Artistleriň durmuşyndan

Medeniýet ŞAH BERDIÝEWA, Türkmenistanyň halk artisti:

— Bu waka geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň başlaryna bolupdy. Şol döwürde medeniýet, sungat işgärleri ýurdumyzyň uzak etraplarynda oba zähmetkeşleri bilen döredijilik duşuşyklaryny geçirýärdiler. Bir gün bize häzirki Magtymguly etrabynyň oba ilaty bilen döredijilik duşuşygynyň geçirilýändigini aýtdylar. Bu duşuşykda men aýdym aýtmaly, ýurdumyzyň teatr ussatlary bolsa, täze taýýarlan spektakllaryndan bölekleri görkezmelidi. Şonda eýýäm şol döwürde tanymal teatr we kino artisti hökmünde tanalýan Oguldurdy Mämmetgulyýewa hem biziň bilen bile ýola düşdi. Açyk göwünli, zehinli artist zenan bilen derrew sözümiz alyşdy. Ol maňa ýakynda keselhanadan çykandygyny, syrkaw-sökellikden heniz oňly aýňalyp bilmändigini gürrüň berdi. Men oňa entek uzak ýola düşmän, öýünde bejergi alsa kem bolmajakdygyny aýdanymda, ol maňa obada önüp-ösensoň, oba gitmegi gowy görýändigini aýtdy.

Ulagymyz beýik dag gerişleriniň arasyndaky ýol bilen barýardy. Daş-töweregimizde synlara zat kändi. Jana şypa beriji dag howasy göwnümizi has-da göterýärdi. Biz daş-töweregimizi gurşap alan gözel görnüşlerden ganyp bilmän, öz ýurdumyzyň ajaýyp tebigaty barada yzyny üzmän gürrüň edýärdik. Ilkibada syrkaw-sökellikden aýňalyp bilmeýän ýaly bolup görnen Oguldurdy Mämmetgulyýewanyň göwni açylypdy. Ol dag howasyndan dem alyp, belent başly daglaryň gerşinde erkana gezmeleýän jerenleri synlap, tebigat täsinlikleri baradaky gürrü- ňimize «hä» berýärdi.

Şol pursat ulagymyzyň sürüjisi bize aýtman ulagy saklady. Ol bize dag eteklerindäki käkilikleri görkezmekçi bolandygyny aýtdy. Biz ulagdan düşüp, owadan käkilikleri synlamaga howlukdyk. Oguldurdy Mämmetgulyýewa hemmämizden öňürti bu owadan guşlara has golaý bardy. Ol ýüregine dolan şatlygyny biz bilen paýlaşdy.

— Şu guşlary synlap, keselim el bilen aýrylan ýaly boldy. Tebigat bilen ikiçäk galmakda gözelligi synlamakdan ozal, ruhuňy belende göterýän beýik duýgy bar! — diýdi.

Biz bu ýerde uzak eglenmän ýola düşdük. Oguldurdy Mämmet- gulyýewa bolsa, syrkaw-sökelligini unudyp, ýolboýy öz ömründe bolup geçen gyzykly wakalaryny gürrüň berýärdi. Barmaly ýerimize baranymyzda-da ol öz alyp barýan işleri barada gyzykly gürrüň berip, oba adamlarynyň göwünlerini galkyndyrdy. Biz bu ýerde üstünliki çykyş edip, Aşgabada dolandyk.