriň hemmesi barada jikme-jik gürrüň etmek bir makalanyň çäginde mümkin däl. Şeýlede bolsa artistiň döreden iki keşbi barada aýtmaklyk zerurdyr. 1988-nji ýylda teatrda Çary Gullaýewiň “Maýagözel” atly dramasy sahnalaşdyryldy. Bu spektaklda Gözele baş gahrymanlaryň biri Patma Hatamowanyň keşbi tabşyrylýar. Artistiň Patmasy barypýatan görip, sowatsyz, ýönekeý keseli anyklap bilmän, ters däri-derman edip, adamlaryň janyna kast edip ýören adam. Şeýle-de bolsa artistiň Patmasy bu zatlaryň üstüni basyrmak üçin her hili hilegärlikleri ulanýar. Ine, şeýle häsiýetli adamyň keşbini döreden artist müňlerçe tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy. Bu spektakl ýurdumyzyň ähli künjeklerinde boldy. Hemme ýerde-de Gözel Gurbanowanyň döreden Patmasyny gyzgyn garşy aldylar.

Zehinli artist Çary Gullaýewiň «Keýpli gelinler» atly spektaklynda döreden keşbiniň Aýbibiniň ruhy diýseň çylşyrymly. Ol güýçli hem mekir zenan. Halk ony gowy garşy alýar. Olar artistlere, şol sanda Gözel Gurbanowa sagbolsun aýdýarlar. Ol 1998-nji ýylda “Gaýrat” medaly bilen sylaglanýar.

 

A.Meläýew.