Kinorežissýor Osman Saparow

Ussat kinorežissýor Osman Saparow çagalaryň durmuşyndan “Gorkak batyr”, “Kiçijik adalardaky başdan geçirmeler”, “Perişdejik şatlyk paýla”, “Garagum”  ýaly çeper filmleri döretdi. Öz filmlerinde O.Saparow esasan çaga terbiýesi hakynda gürrüň berýär. Çagany nähili terbiýeläňde ol hakyky ilhalar adam bolup ýetişmeli? Haçanda O.Saparow özüniň meşhur “Gorkak batyr” çeper filmini surata düşürende (1982 ý.), bütin dünýäde çaga terbiýesi hakynda jedeller, çekeleşikler, özara çekişmeler gidýärdi. Alymlaryň, bilermenleriň birtoparlary çagany kiçiliginden kompýuteriň başynda oturtmaly, ýene biri çaga birbada birnäçe ugurdan bilim bermeli, ýene biri çaga üçin ýörite gün tertibini döredip, şo boýunça-da terbiýelemeli diýen pikiri orta atýardylar. Emma, türkmen režissýory Osman Saparow ýönekeý pikiri öňe sürýär: çaga erkinlik bermeli. Diňe şonda çaga hakyky terbiýäni alyp biler diýip öz nukdaýnazaryny beýan edýär. “Gorkak batyr” filminde-de hut şeýle pikir öňe sürülýär. Birtopar gyzyň içinde ulalan Çaman atly oglanjyk hakyky erkek kişileriň terbiýesini alyp bilenok. Onuňam oýnaýany edil gyz doganlary ýaly gurjak goş. Ýa şoňa meňzeş oýun. Öýde birtopar gyzlaryň içinde Çamanyň gerekli terbiýäni alyp bilmejegine gözi ýeten oglanjygyň kakasy ony ymgyr çöle, uzak örüde çopançylyk edýän kakasy Ata aganyň ýanyna alyp gitmegi makul bilýär. Ine şol gündenem Çaman üçin düýbünden täze durmuş başlanýar. Çölde hemme zady başarmaly – tüňçede çaý gaýnatmaly, gömme çörek bişirmäni başarmaly, guýudan suw almaly, mallary suwarmaly, olara gözegçilik etmeli. Bularyň hemmesini başarmak üçin çöl bilen öwrenişmeli, ony söýmeli, onuň bilen sazlaşykly bolmaly. Elbetde, ömründe çöli görmedik Çaman üçin bu zatlar kyn düşýär. Ol başga atasyna aýak bagy bolup gezýär. Atasy çaý gaýnat diýse içi suwly tüňçäni oduň üstüne agdarýar, guýa sallanyp, onuň içini arassalamaly bolanda ol öler ýaly gorkýar. Garaz, şäherli oglanjyk hiç işi başaranok. Başarjaga-da meňzänok. Ine şondan soň Ata aga öz terbiýesine başlaýar. Ol agtygyna dürli işleri buýurýar. Ony synagdan geçirýär.  Ilkibaşda Çamana synaglar kyn düşýär – guýa sallananda gorkýar, garaňkyda düýä münüp beýleki çopan goşunyndan suw alyp gelmeli bolanda zörledip aglaýar, garaz, äden ýeri şowsuzlyga eltýär. Emma, atasynyň akylly-başly edýän talaby, edýän hereketleri, aýdýan manyly sözleri Çamanyň ýuwaş-ýuwaşdan taplanmagyna getirýär. Ol hakyky erkek terbiýesini alýar. Başda sussuny basýan, tukat görýän ymgyr çöli indi onuň gözüne bagy-bossanly gülzarlyga öwrülen ajaýyp tebigat bolup görünýär.

Çaman indi gyzgyn çägä gömüp çöregem bişirip bilýär, çaýam gaýnadýar, gije gorkman sürä aralaşýan möjeklere-de gaýtawul berip bilýär. Ýöne, onuň üçin iň esasy synag ol, kiçijik oglanjyk ýaňja dünýä inen eýjejik guzujyklary gassaplaryň elinden halas edýär. Olary ölümden halas edýär. (Öňki döwürlerde gynansagam, bagana üçin janawer guzujyklary heläk edýärdiler.) Onuň ruhy dünýäsinde üýtgeşiklikler bolup geçýär. Şeýdip Çaman gysga wagtyň içinde düýpgöter üýtgeýär – ol hakyky erkek terbiýesini alýar. Film 10-12 ýurtlarda bolup geçen Halkara  kinofestiwallarynyň ýeňijisi bolýar. Ol Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň eýesi bolýar. Tomaşaçylaryň arasynda iň bir meşhur filmleriň birine öwrülýär.

Kinorežissýor O.Saparowyň “Kiçijik adalardaky başdan geçirmeler” atly filminiň baş gahrymany Myrat päkize tebigaty onuň aldajy duşmanlaryndan goraýar. “Perişdejik şatlyk paýla” atly çeper filmde bolsa Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda türkmen obasynda önüp-ösen nemes oglanjygy türkmen çagalary bilen bilelikde özünden ululara ellerinden gelen kömeklerini edýärler. Nemes kinoçylary bilen bilelikde döredilen “Garagum” atly çeper filmde bolsa nemes oglanjygy bilen türkmen çagasynyň arasyndaky dostluk öz beýanyny tapýar.

Çaga terbiýesi hakynda filmleri döredýän Osman Saparow: “Çaga eziz, terbiýesi ondanam eziz” diýip, öz filmlerinde çagalaryň aň-düşünjeli, sagdyn ösüp ýetişmekleri üçin ilhalar çeper filmleri döretmegi başardy. Çagany belent Watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň hakyky ynsanlar bolup ýetişmekleri üçin alada etmek kino sungatynyň esasy maksady bolup durýar.

 

Ýazmyrat Şadurdyýew.