Türkmenistanyň halk artisti Halmämmet Kakabaýew

Türkmen döwlet medeniýet institutynda kinorežissýor hünärinde bilim ýoluna düşdüm. Bize Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, kinorežissýor, edebi esas ýazyjy Halmämmet Kakabaýewi çeper ýolbaşçy edip bellediler. Onuň döreden «Ogul», «Ynha, kakam gaýdyp geler», «Laçynyň ogurlanyşy», «Toba», «Takdyr», «Tapagan» filmleri çagalykdan gowy görüp, tomaşa eden filmlerimdi. Ýöne halypanyň filmleriniň döreýiş taryhy bilen bagly beren gürrüňlerini diňläp, täze garaýyşlar, ýagny kinorežissýoryň gözi bilen seredip ugradyk. Şonda halypa Moskwanyň ýokary kinematografiýa institutyny tamamlap gelip, türkmen nebitçilerine bagyşlap döreden «Altynyň öwüşgini» filmini ýatlady. Onda Ata Döwletow bilen ilkinji surata düşüriş pursatlary barada gürrüň berdi. Ata aga onuň öňünde goýan maksadyna düşünmän, ençeme metr kinoplýon- kanyň zaýalanmagyna sebäp bolupdyr. Halypa: «Aktýory saýlap alanymda ýalňyşaýdymmykam?! ýok, men bu adamdan gerekli netijäni hökman alaryn» diýip, maksada okgunly hereket edipdir. Ata aganyň kinoda ilkinji gezek keşp janlandyryşy ekeni. Ýaş Halmämmet Ata aganyň ýanynda oturmanka, operatora kinokameranyň düwmesine basmagy tabşyrýar. Soňra ol Ata aga:

— Ata aga, aýdaly, durmuşda bagyşlap bolmajak hata işi etdim-dä. Şonuň ýaly ýagdaýda men seniň ogluň bolan bolsam näderdiň?! - diýip ýüzlenýär. Şonda Ata aga gahardan ýaňa ýaňky aýdylanlara edebi esa- syň içindäki tekst bilen däl-de, tüýs türkmen gojasyna mahsus bolan äheňde, bir demde aýtjak zatlaryny agraslyk bilen aýdyp goýberýär. Hal- mämmet garaşýan netijesinden hem hakyky bolanlygyna begenip: «Sakla, boldy, surata düşürildi» diýip, Ata agany gujaklaýar.

«Ogul» kinofilminde Batyryň keşbini döreden oglanjygy (Sahysalyh Baýramowy) Halmämmet aga Türkmenistanyň dört künjünden gözläp tapýar. Dutar çalyp bilýän oglanjyklaryň ýüzlerçesi synagdan geçirilýär. Biri sazy gowy çalsa, aktýorlyk ukyby ýok. Biriniň keşp döretmäge ukyby bolsa, dutar çalyp bilmeýär. Bilşimiz ýaly, «Ogul» filmi Müsürde geçirilen bütindünýä kinofestiwala gatnaşyp, Gran-pri baýragyna eýe bolýar. Sahysalyhyň Halmämmet halypadan alan bilimdir tejribeleri onuň kinorežissýor hökmünde birnäçe filmleri döretmegine ýardam etdi.

H.Kakabaýewiň kino režissurasy hünäri boýunça halypasy, Russiýanyň, hatda dünýäniň belli kinorežissýory, «Mimino» ýaly filmleri goýan Georgiý Daneliýa. Ýaş režissýor Halmämmet diplom işini surata düşürmek üçin ata Watanyna gelýär. Uruş ýyllary hat gatnadyjy bolup işlän çagalyk döwrüni edil şol döwri görşi, bolşy ýaly edip, «Taýharlyja oglanjyk» atly filmi surata düşürýär. Institutyň çeperçilik geňeşi ýaş türkmen zehininiň başarnygyna uly baha berýär. Diplom işinde bu sepgide ýetmek gaty uly derejedi. Halmämmet bu habary eşidip, begenjini paýlaşmak üçin, halypasy Georgiý Daneliýanyň ýanyna baryp, ony begendirjek bolup söze başlaýar. Halypasy onuň begenjine pitiwa etmeýän ýaly:

— Bilýän, habarym bar, ýör, öýe gideli - diýip, şägirdini yzyna tirkäp ýola düşýär. Gruzin milletinde şunuň ýaly şatlykly günde gaýnatma çorba taýýarlanylyp, oňurganyň iň süýji ýeri iş bitiren maşgala agzasynyň öňünde goýulýar eken. Nahar çekilip başlananda,

Georgiý halypa:

— Eje, omaçany, ynha, şu ýigide getir — diýýär. Gartaşan daýza:

— Hä, Georgiý jan, baha pes boldumy? — diýende, halypa:

— Hawa, maňa ikinji dereje, ynha, bujagaza bolsa ýokary dereje ber- diler. Şonuň üçinem omaçany ýeňiji iýmeli — diýýär.

Biz okuwa başlan wagtymyz halypa «Türkmenfilm» birleşiginde «Pygamber patasy» atly çeper filmiň sepleýiş döwrüni tamamlap, saz we ses ýazgy işlerine girişipdi. Kompýuter näsazlyk tapýar. Onuň içinde Halmämmet halypanyň birnäçe ýylyň dowamynda aňynda göterip gelen pikirleridir hyýallary bardy. Surata düşürilen görnüşleri ýekeme-ýeke saýlanylyp, seplenilip goýlupdy. Filmiň jemlenip barýan pursady hemme zat zym-zyýat boldy duruberdi. Ol biz bilenem, sapak bilenem däldi. Ol janyna jaý tapanokdy. Şeýlelikde, ol biziň bilen okuwy dowam edip bilmedi. Bolsa iki aý sapak berendir. Ara ençeme ýyllar düşdi. Soňra halypa: «Indi meniň film düşürmäge gurbatym galmady, bilýänlerimi ýaş hünärmenlere geçireýin» diýip, ýene-de instituta halypalyk etmäge geldi.

Biz okuwy tamamladyk. Halypa mugallym Baýram Abdyllaýew meni öz kömekçisi edip işe alyp galdy. Halypanyň okuw otagy Halmämmet aganyň okuw otagyna ýakyndy. Ine, şeýdip ykbal bizi ýene-de duşurdy. Baýram aga bilen Halmämmet halypanyň ýaşlary-da deň, özlerem bir çeşmäniň suwuny içenlerdi. Olar Kaka etrabynyň Mehinli we Gowşut obalarynda önüp-ösensoňlar, birek-birek bilen kärdeş däl-de, dogan ýaly gatnaşardylar.

Talyplyk döwrümizde kynçylyk çeksek, Halmämmet halypa dogry ýoly salgy berip, ruhy goldaw bererdi. Ol bizi öz ogullary, agtyklary ýaly kabul edipdi. Onuň okap çykan kitaplary tutuş bir kitaphanany ýatladýar. «Kinorežissýor» ady bilen ýazan okuw gollanmalary «Baýram ýaşuly! Göwün küýsesiň bolan kino sungatyna köp ýyllar hyzmat et. Galamyň ak kagyzyň ýüzünden aýrylmasyn. Halmämmet Kakabaý, sentýabr. 2012 ý.» diýen ýazgy bilen Baýram Abdyllaýewe uly buýsanç bilen gowşurypdy. Baýram aga ol kitaby maňa ýadygärlik goýup gitdi. Şol kitap bu gün maňa kino sungatynda ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär.

Halmämmet aga öz awtoulagy bilen bizi Köpetdagyň etegine alyp giderdi. Telekinooperatorlaryň halypalary Bally Orazow bilen Gurban Ýazhanow dagy hem öz talyplaryna ýolbaşçylyk edip, ýanymyz bilen giderdiler. Kinoda tebigatyň surata düşüriljek ýerlerini saýlap-seçip almagyň tärlerini, Günüň ýagtylygy, kölege, yşyklandyrma ýaly inçe til- simleri okuw otagynda däl-de, hut tebigata çykyp, jikme-jik öwreder- diler. Elimize kinokamerany berip: «Hany, baryň, bir zatlary surata dü- şürip geliň!» diýip, özbaşdak işläp görmäge mümkinçilik dörederdiler. Soňra okuw otagyna gelip, surata düşüren şekillerimiziň şowly hem şowsuz taraplaryny ýekeme-ýeke düşündirerdiler.

Halypanyň häsiýeti hem-ä agyr, hemem çaga ýaly sada, şähdaçyk. Agramly wagty ulus-iliň ak sakgally gojasyna çalym edýär. Şol wagt onuň ýanynda bir agyz dil ýarjak gümanyň ýokdur, emma çagalar bilen iş salşanda welin, gapdalyndan syn edip, gözleriň görýänine ynanmaýar- syň. Bäş ýaşlyja çaga bilen çaga ýaly emedekläp, ýörendir. Şonuň üçin «Ogul», «Ýeňiýoluk», «Ynha, kakam gaýdyp geler», «Taýharlyja oglanjyk» filmleri dünýäniň abraýly kinofestiwallarynda abraýly orunlara eýe bolup, türkmen kino sungatyny dünýä äşgär etdi.

H.Kakabaýew «Laçyn» filminde behişdi bedewlerimiziň ynsan ki- min häsiýetlerini açyp görkezýär. Kino sungatynda çagalar hem-de haýwanlar işleşmek iň kyny hasaplanýar. Halypanyň filmleri şu kynçylyklary öz içine alýar. Filmde Kerim Annanowyň gahrymany at- dan ýykylyp, ýere togalanyp gidýär. Onuň dosty Laçynyň eýesine we- padarlygy — Kerimiň ýanyna baryp, alada bilen ýüzüni ýalap, özüne ge- tirjek bolýan görnüşdir. Halmämmet aganyň esasy aladasy bedewiň şol pursatda etmeli hereketleridi. Düşbi bedew, ýagdaýa görä, wakany özi bolmalysy ýaly amala aşyrýar. Halypa bu bolan waka haýran galyp, kinooperatora dyngysyz surata düşürmegi tabşyrýar. Nyşanada onluga uran režissýor gözlerine ýaş aýlap, bedewiň boýnundan gujaklap, birnäçe wagtlap sözsüz sözleşip, özüniň hoşallygyny bildirýär.

Oba oglanjygynyň (Halmämmediň) çagalyk döwri uruş ýyllaryna gabat gelýär. Gözüni açyp göreni açlyk, horluk hem-de täzelikleri ha- bar berýän gazetler. Şol gazetleri öýme-öý paýlaşdyryp, gününi ýaşyr- ýar. Ýöne okuw kitaplarydyr depderleriniň ählijesiniň birinji sahypasynda «Men kinorežissýor bolaryn» diýen ýazgylary bar. Indi ýetmiş ýaşly halypa seredenimde: «Şol ýazgylar kitabyna däl-de, maňlaýyna ýazylan eken!» diýýärin.

2015-nji ýylda halypa bilen bilelikde kino režissurasy hünäri boýunça bilim alýan talyplara sapak bermek miýesser etdi. Men halypanyň kömekçisi bolup, ondan kino sungatynyň entek özüme aýan bolmadyk syrlaryny açdym. Talyplaryň ýyllyk işlerine girişip, öň bilýän zatlarymyň üstüni ýetirdim. Täze edebi esasy işläp, aktýorlary saýlap aldyk hemem bilelikde surata düşürdik. Soňra bile oturyp, sepleýiş, timarlaýyş işlerini ýerine ýetirdik. Ses we saz ýazgylaryny amala aşyryp, gysga göwrümli filmleri taýýarladyk. Okuw otagy başga, surata alyş meýdança gatnaşmak başga. Eliňden tutup: «Ine, şeýle edilýär» diýip görkezmese-de, hemme zady synlap alybermeli. Ol häzirki wagtda Türkmen döwlet medeniýet institutynda talyplara bilim berýär. Halypa berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edýäris.

 

Ýagmyr TÜRŞEKOW.