Türkmenistanyň halk artisti Amangeldi Gurbandurdyýew

Talyplar institutda sapak berip ýören ussat mugallym, Türkmenistanyň halk artisti Amangeldi Gurbandurdyýew bilen duşuşyk guramagy maksat edindiler. Şonda ýurdumyzda belli artist “Gaýrat” medaly bilen sylaglanypdy. Hemmeleri begendiren şol wakany talyplar özleriniň okap ýören auditoriýalarynda bellemegi niýet edinipdiler. Wagtal-wagtal şular ýaly läheňleri çagyryp, duşuşyk guralyp durulsa, oňa ýetesi zat barmy? Bir zady belläp geçmeli. Duşuşyga diýip myhman geleni gowy zat welin, ol özüniň terjimehalyny aýdyp, diňe özüni öňe sürüp, öz mahabatyny özi edip, sözüni gutarsa, diňleýjilerde ýatda galar zat bolmaýar. Ýatda diňe üýtgeşik zat galýar. Amangeldi Gurbandurdyýew bilen boljak duşuşykda-da “bu nähili bolarka?” - diýdirdi.

Pursat geldi, ussada söz berdiler. 

Ol söze başlandan artistlik älemine aýak basanyň “nebis” diýlen meselä nähili garamalydygyny birje jümlede beýan etdi. Artistlige ýüregini beren adamynyň “kisesiniň pökgermegi hökman däl, onuň kalby doly bolmaly”. Ynha şujagaz gysgajyk jümle bilen ol zaly bada ele aldy. Soňam ol ony ýazdyrman, ylla diýersiň jadylan ýaly edip, özüniň “deminde” saklady. 

“Kise”, “Kalp” – bu sözleri ýene biri leksiýasynda iki sagatlap gürrüň berende zordan aňar ýaly edip bilýär. Aman aga ýaş ýürekleri çuňňur oýa batar ýaly etdi. 

Ömürboýy özüni päk saklaýyn diýip, diňe özüniň päk zähmetine daýanyp gezen adam her dürli kynçylyklara döz gelmeli bolupdyr. Aman aganyň “gara iş” diýlen zatdan gaýtman, der saçyp işleýşini gürrüň berende zal doňan ýaly bolup diňledi. Bir görseň, ol çekenäniň yzynda, aýakýalaň, başy açyk, bir görseňem sürüde. Ýigit çykyberende ol şähere aralaşyp, ol ýerde elektrik, grimýor bolubam işläpdir. Garasaý, görülmedik kär ýok diýenleri.

Bular uruş ýyllarynda, onuň yz ýanlarynda başdan geçen günler...

Talyp durmuşy elmydama ýigitlik çagyň bezegi bolup galýar. 

Bir görse ol, düýnki çoluk oglan Moskwada okuwda gezip ýör. Bagt guşy gondy welin, indi ony sypdyrmajak bolmaly. Onuň suwytly okan ýeri ýok ahyryn. “Şahadatnama” diýlen zat onuň üçin nätanyş gürrüň. Bi ýanynda-da rus dili. Ol hemme zatdan-da kyn düşen ugur. Nätanyş sözler beýle-de dursun, eýýäm sahna sungatynyň, dramaturgiýanyň özüniň çuň manyly berýän aňlatmalary bar, olary türkmen diline-de terjime edip bolanok. Ynha, bu-da kyn işleriň biri bolupdyr.

- Mugallymlar, diýseň gowy bolup çykdy – diýip, ol minnetdarlyk bilen olary ýatlaýar. Ylaýta-da, Mihail Çehow. Mugallyma bolan garaýyşlary Aman aganyň özüniň sözleri bilen suratlandyrsak gowy boljak ýaly. Şonda ol şeýle diýdi: “...Ol bizi bakdy, bejerdi, ýörjen-ýörjenkäk elimizden tutup, patanaklamany azrak eder ýaly derejä ýetirdi...” Munuň özi Aman Gurbandurdyýewiň öz mugallymlarynyň barysyna beren bahasydygyny aňladýar.

Türkmenistanly ýigitlerdir gyzlary olar eý görüpdirler, bakypdyrlar, bejeripdirler. Onda-da bolanda kynçylyk çekmeli bolupdyr. “Kösendik, bagrymyz bilen süýşenekledik, ahyry alyp çykdyk” diýip ol buýsanç bilen öz duýgularyny beýan edýär. Şeýdip, Aman Gurbandurdyýew Moskwanyň sungat ugrundan men diýen institutlarynyň birini tapawutlanan diplom bilen tamamlap, dogduk mekanyna dolanyp gelipdir. 

Aňyrdan gelende ol ýükli gelipdir, horjunynyň iki gözi hem bilime degişli habarlardan doly. Oňa şol hem az görnüpdir. Aýlyk-günlük, ýaşar ýaly jaý, güzeran, olaryň-da iňkise goýan ýeri az bolmandyr. Şonda-da ol Moskwada alan biliminiň üstüni ýetirmeli diýip garapdyr. Aman Gulmämmet, Bazar Aman, Alty Garly – bularyň her biri ýolda keserip ýatan kert gaýa.  Ynha, şu ýerde ol özüni ýitiren ýaly ýagdaýa düşenini aňypdyr. Synpdaş ýoldaşlary bilen ol ýamaşgan daga dyrmaşmaly bolupdyr. 

Bu daglaryň oty-çöpi, ýoly-ýodasy, hat-da daşlary-da üýtgeşik. Ynha, näme üçin olar okuwy çynlakaý dowam etdirmeli bolupdyrlar. Ýöne bu saparky okuw gaýnap duran milli mekdebiň okuwydy. Kalby päk adam üçin olary gurşap alan ýagdaýlara jennet diýerçe bardy. Ýöne, zähmetden gaçana, emgenmäni irnik görýäne zat ýokdy. 

Çuň manyly gürrüňler zalda oturanlaryň göwünlerini has-da galkyndyrdy, olar duşuşykda oturanlary-da unutdylar. Ýaş ýürekler köpseriýaly telefilme seredip oturana döndüler. Olar üçin ussadyň her sözi gyzykly filmdi. Ynha, Parahat Çaryýew diýen oglan. Ol geljekde gurjak oýny bilen bagly teatr sungatyny ösdürmelileriň biri. Ýaňy 18 ýaşyň çetinde girip ugran bu oglana kirpiklerini çalmaga-da wagt ýok. Jadylaýjy sözler ony ummanda gaýyp ýören ýaly etdi. Gurjak oýnatmak sungatyň iň çylşyrymly hünärleriniň biri eken. 

Oturanlary aňk eden zat Aman aganyň dili, ondan-da beter güýçli logikasy. Onuň gürrüňleri sadadan düşnükli. Sözlemleriň düzülişi ýüpe düzülen owadan monjuklary ýatladýar. Dogrudan-da, agyň yzyndan gök, gögüň yzyndan sary... şeýdip, gezekli-gezegine sepleşip barýar, artykmaç zat ýok. Gürrüň şonuň ýaly düzülende örän tasirli bolýar. Ussat bir görseň dramaturgiýanyň, şygryýetiň mahabatyny ýetirip dur. Arasynda halk aýdymlaryndan bölekler, özüniň goşan goşgularyndan bentler ýaňlanyp dur. 

Ot bilen ýalnyň içinden geçen adamyň gürrüňi ap-aýry gelýär. Aman aga gülküli oýunlarda-da, pajygaly oýunlarda-da özüni synap görüpdir. Ol hatda opera oýunlarynda-da gatnaşmaly bolupdyr. Kinofilmlerde surata düşürilipdir. “Aýgytly ädimdäki” Aşyr, ýalňyşmasak, hemmeleriň gözüniň öňünde. Ýada salyň şeýle pursaty – 1916-njy ýyl. Tejeniň gamyşly tokaýy. Artyk Babaly özüniň Aýnasynyň ýanyna gelýär. Ol ony şol sümme tokaýdan gözläp ýör. Şonda Aşyryň bolşuny ýatlap “dost diýeniň şunuň ýaly bolaýsa” diýdirýär.

Şonda Aman aga gürrüňini gutarandan soňra köp sowallar berildi. Talyplaryň berýän sowallary ömürlik kär saýlan juwanlaryň berjek soraglaryndan manysy boýunça has çuň görünýärdi. Bizi begendiren zat, olaryň professional derejedäki gürrüňlere goşulyp bilişleri. 

“Talyplary gyzyklandyrýan mesele – garaşsyz ýurduň erkana sahnasy bolmaly diýen düşünje. Şu meseläni çözmekligiň ýollary hakda Siziň pikiriňiz gerekdi...” Bu – bir sorag. “Dramaturg bolmak üçin sahnada oýnap görmek hökmanmy?”. Bu-da ikinji sorag”.

Nähili aýlawly sowallar. Olarda çuň many bar. Bu sowallary Aman aga çöp döwen ýaly edipdi. Ýöne olara jogap bermek üçin teoretiki-nazaryýet bilim, üstesine-de durmuş tejribesi gerek. Aman aganyň özünde artist üçin zerur sypatlaryň bary jemlenipdir. Ussadyň şygary – yhlas, paýhas, akyl. Eger artist dramaturg, režissýor bolmak isleýän bolsa,  özünde şular ýaly sypatlaryň bolmagyny we şeýle duýgularyň ösdürilmegine tarap ymtylmalydyr. 

Sahna sungatynyň älemine ýaňy aýak basan ýaşlar üçin bu nesihatlardyr peýdaly maslahatlaryň bahasyna ýetmek kyn.

Duşuşykdan galan täsirler ýeke bir talyplary däl,  eýsem, mugallymlary-da çuň oýa batar ýaly etdi.

Biziň bu makalamyz bir ussadyň döredijilik portretini bermeklige niýetlenen diýmäge çakymyz ýok.  Biz ýöne Aman Gurbandurdyýew bilen bolan  şol duşuşykda “ojar odunyň közüniň ýaş ýürekleri daglap bilenligini”  belläp geçmekligi nazarda tutduk. Ony biz käbir mysallaryň üsti bilen görkezmeklige synanyşdyk. Zalda oturan käbir halypa ýa-da ýaş döredijilik işgärleri mährem adama hakyky ruhy atasynyň ornuny tutan howandar hökmünde garaýardylar. Olar iň ýakyn adam saýylýan mugallymyň döwlet sylagyna mynasyp bolanyna begenip, ony “Gaýrat” medaly bilen gutlaýardylar. Halypanyň “kalbyň doly bolsun”, “işe yhlas bilen ýapyş”, “päliň düzüw bolsun” diýen sözleri olar üçin peder pendi bolup ýaňlanýardy.