Artist Haýtmyrat Durdyýewiň Degişmelerinden

Bahar baýramynyň öň ýanlarynda täze ulag satyn alan Türk- menistanyň halk artisti Haýtmyrat Durdyýew aýalyna: «Keýwany, täze ulagda oba — ejemlere baryp, baýramy bilen gutlap gaýdaly. Ertire ýol şaýyňy tut!» diýýär. Onda aýaly Gözel gelneje sözlerine dyngy berip: «Bolýar, gidäýeli çagalaram alyp. Ýöne ilki biziň öýümize gitsek kem bolmazmyka diýýärin. Sebäbi...». Çürt-kesik garşy çykyp aýalynyň sözüni bölen Haýtmyrat: «Ýok-how, ilki biziňkä gitmeli bolar. Soň size.    Onsoňam biziň öýümize, atam öýümize gideli ilki diýip düýnem telim aýtdyň-la sen. Bu nä beýle-how?!» diýýär. Onda Haýtmyradyň aýaly: «Täzeje ulag bilen barsak, siziňkiler gyňaç-pyňaç kiçiräk ýaglyk-beýleki bilen oňarlar. Biziňkä barsak welin, ejem jan ulagymyza türkmen haly ýapar?!» diýýär. Bu sözlere ýylgyran Haýtmyrat: «Bä-ä, onuň ýaly bolsa ertir-birigün diýip durmaly-da, şu gün ugraly!» diýip, aýaly bilen ylalaşmaly bolupdyr.

* * *

Çagalar bakja-bagyndan gelen agtyjagy Haýtmyradyň ýanyna gelip: «Ata, ata, aý ata, bezelen arçanyň suratyny çekip gelmeli diýdi mugallymymyz. Siz surat çekip bilýäňiz-ä, öwredäýiň-dä?!» diýip, elindäki kagyzdyr dürli galamy onuň ýanynda goýýar. Şol mahal aşhanada nahar bişirip duran Gözel gelneje: «Ataň ýeke bir surat däl, uklap ýatanda «horam çekýär, balam!» diýip, olaryň ýanyna gelip saçak ýazmak bilen boluberipdir.

* * *

Haýtmyrat agalara obada ýaşaýan inisi Bäşim gelýär. Onuň elinde-de ir-iýmişdir kemput doly sebet sowgatly. Gapyny açan gelnejesi Bäşimi güler ýüz bilen garşylaýar. Ol öýe girende agasynyň ber-başagaý bolup, gysgajyk gülküli sahnalaryny ýazyp oturanyna gözi düşýär-de: «Bä-ä, Haýt kaka, hatyň gaty owadan ekeni. Öň ünsem beremok eke- nim. Beýle owadan ýazyşyň bilen söýgi hatyny beren bolsaň, almajak gyz bolmazdy!» diýýär. Onda Haýtmyrat aga başyny ýaýkap: «Wah, inim, bu agaň ýygralygy sebäpli mekdepde berilmeli haty Aşgabada okuwa gelenimde gelnejeň kakyp aldy!» diýip, onuň bilen hal-ahwal soraşyp başlaýar.

 

Toplan Batyr ÇARYÝEW, Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň artisti