Teatr artistleri çagalaryň arasynda

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň çagalar sagaldyş dynç alyş merkezlerinde, orta mekdepleriň ýanynda dynç alyş meýdançalarynda mekdep okuwçylarynyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynyň tomusky dynç alyş möwsümi şatlykly dowam edýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi döwründe olara medeni hyzmatlary guramak, döredijilik duşuşyklaryny geçirmek boýunça Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde degişli ministrlikler bilen bilelikde medeni-köpçülikleýin çäreleriniň meýilnamasy taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň döredijilik topary Gökderedäki “Nesil”, “Altyn sümmül”, “Demirýolçy” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde bolup, çagalara sahna oýunlaryny, aýdym-sazly degişmeli tomaşalary hödürlediler. 

Teatr artistleriniň taýýarlan sahna tomaşalary tomusky dynç alşyny gyzykly hem manyly geçirýän çagalaryň göwnüni göterdi. Çagalar teatr artistleriniň çykyşlarynyň barşynda olar bilen özlerini gyzyklandyrýan döredijilik söhbetdeşlikleri guradylar. Teatr artistleriniň taýýarlan gyzykly çykyşlary ýaş nesliň ata Watanymyza wepaly, geljekde döwrebap bilimli-terbiýeli, sagdyn, ruhubelent ýaşlar bolup ýetişjekdiklerine ynamy berkidýär.