Sungat söhbetleri

Bir gezek Mylly aga radioda göni ýaýlymda saz çalyp oturan eken. Konserti hem Baýram Geldimyradow alyp barypdyr. Şonda Mylly aga çalyp oturan sazyny tamamlaýar welin, Baýram aga studiýadaky düwmejigi basyp, mikrofony açýar-da, indiki çalynjak sazyň adyny aýdýar. Konsert gutaransoň, Mylly aga: “Oglum, ýaňy bir saz çalyp bolanymda, derrew indiki sazyň adyny aýtdyň. Saz çalyp bolnansoň, şol sazyň ýaňy, owazy doly gutarmanka, indiki saza geçmäweri! Beýtseň, saz kesilýändir” diýip, maslahat beripdir. Elbetde, şol wagtlar radio ýaňyrak geläýen döwri bolansoň, Mylly aganyň şol sargydy Baýram aga soňra sapak bolupdyr.

 *      *     *     *

 

Gulbaba dört ýaşyndaka, olaryň öýlerine Sahy Jepbarow gelýär. Şonda Gulbaba halypa bagşa “Galmanam”, “Ak maýa gerek” ýaly halk aýdymlaryny aýdyp beripdir. Bokurdagy dolan Sahy bagşy Gulbabany gujagyna gysyp durşuna, özüniň hem ýetginjekkä “Oglan bagşy” atlandyrylandygyny agzap, oňa uzak ömür arzuw edipdir...

*      *     *     *

 

Türkmenistanyň halk artisti Haýytmyrat Durdyýew teatr sungatyna gelen ilkinji ýyllarynda Türkmenistanyň halk artisti Gylyç Berdiýewiň özüne beren maslahatlaryny ýatlaýar. Şonda Gylyç aga şeýle diýipdir: “Teatr sahnasynda keşp janlandyryp durkaň, iň yzky hatardaky tomaşaçy: “Ýaňy artist näme diýdi?” diýip, ýanyndaky ýoldaşyndan sorasa, onda sen artist dälsiň. Sesiň ähli tomaşaça deň ýetmelidir. Sahnada aýdýan sözüň tomaşaçylaryň ählisine deň täsir etmelidir”.

*      *     *     *

 

Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Meretgeldi Tüňňiýew özüniň bagşy bolup ýetişmeginde kakasy, bagşy Perdeli Tüňňiýewiň, halypa bagşylar Agamyrat Ýagmyrowyň, Ödenyýaz Nobatowyň goldaw-hemaýatlarynyň, pendi-nesihatlarynyň uly bolandygyny buýsanç bilen ýatlaýar: “Agamyrat bagşy öýümize geleninden:

“Hany, Meret, dutary getir. Aýdym aýt, bakaly!” diýip, maňa aýdym aýtdyrardy. Aýdyma başlap, birden ýalňyşaýsam: “Dur, dur, şu ýerini şeýle aýtsaň, şeýleräk bolar, beýle aýtsaň, beýleräk bolar” diýip, köp zatlary öwrederdi.

Ödenyýaz halypa şeýle maslahat bererdi: “Ýagşy bolmak ýaly kyn zat ýokdur. Köp kişi yhlas etse, bagy bolup biler. Ýöne, bagşynyň ýagşysy boluň! Öz aýdýan aýdymlaryňyz, ýagşy häsiýetleriňiz bilen märekäni agzyňyza garatmagy başaryň!”.
 

Taýýarlan: Akmyrat Rejebow, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri.