Dramaturg Muhammetnur Gurbangylyjow

Ol täsin häsiýetli adamlaryň hilindendi. Begenjinem-gynanjynam kän bir ýüze çykaryp durmazdy. Özem gürlemekden diňlemegi gowy görerdi.

Käte özüňe sorag bereniňi duýman galýarsyň. Heý, Muhammetnuruň bir adamyň göwnüne degip, käýişen ýeri boldumyka? Dogrusyny dogry aýtmaly, men-ä gabat gelmedim. Ol käbir adamlar ýaly içiňe-daşyňa geçip barýan alçak adam hem däldi. Saglyk-amanlyk soraşyşam örän keltedi. Çalarak ýylgyryp: “Nähili, saglyklar gowumy, işler bilen nädýäň?” diýer, bolany şol. 

Ozalky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatry Muhammetnur Gurbangylyjowyň dört sany sahna eserini öz sahnasynda goýdy. “Şahyryň ölümi”, “Çalaran başlar”, “Şatlygyň säheri”, “Burawlaýjylar”. Bu sahna eserleriniň üçüsinde keşp döretmek şu setirleriň awtoryna mynasyp edipdi. Ol frontçy şahyr Şaly Kekilowyň bir eline ýarag, bir eline galam alyp, ýagyş ýagýan ýaly okuň astynda döreden goşgulary esasynda “Şahyryň ölümi” diýen pajygaly sahna eserini ýazdy. Maňa şol pajygaly sahna oýnunda sözi köp bolmadyk, hemişe hemişe şahryň ýanynda hereket edýän söweşijiniň keşbini döretmek ynanyldy. Bu sahna eserinde şahryň pajygaly durmuşynyň gaýnap-joşýan pursatlary suratlandyrylýardy.

Ol mümkin boldugyça şahyryň suratlandyran tebigatyny sahna geçirmäge synanyşýar. Dramaturg sahna eserini başlamazdan öň şeýle düşündiriş berýär:

- Belent simfoniýa sazy bilen perde açylýar.  Aňyrsyna göz ýetmeýän tokaý. Güýçli gar ýagýar. Sazyň, topuň, şemalyň sesi bilen garjaşyp reproduktordan şahyryň güňleç sesi eşidilýär.

Ertirmi, agşammy, gündizmi-gije,
Saýgaryp bolmaýar howanyň ýüzün;
Çapgynly ýagyny, iňlewük ýeli
Ýadyňa salýardy harasat ýerin.

Tebigat gam çekýär durmuşy bilen
Ýaryndan aýrylan söýgüli ýar dek.
Agzyndan ot çykýar her ah uranda
Ýowuz gün başyna düşen bir är dek.

Şahyr bilen dramaturgyň sesiniň jebisleşmegi sahna eseriniň şowly çykmagyna getirdi. Muhammetnur Gurbangylyjow ýazan eserlerine nokat goýanyndan soňam aňsat-aňsat boldy etmezdi. Tä sahna eseri spektakl bolup tomaşaçylara ýetýänçä, artistler bilen bile işlärdi. Haçan görseň, tomaşaçylar zalynyň orta gürpünde oturandyr. Kä günler ýagşydan-ýamandan bir söz diýmän çykyp gider. Ertesi görseň, täze bir sahna eserini ýazyp gelendir ýa-da öňki sahnany aýyrmaklygy haýyş edip durandyr. 

Ol ýoldaşlarynyň pikirini diňlemegi juda gowy görerdi. Ýoldaşlarynyň, tomaşaçylaryň köp maslahatlaryny diňläp, “Şahyryň ölümi” atly sahna eserini tutuşlaýyn täzeden işläp, oňa “Gaýda dörän aýdym” diýip at berdi.

Onuň “Şahyryň ölümi” atly sahna eseri urşuň ynsana çekdirýän hupbatlaryny tomaşa ýetiren bolsa, “Çalaran başlar” sahna oýnunda uruş döwründe oba adamlarynyň çekýän jebir-jepalary hakda gürrüň berýär. Şol spektaklda baş gahrymanlarynyň biri Babanyň keşbini döretmeklik maňa ynanyldy. Awtor “Çalaran başlar” dramasynda obanyň men diýen ýigitleri urşa gidensoň,  obanyň ykbalynyň Babanyň elinde galanlygyny ussatlyk bilen suratlandyrýar. 

Şu ýerde bellemeli bir zat, olam bolsa Muhammetnur Gurbangylyjow şol döwürlerde ýörgünli bolan, gelişse-gelişmese, gerekmi ýa gerek dälmi, oňa seretmezden oba işjeňiniň keşbini öz eserine saljak bolup dyrjaşanok. Ol diňe obada galan aýal-gyzlaryň, garry-gurtularyň, oglan-uşaklaryň Baba ýaly haramhor, zenanbaz, arakhor zannyýamanlaryň elinde galandygyny dogruçyllyk bilen beýan edýär. 

Dramaturg  Muhammetnur Gurbangylyjow gahrymanlaryň dil aýratynlygyna köp üns bererdi. Gahrymanlaryň sözleýiş äheňinde onuň haýsy akyla gulluk edýändigini göz öňüne getirmek aňsatdy. 

Muhammetnur Gurbangylyjow 1954-nji ýylda Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky döwlet teatr sungaty institutynyň artistçilik bölümini gutaryp, şol ýyl hem ozalky Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynda artist bolup işe başlaýar. Teatrda işlemekligi geljekki dramaturgyň sahnany gowy bilmekligine uly ýardam edýär. 

Onuň döreden “Güýç”, “Mukaddes söýgi”, “Bozduman”, “Ýetim”, “Pida” ... ýaly sahna eserleri türkmen teatrlarynyň nazaryndan sypmady. Bu sahna eserleriniň aglabasynda ýaşlaryň durmuşyndaky ýiti garşylyklar beýan edilýär. Muhammetnur Gurbangylyjowyň gahrymanlary tomaşaçyny biparh goýanok. Tomaşaçy gülýär, ruhy lezzet alýar. Tomaşaçy gaýgylanýar, geçmişe ahmyr edýär. Tomaşaçy oýlanýar, ertirki günüň aladasyny edýär. Tomaşaçy yşka düşýär, söýgüsine wepaly bolmaga kasam edýär. 

Muhammetnur Gurbangylyjow diňe sahna eserini ýazmak bilen çäklenmän, terjimeçilik işi bilenem gyzyklanýardy. Birnäçe proza eserlerini döretdi. Onuň 1983-nji ýylda “Altyn owlak” ady bilen çykan kitabynda “Altyn owlak” hem-de “Ýol” powestleri ýerleşdirilipdir. 1986-njy ýylda geologlaryň hemde nebitçidir gazçylaryň kyn şertlerde çekýän zähmetini ynandyryjylykly beýan edýän “Salgym göçýär” romany çapdan çykdy. 

Muhammetnur Gurbangylyjow isle sahna eseri, isle powest, isle-de roman ýazsyn, tapawudy ýok, ol ýapyşan işiniň anygyna ýetmän, geljekki döretjek gahrymanlarynyň gylyk-häsiýetini gowy öwrenmän galama ýapyşmazdy. Bir görseň, nebitçileriň arasynda ýüzüni gara ýanyk edip, olar bilen deprenişip ýören bolsa, bir görseň, Şehitliniň, Döwletabadyň gazçylary bilen tabakdaş bolup, howur alýan agaç jaýjagazlarda ýaşap ýörendir. Özünem bir günlük ýa bir hepdelik däl, aýlap olaryň söhbetdeşidir. 

Ol hemişe gözlegdedi, hemişe ýoldady. Onuň bilen soňky sapar Tejende duşuşypdym. Onuň bir ýere hyýallanyp durandygyny görüp – Ýol bolsun – diýdim. Ol şonda çalarak ýylgyryp:

- Ugr-a Döwletabada, gor ýygnamaga – diýip, ýanyna gelip duran ulaga ýöneldi. 

Arman, bu sypaýy, zähmetsöýer, hoşgylaw dostumyzyň ýygnan gorunyň hemmesini bimahal gelen ajal tomaşaçysyna-da, okyjysyna-da ýetirmäge maý bermedi. Ol biziň aramyzdan ir gitdi. Juda ir. 

 

Agamyrat Amanmyradow, Türkmenistanyň at gazanan artisti.