Baýrammyrat Kerimowyň ýatlamalaryndan

— Ynsan durmuş ýolunda özüne edilen kiçijik ýagşylyklary hem unutmaýar. Oňa özi hem ýagşylyk bilen jogap bermegiň arzuwynda bolýar. Eger kimdir biri seniň ykbalyňy özgertjek, ýoluňa ýagty saçjak gapyny açyp, kämillige tarap iterse welin, ömürboýy şol adamy ýagşylykda ýatlaýarsyň. Hawa, meniň hem ýeňil bolmadyk artistlik kärimde uly üstünliklere ýetmegimde Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Çerkezowyň goldawy uly boldy. Meniň bilen pikir alşan, sahnadaky çykyşlaryma tomaşa eden halypalar hökman maňa «Sizi Mu- hammet Çerkezow, Oraz Hajymyradow okatdymy?» diýip soraýarlar. Bu bolsa, halypalaryň kämil ýolunyň elmydama dowam edýänligine şaýatlyk edýär. Ol maňa «Sen döreden keşbiňe ilki bilen özüň ynan. Diňe şonda halk seni hormatlar. Köňlüňde beslän arzuwyň hasyl bolar» diýip maslahat bererdi. Halypam Muhammet Çerkezowy ýatlanymda onuň şeýle ussat, kämil artistligine şaýatlyk eden bir wakany aýdyp beresim gelýär.

Bir gezek Muhammet aga ikimiz Tejene sapara gitdik. Saparda gezip ýörkäk segsen ýaşlaryndaky bir garryja daýza gelip, Muhammet aga ýüzlenip, «Hakyky Eziz han, salamälik!» diýdi. Biz ondan näme üçin şeýle diýenini soranymyzda ol: «Men Eziz hanyň özüni hem gördüm. Ýöne sen şeýle häsiýeti bilen halkyň aňyna siňen, hakyky Eziz han bolduň» diýip jogap berdi. Şonda Muhammet aga özüne aýdylan öwgüli sözlere birjigem eselmedi. Ol diňe kiçigöwünlilik bilen çalaja ýylgyryp oňdy. Hawa, meşhur halypalaryň kämil döredijilik ýoly biz üçin elmydama nusgalyk mekdepligine galýar.