Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Hümmedow

Ol wagtlar Talhatan stansiýasynyň çägi Ýolöten etrabyndan aýratynlykda, özbaşdak Kuýbyşew etrabydy. Her gezek etrap merkezine teatrlar iş saparyna gelende, biz köçelere ýelmenen bildirişleri görüp, uly adamlardan beter begenerdik.

Bu gezegem şeýle boldy. Kakam günortan işden geldi welin, biz onuň daşyna ýygnandyk:

- Kaka, oýun gelipdir etraba. Agşam petek getirersiň gerek?! Kaka hemmämize petek alaýda. Ýaman gowy oýun diýýärler-ow!

Agşamlyk eşiklerimizi geýip taýýar bolup otyrkak, kakamyň sürüjisi petek getirdi-de, ejeme uzatdy. 

- Gelneje, ýaşuly daýhan birleşigine gitmeli boldy. Oýna özleri gidibersinler – diýdi.

Biz oýna kakamsyz gitdik. Oýnuň ady “Iki aganyň hyzmatkäri” eken. Oýun başlamazdan öň sahna çykan adam ol oýny ýazan adamynyň italýan dramaturgy Goldonidigini, onda oýnaýan artistleriň adyny yglan etdi. 

Oýnuň mazmuny şeýledi. Haýsydyr bir myhmanhanada düşlän baý baýarlaryň ikisine-de bir adam hyzmatkär bolýar. Onuň ady Trufaldino. Trufaldino şeýle bir çakgan, alçak, şeýlebir ugurtapyjydy welin, onuň iki aga bir wagtyň özünde hyzmatkär bolmagy ussatlyk bilen başaryp bilşi tomaşaçylary diýseň haýran galdyrýardy. Adamlar bir pursadam onuň sahnadan gitmegini islemeýärdiler. Onuň eli ir-iýmişli mejmäni alyp, sahnada aýdym aýdyp, tans edip, pyrlanyp ýörşüne gözem ilenokdy. Älhepus, onuň dilewar, ugurtapyjydygyny! Ýazyjy hem ýazyberipdir welin, Trufaldinonyň keşbini oýnamak üçinem guýmagursak zehiniň zerurlygy görnüp durdy. Artistiň keşbe girişinde, tomaşaçynyň ünsüni özüne çekip bilşinde, ony ynandyrşynda birjigem ýasamalyk duýulmaýardy.  

Birdenem Trufaldini öň hatarda oturan ýaşuly tomaşaçynyň ýüzüne çiňerildi. Aýtmaly sözüni aýtdy: 

- Be-e-e-e-ý, walla, men indi näme etsemkäm? Jaý salýan ussa bolaýsammykam? Ýogsam birden operasiýa edip bir kesellini öldüräýsem, onuň hossarlaram-a meni öldürmän goýmaz. 

Ýaşuly çyny bilen janykdy:

- Aý, näbileýin, oglum, näme işlejegiňi? Adam öldürseň-ä almytyňy almaly bolarsyň.

Tomaşaçylar ýaşulynyň sözlerine gyzyl-gyran gülüşdiler. Trufaldino bolsa hiç zat bolmadyk ýaly öz keşbini oýnamagyny dowam etdirdi. Ýaşuly diňe şondan soň artistiň ussatlyk jadysyna düşendigine akyl ýetirip, dyzyna şapbatlap, loh-loh güldi. 

Oýun gutarandan soň, artistleriň hemmesi grimleri süpürip, ýüzlerini açyp, sahna çykdylar. Şol günden bärem Trufaldinony oýnan garaýagyz, tekiz hem gür gara saçlary ýüzüne gelşik berip duran owadan gözli artistiň keşbi meniň gözümiň öňünde mydamalyk galdy. Şol gün agşam kakam daýhan birleşikden giç geldi, Ejem onuň öňünde çaý goýup, oýnuň mazmunyny, ylaýta-da Trufaldinonyň keşbini oýnan artistiň ussatlygy barada hezil edip gürrüň berýärdi. Şonda kakam: “Hä, ol Akmyrat Hümmetdir. Aý, ol gaty zor artistdir”  diýipdi. 

Ine, şondan soň men onuň Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artisti Akmyrat Hümmedowdygyny bilip galdym. Kakamyň şonuň ýaly artisti tanaýandygyna buýsanypdym, begenipdim, guwanypdym.

Ondan bäri nijeme ýyllar geçdi. Şol ýyllaryň dowamynda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahnada goýan eserleriniň onlarçasyna tomaşa edildi. Ýöne, şolardanam guýma-gursak artist Akmyrat Hümmede keşp berilmedigi az-az bolsa gerek. Sebäbi bu teatryň sahnasynda oýun goýup gören režissýorlaryň hemmesi Akmyrat Hümmet ýaly artist bilen işleşmegiň ýöne bir ýeňilem däl, hatda lezzetlidiginem aýdýardylar. Çary Myradow, Aman Kömekow, Abdylla Ýakubow, Akynazar Hommyew, Gurban Hotjyýew dagy ynanylan keşbi nähili oýnamalydygyna Akmyrat Hümmede öwretmekden ötri, onuň özündenem köp tejribe gördüler. 

- Akmyrat Hümmede islendik eseri okamaga bereniňden, ol eýýäm onda öz keşbini tapaýýar. Onsoň, oňa diňe şol keşbi oýnaýmak galýardy – diýip, Akynazar Hommyýew öz halypasy barada guwanç bilen gürrüň berýär. 

Akmyrat Hümmediň dürli ýyllarda sahnada döreden keşpleri diňe onuň özüne däl, dramaturga-da, režissýora-da, teatra-da abraý getirdi. G.Muhtarow bilen G.Seýitliýewiň “Kümüş gapyrjagynda” mekdep direktory Myllyk, “Şadyýan myhmandaky” Hangeldi sürüji, italýan dramaturgy K.Goldoniniň “Iki aganyň hyzmatkärindäki” Trufaldino, ýene-de G.Muhtarowyň “Bagbanyň gyzyndaky” Sary traktorçy – bularyň hemmesini oýnan Akmyrat Hümmedow bolsada, tomaşaçylarda dürli ýaşdaky, dürli kärdäki, dürli häsiýetli adamlar bolup ýakymly täsir galdyrypdylar. Bu artistiň ussatlygy eserden esere kämilleşip, goýalyp, süýjäp gidip otyrdy. 

Ynha-da, sahnada Abdylla Ýakubowyň sahnalaşdyran “Derdeseriniň” baş gahrymany Hezret Hekimowiçi. Ol öý eşiginde, içiniň ýangynyna öýüniň içinde iki ýana zowzuldap ýör. Onuň “Wolga” kysymly ulagyny ogurlapdyrlar. Polisiýa habar etse-hä ulagyny galplyk bilen edinendiginiň üsti açyljak. Alaç tapman iki ýana zowzuldaýar. “Wolganyň” ogurlanmagyny goňşysy Nunnadanam görmän duranok. Ýöne eli bilen tutmansoň, oňa “sen ogurlapsyň” diýibem bilenok. Şeýle-de bolsa, Nunna gygyny pürkmän durup bilmeýär. Ol telefon trubkasyna ýapyşýar, Nunnanyň iş ýerine – dellekhana til kakýar. 

- Nunna-a-a-a, otyrmyň-ow! He-e-e-e taryh okaýaňmy? Okaber, 

Okaber. Heşelle kak, Nunna! (şu ýerde  Hezrediň damagy dolýar, sesi sandyraýar). Meň-ä ulagymy ogurlap gidipdirler. Indi päkiň ýitelip, bal günüňe batarsyň-da! Haý ýüzüňe mama çyksyn, seniň” diýip ol trubkany ýerinde goýýar.  Ine, şonda welin oňa dogrudan hem, tomaşaçynyň ýüregi awaýar. Emma Akmyrat Hümmedow Hezretiň gylyk-häsiýetlerindäki ýaranjaňlygyny, kezzaplygyny, ikiýüzlüligini şeýle bir ussatlyk bilen tomaşaça ýetirýär welin, ýaňky ejizläp duran adama ýüregiňde ýigrenç döräberýär. Onsoň sen ol keşbi Akmyrat Hümmediň oýnaýandygyny-da unudýarsyň. Hakykatdanam ulagyny ogurladyp, içinden urduran Hezret Hekimowiçiň özüdigine ynanýarsyň. Sahnada tomaşa edýän keşbiňe onuň gaýgysyna, begenjine ynandyrýan güýje bolsa artistiň zehini diýilýär. Hawa, şeýle zehin biziň söýgüli artistimiz Akmyrat Hümmedowda bardy. 

A.Hümmedowy ussat eden keşpleriň birem dramaturg hem ussat halypa artistimiz bolan Bazar Amanowyň “Kemine” spektaklyndaky Keminäniň keşbi boldy. Artist türkmeniň söýgüli şahyry Keminäni sahnada janlandyrmak üçin bu esere diş-dyrnagy bilen ýapyşdy. 

Kimkä ol Kemine? Öz aýdyşy ýaly, hiç bir ýerde sana geçmedik, nyrhy soralmadyk pukaramyka? Ýa-da şonuň ýaly garyp-gasaryň gününe aglan merhemetli bir danamyka? Bu soraglaryň jogabyny diňe şahyryň goşgularyndan gözlemelidi. Artist şahyryň bütin döredijiligini öwrendi, her bende, her setire, her söze gaýta-gaýta dolandy, manysyna diňşirgendi.  Şeýdibem ol Keminäni sahna çykardy, şeýdibem ol Marynyň Keminesi diýen ada mynasyp boldy. 

Kyrk ýyldan gowrak döredijilik ýüki bolan döwründe Türkmenistanyň halk artisti Akmyrat Hümmedow türkmen sahnasynda ýüzden gowrak keşpleri döretdi. Guwanmaly ýeri, onuň oýnan keşpleriniň hiç birem tomaşaçynyň ýadyndan çykmaýar. Biri-birine meňzemeýän, biri-birini gaýtalamaýan, dürli häsiýetli, dürli kärdäki keşpleriň ýüzdenem gowragy birleşibem Akmyrat Hümmediň ussatlygynyň ýüzüni açyp görkezýär.

Akmyrat Hümmedowyň sungat älemine gelşi barada gürrüň edilende, türkmeniň sahna sungatynyň atlary tutulýar. Ýöne asylly guýmagursak zehini, egilmeýän ylhamy, ýürekden syzylyp gelýän yhlasy bolmadyk bolsa, oňa Akmyrat Hümmet bolmaga hiç kimiň kömegi peýda edip bilmezdi. Ine, şuňa göz ýetiribem, hökümetimiz Akmyrat Hümmedowa “Türkmenistanyň halk artisti” diýen hormatly ady dakdy. Bu uly hormat depesini gök diredipdi, ylhamyna-ylham, zehinine-zehin, güýjüne-güýç goşupdy. 

Trufaldino diýseňem, Hezret Hekimowiç diýseňem, Godalak baý ýa-da Kemine diýseňem adamlar: “Hä, ol Akmyrat akgadyr-la” diýýärdiler. Ýöne Akmyrat akgada başga-da hünär kän ekeni. Onuň dutar oýnadyşyna-da, aýdym aýdyşyna-da telpek goýaýmalydy. “Ýelpeselendi”, “Maşalak ýar”, “Leýli gelin”, “Pyýala” ýaly aýdymlar onuň dost-ýarlarynyň oturylyşyklaryny bezeýärdi. Dost-ýarlary-şägirtleri Gurban Hydyrow, Bäşim Mollaýew, Muhammet Nazzyýew, Baýmyrat Ataýew, Orazjemal Hotjyýewa, Tirkişmyrat Rüstemow, Gözel Gurbanowa dagy hem mydama onuň daşynda aýlanyşyp durdylar. 

Bir gezek Akmyrat akgany Maryda halk şahyry Ata Salyhyň şygryýet agşamyndan soň bolan ýygnanyşygyň beýemçisi etdiler. Ine, şonda welin bu mähriban adamyň hakyky ýüzüni görmek maňa ilkinji gezek miýesser edipdi. Ol oturyşlygy alyp baranda, mylaýym keşbi, süýji dilliligi, päk ýürekliligi bilen köpçüligiň ünsüni özüne çekmegem başarýardy. Adamlaryň göwnüni awlamagyň ussadydy. Bu bolsa artistiň adamkärçiliginiň beýikligidi. 

 

Sona ÝAZOWA, Türkmenistanyň halk ýazyjysy.