Türkmenistanyň halk artisti, kompozitor Amandurdy Agajykow

1937-nji ýylyň fewral aýynyň 1-ine Bäherden etrabynyň gojaman Köpetdagy jähekläp oturan obasynda türkmen halkynyň geljekki zehinli kompozitory Amandurdy Agajykow işçi maşgalasynda eneden bolýar. Onuň ýaşlyk ýyllary, gowgaly uruş ýyllaryna gabat gelip, örän agyr geçýär.

Amandurdynyň dört erkek dogany bolup, uly doganlary fronta gidip, gelmändir. Galanlary bolsa gaty ýaş wagtlary aradan çykýar. 

...Onuň çaga wagty konserwa gutusyndan gyjak ýasap çalýany ýadymda. Şol konserwa guty, köne kürüşge çöpläp ýörerdi. Soňam olary düňderip, hersine bir urup, saz çalardy. Hudaýa şükür, indi uly sazanda boldy... – diýip Amandurdy aganyň gelnejesi Ogulşirin daýza ýatlaýar.

Amandurdy Agajykowyň ajaýyp mazmunly ömür ýolunyň ähli ädimi saz bilen baglanşykly. Onuň ýaýylyp ýatan ykbal ýolunda gynanjam bar, begenjem bar, şowsuzlygam bar, rowaçlygam, ahmyr -armanam ondan sowa geçmedi. Emma şolaryň bary birigibem, iň soňunda buýsançly ýeňşe jemlenýär: Kompozitor Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly baýragynyň eýesi Amandurdy Agajykow 300-e golaý aýdymyň, ondan gowrak simfoniki eserleriň, şonça-da kinofilmler üçin sazlaryň awtory. Üç balediň, üç operanyň, şonçaragam sazly komediýanyň  sazyny ýazan sungat ussady.

Özüniň hasratly çagalyk ýyllaryny kompozitor şeýle ýatlaýar: - Biz apatly uruş döwrüniň hor-homsy çagalary bolduk. Ejem dünýeden ir ötdi. Kakam ýönekeý işçidi. Şäheriň günbatar çetinde ýaşaýardyk. Garrylara kömek etjek bolup, igli halymyza çem gelen işe ýapyşýardyk... Bir gün Daýhanlar öýünde oglanlara dutar öwredilýärmiş diýip eşitdik. Öz deň-duşlarym Geldi bilen Baýramgeldini yzyma tirkäp, „ak maşynyň“  ýoluna eňdim. Hawa, biz o mahal awtobusa ak maşyn – diýýärdik. Özüniňem ýeke gapysy bolardy. Bu gapynyň bosagasyna ädim atanymyzdan konduktor gygyryp ugrady: - Gaýdyň yzyňyza! Azaşarsyňyz. Eneňiz-ataňyz gözlär... Men köpden bäri aýap ýören apbasymy oňa uzatdym. Onýança maşyn ugrady... Daýhanlar öýüniň üzüm dalbarly howlusyna ýaýdana-ýaýdana girdik. Ümsümlik. Ses-üýn ýok. Birden ak köýnekli, ak sakgally, gaýmaly tahýaly ýaşuly eýwana çykdy. Men öňe saýlandym. Kellesem, aýagam ýalaňaç, buýra saçly, gara jürjeneje oglana epeý ýaşuly eserdeňli paýhas bilen syn etdi.

- Näme gerek, oglum? ...Dogry eşidipsiňiz. Ýöne bu gün dynç güni. Çynyňyz bolsa, ertir geliň!..

Şo gije daň ataryna howlukdym. Ertesi meni ýene-de şol ýaşuly garşy aldy. Şol günden başlabam meniň saz bilen bagrym badaşdy...

Hawa, Aman aganyň ýatlaýan bu wakasy ol heniz 7-8 ýaşlaryndaka bolup geçipdi. Şol wakadan soň ol bu arzyly howla kän gezek gatnap, dutar çalmagy öwrenýär. Sazyň jadylaýjy gudratyna maýyl bolup, onuň inçe syrlaryny öwrenmäge höwesini artdyran ilkinji bagşy-sazandalaryň arasynda oňa Girman bagşy, Magtymguly Garly, Mylly Täçmyradow, Pürli Saryýew we onuň ýegeni gyjakçy Annageldi Jülgäýew ýaly halypalar uly kömek edýärler.

Hawa, edil Beýik watançylyk urşunyň başlanan ýyly filarmoniýada türkmen halk saz gurallarynyň ilkinji orkestri döredilýär. Oňa ýolbaşçylyk eden meşhur ussatlar Grigoriý Markowiç Arakelýan bilen Pürli Saryýew iň zehinli sazandalary şol ýere jemläpdir. G.M.Arakelýan, Mylly aga, Pürli aga dagy ýaly halypalaryň yhlasy bilen filarmoniýada ýörite çagalar üçin dutarçylar ansamblynyň döredilmegine kän wagt geçmän ekeni. Amandurdy Agajykow şol ansambla kabul edilen on ikinji şägirt bolýar. Onuň ilkinji halypasy Şamyrat Gurbannepesow bolýar.

Şeýdip Amandurdy Agajykow sazandalaryň maşgalasyna goşulýar, jadyly saz älemine gadam urýar. Arman, ýaş ýigidiň şatlygy uzaga çekmeýär. Uruş odunyň döreden gahatçylygy sebäpli, çagalaryň ansambly togtadylýar. Emma uly arzuwdan aýra düşen ýigdekçe özüni ýitirmeýär. Aşgabadyň mebel fabrigine işe girýär. Mebel fabriginiň ýaş işçisine bir gün köçede gyjakçy Annageldi Jülgäýew gabat gelip, filarmoniýanyň ýene-de açylanlygyny hem-de oňa garaşýandyklaryny habar berýär. Şeýdip Amandurdy ýene filarmoniýa gaýdyp gelýär. 

Türkmen halk saz gurallarynyň orkestrinde Amandurdy dutar çalsa-da, Sapar Magtymowyň wiolonçelinden gözüni aýryp bilmeýär. Tiz wagtdan bolsa ol wiolonçel çalmagy öwrenýär. Diýarymyzyň Daňatar Öwezow adyndaky ýörite orta sazçylyk mekdebini hem ol wiolonçel boýunça synpy tamamlaýar. Geljekki kompozitor heniz sazçylyk mekdebinde okap ýörkä saz ýazyp başlaýar. 

Ýedi ýaşyndaka dutarda saz çalmagy öwrenen Amandurdy birnäçe ýyl geçenden soň, halk sazlarynyň tilsimlerini gowy özleşdirip, halk saz gurallar orkestrinde saz çalyp başlaýar. Ol bu ýerde türkmen halk instrumental we wokal sazynyň iň gowy nusgalary bilen tanyşýar.

Amandurdy Agajykow 1950-nji ýylda ýurdumyzyň ýörite orta sazçylyk mekdebinde wiolongel ugry boýunça okap ugraýar. Oňa ajaýyp sazanda we mugallym Lew Iwanowiç Griştaýewiň elinde okamak bagty miýesser edýär. Onuň elinde alnan bilim ýaş sazandanyň mundan beýläk-de ösmegine ýardam berýär. Amandurdy Agajykow 1953-nji ýyldan başlap Daňatar Öwezow adyndaky türkmen döwlet sazçylyk mekdebinde okap, saz ugrundan bilimini artdyrmagyny dowam etdirýär. Aşyr Kulyýew, Mariýa Mikulic, Wladimir Baranoswskiý ýaly mugallymlar onuň saz ykbalynda uly orun eýeleýärler. Öz käriniň ussatlary bolan bu halypa mugallymlar eýýäm sazçylyk mekdebinde okap ýörkä, onuň ýiti zehininiň, ylaýta-da kompozitorlyk ukybynyň bardygyny duýup, 16 ýaşly Amany Moskwa okuwa iberýärler.

Amandurdy Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet    konserwatoriýasynda hem görnükli kompozitor, professor Anatoliý Aleksandrowyň elinde tälim alýar. Amandurdy onuň kompozisiýa synpynda okaýar. Moskwa konserwatoriýasy Amandurdy Agajykowa kän zatlary öwredýär. Ol bu ajaýyp bilim ojagynda okap, köp zatlardan baş çykaryp bilýän, hemme taraplaýyn düşünjeli, profesional derejesi ýokary kompozitor bolup ýetişýär. Onuň talyplyk ýyllarynda ýazan «Garagum» atly simfoniki sýuitasy we «Sona» operasy ýaly eserleri ýurdumyzyň saz jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Onuň «Sona» operasy bolsa talyplyk işleriniň çäklerinden has daşary çykyp, Türkmenistanyň saz durmuşynda uly waka bolýar. Amandurdy Agajykowyň şeýle kyn žanrda ilkinjileriň biri bolup saz eserini döredenligi bolsa hasam bellärliklidir, çünki «Sona» türkmen kompozitory tarapyndan özbaşdak  ýazylan ilkinji operadyr.     

Hawa, Amandurdy Agajykow öz geçen manyly durmuş ýolunda ýakymly hem ýalkymly sazlaryň ençemesini döredip, türkmen milli saz sungatynyň dünýä arenasyna çykmagyna uly goşant goşdy. Hoşamaýlylygy, sabyrlylygy, iň esasanam jadyly sazy bilen her bir adamyň ruhuny göterip bilýän Amandurdy aganyň milli äheň bilen nagyşlanan, döwrebap kebşirlenen, taraşlanan, ajaýyp aýdymdyr-sazlary halkyň söýgüsine mynasyp bolýar.

Amandurdy Agajykow konserwatoriýany üstünlikli tamamlandan soň, birnäçe ýyllap türkmen döwlet filarmoniýasynyň halk saz gurallary orkestriniň dirižýory bolup işleýär. Ol bu halk saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirýän aýdym-sazlarynyň köp dürli bolmagy we onuň örüsiniň giňelmegi üçin köp tagallalar edýär. Orkestr üçin aýdymlar ýazýar, halk aýdym-sazlaryny täzeden işleýär. A.Agajykow tarapyndan döredilen «Dabaraly uwertýura» (1965 ý), «Poema» (1967 ý), şeýle hem dört bölümden ybarat «Pioner siýutasy» şol ýyllarda döredilen iň iri eserleriň biri bolýar. 1969-njy ýylda Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň sahnasynda kompozitor A.Agajykowyň «Gowgaly gije » operasy peýda bolýar.  

«Gowgaly gije» operasy taryhy mowzukdan döredilen sahna eseri bolup, onuň sazynyň çeşmesi hökmünde türkmen halk aýdymlary hyzmat edipdi. Aman Agajykowyň «Gowgaly gije» operasy ýörite diplom bilen sylaglandy. Umuman aýdanymyzda, şol opera saz jemgyýetçiliginiň we saz sungatynyň öwrenjileriň ykrar etmesini gazanýar.

1967-nji ýylda A.Agajykowyň Magtymguly adyndaky opera we balet teatrynyň sahnasynda «Çöl mukamy» (librettosy G.Japarowyňky), 1974-nji ýylda bolsa «Pöwrize» (librettosy A.Mämiliýew bilen B.Suhanowyňky) atly iki baleti goýulýar. «Çöl mukamy» diýen bir aktly baletde Garagum derýasynyň teşne çöli janlandyryşy simfoniki saz arkaly özboluşly beýan edilip, bu horeografiki nowella şol ýyllarda türkmen professional sazynda täzelik hasaplanýar. «Pöwrize» baletiniň esasynda bolsa gaýduwsyz ýedi doganyň we olaryň ulusy Pöwrizäniň adalatsyzlyga garşy göreşi beýan edilip, üç aktdan ybarat bolan bu balet owazly ýaňlanýanlygy, tanslarynyň aýdyň ýerine ýetirilişi bilen tapawutlanýar.        

Aman Agajykowyň döredijiliginde simfoniki saz uly orun tutýar. 1972-nji ýylda onuň birinji simfoniýasy ilkinji gezek Türkmenistan kompozitorlarynyň 5-nji gurultaýynyň geçýän günleri ýaňlanýar. Üç bölümden ybarat bolan bu simfoniýa Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň ýadygärligine bagyşlanýar. Simfoniýanyň birinji bölümi mertligiň gimni hökmünde ýaňlanýar. Ikinji bölümi şahyrana häsiýetli bolup, esger ogullarynyň Watana, enelerine bolan söýgüsi teswirlenýär. Simfoniýanyň üçünji bölümi bolsa, gurban bolanlara matam tutulýar, gelejege ynamly garalýar, erkana durmuşyň gadyryny bilmek ündelýär.

Kompozitoryň wiolonçele konsert-poemasy türkmen saz sungatynda orkestr wiolonçel üçin konsertiň ilkinjisidir. Bu eserde türkmen halk heňleri ussatlarça peýdalanylýar. Onuň many-mazmuny milli öwüşginlikde beýan edilýär, wiolonçeliň ýerine ýetirýän saz balet aýdyň ýaňlanýar we tutuş orkestriň özi bilen jaýdar utgaşýar. Orkestr bilen fortepiano üçin konsert-poema bolsa özüniň owazlylygy, joşgunlylygy üçin saz jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn garşylanýar. Garmoniki tapyndylara baý bolan bu eser fortepiananyň ýerine ýetirijilik we tehniki mümkinçiliklerini doly açyp görkezýär.

Wokal we instrumental eserleriniň içinde kompozitoryň «Görkez gaýratyňy, guwansyn Watan»,  «Elegiýa»,  «Illerde»,  «Ýaz güni»,  «Ynanmaz»,  «Bolan ýerlerim»,  «Aýryldym»,  «Sorama», ýaly romanslary şu güne çenli halk arasynda uly höwes bilen diňlenilýär. Şahyr Bäşim Gurbanowyň sözlerine döredilen «Sorama» romansynyň Türkmenistanyň halk artisti Hojaw Anndurdyýew ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Magtymguly Pyragynyň sözlerine ýazylan «Aýryldym» romansy bolsa Türkmenistanyň halk artisti Aýdogdy Gurbanowyň repertuaryndan uzak ýyllaryň dowamynda düşmeýär.   

Kompozitoryň kamera-instrumental saz žanryndaky eserleri-de dürli-dürlüdir. “Jigitler“, “Sazly pursat”, „Tukat aýdym“, “Hüwdi“, “Türkmen tansy“ ýaly instrumental sazlary kompozitoryň bu ugurda ýazan eserleriniň sähelçe bölegidir. Onuň fortepiano, skripka, gyjak, truba, klarnet, baýan, goboý, dutar we arfa üçin niýetlenip ýazan pýesalary ýaş sazandalaryň diýarymyzyň sazçylyk mekdepleriniň okuwçylarynyň repertuarynda mynasyp ornuny tapdy. Halk saz gurallary orkestrleri üçin ýazylan eserler, şeýle hem gaýtadan işlenilen türkmen halk sazlary diňleýjileriň, aýratynam oba adamlarynyň arasynda giňden ykrar edildi. 

Amandurdy Agajykow wokal sazy žanrynda has öndürijilikli işleýär. Kompozitor tarapyndan ýazylan aýdymlaryň, romanslaryň we hor aýdymlarynyň sany ýüzdenem gowrakdyr. Onuň aýdymlary dürli-dürlüdir. Olaryň içinde häzirki döwrüň şahyrlarynyň we nusgawy türkmen şahyrlarynyň goşgularyna düzülen liriki aýdymlar halk tarapyndan söýlüp diňlenilýär. 

Amandurdy Agajykowyň aýdym döredijiligi aýratyn bellenmäge mynasyp. Ol 300-e golaý aýdymlaryň awtorydyr. Meşhur şahyrlar bolan Gara Seýitliýewiň, Ata Atajanowyň, Kerim Gurbannepesowyň we edebiýat meýdanynyň beýleki ussatlarynyň sözlerine döredilen aýdymlar halkyň halaýan aýdymlaryna öwrüldi. Kompozitoryň «Süýji arzuwlar» diýen şirinden-şirin ýaňlanýan owazly aýdymyny sözlerini Gara Seýitliýewiň ýazmagy, bu aýdymy Annaberdi Atdanowyň ýerine ýetirmegi bu aýdymyň il içinde adykmagyna getirýär. Üç ussadyň ylhamyndan gaýnap-joşan bu aýdymy diňledigiňçe diňläsiň gelýär. Amandurdy Agajykow şahyr Gara Seýitliýewiň sözlerine mundan başga-da  „Guwlar gelipdir“, “Hindi gyzy“, “Aýperi“, “Saňa“, “Azat iller oýnaýar“, “Parahatlyk aýdymy“, “Bahar mukamy“, “Läle“,  “Owadan“, „Illerimiz“ ýaly ilhalar aýdymlaryň ençemesini döretdi.  

Kompozitoryň şahyr Ata Atajanowyň sözlerine döreden „Aýly agşam“, “Ýaşlyk walsy“, “Doganlyk aýdymy“, „Toý bolsun ýaly“ aýdymlaryny ýerine ýetirijiler ürç edip aýdýarlar.

Şahyr Kerim Gurbannepesowyň sözlerine  „Gumly gelin“ diýen aýdym uruş zerarly ýaryndan jyda düşen gaýratly gelinlerimiziň ýokary ahlak sypatlaryna bagyşlanýar. Bu aýdymy Goçmyrat Halmyradow ýerine ýetirende, tolgunman, biparh diňlemek asla mümkin däl.    

Aman aganyň beýleki şahyrlaryň sözlerine döreden «Bilbil näme saýraýar», «Gel kenara», «Jeýhun suwy», «Ýaşlyk joşguny», «Watan hakda aýdym» ýaly aýdymlary örän şowly çykyp, halk arasynda uly söýgä mynasyp boldy. 

Aman Agajykow daşary ýurtlaryň birnäçesinde bolup, türkmen sazyny äleme ýaýmakda köp iş bitirdi. 50 ýyl mundan ozal akademik Sary Karanow we opera sahnasynyň guwanjy Annagül Annagulyýewa bilen Hindistana gitmek oňa miýesser bolýar. Madras ştatynda uly meýdança ýygnanan märekäniň öňünde onuň şahyr Anna Kowusowyň sözlerine döreden «Salam Hindistan» diýen aýdymyny Annagül Annagulyýewa aýdyp başlaýar. Türkmen sazynyň äheňinde we hindi kakuwynda ýaňlanýan bu aýdymyň sazyny Aman Agajykow hindi sazandalary bilen çalýar. Uly meýdançany dolduryp duran märeke olary alyp göterýär. Meýdança owazdan dolup, bu aýdym türkmen-hindi halklarynyň dost-doganlygynyň nyşanyna öwrülýär.

1982-nji ýylda ol halypa kompozitor, saz äleminiň ussady Weli Muhadow bilen bilelikde Türkiýede geçirilen saz festiwalyna gatnaşýar. 1984-nji ýylda bolsa Aman Agajykow «Praga bahary» atly saz festiwalyna çagyrylýar, 1989-njy ýylda bolsa türkmen sungatynyň Komboja döwletine giden wekilleriniň çeper ýolbaşçysy bolýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Aman Agajykow ruhy taýdan has-da galkynýar. Ol ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň düzüminde Kuweýt, Katar ýaly döwletlerde bolýar. Ol ata Watanymyza bolan buýsanjyny ýatlap şeýle diýýär: - Gözümiziň guwanjy, başymyzyň täji Garaşsyz Watanymyz Bitarap boldy. Muňa neneň guwanmajak! Meniňem ylhamym joşup, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ö.Nepesowyň sözlerine «Bitarap Türkmenistan» atly odany ýazdym.

Onuň bu odasyna saz ugrundan «çorba sowadan» adamlar ýokary baha berýärler. Bu barada Moskwanyň B.I.Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynyň professorlary, belli kompozitorlar şeýle diýýär: - Oda sazynyň ýönekeýligi we düşnükliligi, aýdym milliligi we dabaralylygy, ýokary professional derejede döredilenligi bilen tapawutlanýar.

Bitaraplygyň bir ýyllygy mynasybetli bellenen baýramçylyk Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Amandurdy Agajykowa goşa şatlyk getirdi. Çünki, şanly senäniň öňüsyrasynda, Bitaraplyk baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilen döwlet konsertinde kompozitoryň «Türkmenistanyň Bitaraplyk odasy - waspnama» uly üstünlik bilen ýerine ýetirilýär.  

Amandurdy Agajykow şol ýyllarda «Gökdepe galasy» diýen simfoniýasyny ýazýar. Şeýle hem ol Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini wasp edip, 70-den gowrak saz eserlerini döretdi. Kompozitoryň A.Ýusubowanyň sözlerine döreden 22 sany aýdymdyr-romanslardan ybarat «Garaşsyzlyk nagmalary» atly ýygyndysy, şahyr G.Bäşiýewiň sözlerine döreden 15 sany aýdym- romanslardan ybarat «Arzuw» atly ýygyndysy halkymyza gowuşdy. «Arzuw» we «Bakydyr olar» atly aýdymlar ýygyndylary Moskwanyň saz neşirýaty tarapyndan taýýarlanyp saz muşdaklaryna ýetirildi.

Amandurdy Agajykowyň simfoniki orkestr hem hor üçin döreden «Türkmenistanyň Bitaraplyk odasy - waspnamasy» atly eseri hem şu mowzukdan ýazylan saz eserleriniň naýbaşylaryna girýär.  

Kompozitoryň özüniň gürrüň bermegine görä, ol bu eserden soň «Ruhy ahwalat» atly gussaly hadysany ýazýar. Bu eser 1948-nji ýylda Aşgabatda bolup geçen aýylganç ýer titremesiniň hatyrasyna döredilendir. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry tarapyndan sahnalaşdyrylan “Saýathan” operasy Amandurdy Agajykowyň sazy esasynda ýazyldy. 

Zehinli kompozitoryň döreden eserleri hernäçe dürli öwüşginli bolsa hem, onuň özboluşly eser döredişi, sungatdaky öz aýratynlygy, millilige ýugrulan öz kämil ýoly bar. Bu bolsa döredijilik äleminde iň möhüm närseleriň biri. Amandurdy Agajykow ömrüniň soňky ýyllarynda Maýa Kulyýewa dyndaky Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynda mugallym bolup işledi. Bu gudratly senediň jadylaýjy nagmalaryny ylhamdan, mähir-muhabbetden doly yhlasy bilen taraşlap, ýaş neslimiziň aňyna guýmakda, olaryň ilhalar sazandalar, döredijilik işgärleri bolup ýetişmeklerinde öz zähmetini, gujur-gaýratyny gaýgyrmady. Ýakymly hem ýalkymly sazlaryň ussady – kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi birnäçe ýaş kompozitorlaryň, sazandalaryň halypasy boldy.  

 

Maýa Atamyradowa.