Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew

Веrkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde milli sungatymyzy kämillik derejesine çykarmakda uly işler amala aşyrylýar. Esasan hem, milli aýdym-saz sungatymyz özüniň ösüşli menzillerini külterleýär. Aýdym-sazyň ynsanda ruhubelentlik, maksada okgunlylyk, gözellige ymtylmak ýaly ajaýyp häsiýetleri döretmekde bahasyna ýetip bolmajak gymmaty bar. Biz hem aýdym-saz sungatynda özboluşly döredijilik ýoluny tapyp, diňe bir nusgawy aýdymlary aýtmakda däl, eýsem opera sungatynda hem ussatlyga ýetmegi başaran Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew bilen döredijilik söhbetdeşligimizi size ýetirmegi makul bildik.

— Atajan, söhbedimizi sungat älemine gelşiňizden başlaýsak.

— Meniň aýdym-saz bilen imrinmegim çagalyk ýyllarymdan başlandy. Mekdep ýyllarymda çeper höwesjeňler bilen yzygiderli çykyş etmegim, şol ýyllarda aýdym aýtmaga bolan uly höwesim soňlugy bilen Lebabyň ýörite sazçylyk mekdebinde bilim almaga getirdi. Hakyky kämillik ýolum bolsa, Türkmen milli konserwatoriýasynda ussat halypalardan yzygiderli sapak almagym bilen başlanypdy. Ol ýerde halypam hökmünde Türkmenistanyň halk artisti Gurt Nazarowyň hyzmatyny aýratyn bellemelidirin. Häzir-häzirlerem onuň bilen aýdym-sazyň inçe syrlary hakynda ýygy-ýygydan pikir alyşýaryn.

Beýleki ugurlarda bolşy ýaly, aýdymçy haçanda öwredýärkä öwrenýär hem zehinini taplaýar. Men bu hakykata Türkmen milli konserwatoriýamyzda talyplara sapak geçýän pursatlarym dörän täze pi- kirleriň, duýgularyň mysalynda anyk göz ýetirdim. Aýdymçy bu ugurdan ýeterlik sowady bolan halaty kämilligiň çür başyna ýetip biler. Sebäbi aýdymda kähalatlar göze ilmeýän inçejik heň oýnatmalary ýygy-ýygydan gabat gelýär. Munuň üçin sazy duýup hem ýerine ýetirip bilmek ukybyň juda ösen bolmaly.

Ýene-de bir bellemeli zat, diňe eliňden tutup öwreden halypaňdan alan sapagyň bilen çäklenmek bärden gaýtmakdyr. Özüňe, sesiňe ýakyn halypalary gaýybana diňläp, olardan aýdym-sazyň ýerine ýetirilişini duýgurlyk bilen öwrenmeli. Bir aýdymy aýtmak üçin birnäçe gezek diň- lemeli. Şeýle häsiýetler maňa sungatda öz ornumy tapmaga kömek etdi.

— Siz soňky ýyllarda yzly-yzyna sahnalaşdyrylýan opera eserlerinde keşp janlandyryp gelýärsiňiz. Aýdym aýtmak bilen sahnada keşp döretmek başga-başga zatlar. Operanyň başdan aýaga aýdym-saz bilen dowam edýändigine garamazdan, onda keşp döretmek üçin artistlik häsiýetleriň hem bolmagy hökmanmyka diýýäris.

— Opera sungatyny dünýäde aýdym-sazyň iň belent, kämil derejesi hasaplaýarlar. Sebäbi opera aýdymçy saýlaýan sungat. Aslynda onda ilkinji ýerde durýan zat — tebigy sesiň bolmagy. Sesleriň hem döredýän keşbiňe görä gabat gelmegi hökmany hasaplanýar. Mysal üçin, tenor sesli bagşylar, köplenç, aşyk gahrymanyň keşbini döredýärler. Sebäbi ol sesde iň bir näzik duýgulary berip bilmek mümkinçiligi juda ýokary bolýar. Bariton sesli aýdymçylar köplenç, harby serkerdeleriň keşbini janlandyrýarlar. Mundan başga-da opera üçin daşky keşbiň hem häsiýete görä ýerine düşmegi hökmandyr. Hawa, aýdym aýtmak bilen sahnada keşp döretmegiň arasynda juda uly tapawut bar. Muňa seretmezden, özüm-ä elmydama halypalardan öwrenen bir häsiýetimi sahnada ulanýaryn. Ol öz döredýän keşbiňe ýürekden ynanmak endigi. Her gezek opera goýlanda diňe wakany hem ariýalary öwrenmek bilen çäklenmeýärin. Eserdäki wakalaryň taryhy çeşmeleri bilen hem giňden gyzyklanyp, gahrymanyň hakyky durmuşda bolup biläýjek häsiýetini öwrenýärin. Onuň ykbalyny öz ykbalyma «öwrüp», ariýalary gaýtalap gezýärin. Diňe şondan soň maňa ynanylan keşbimi göwnejaý ýerine ýetirmek başardýar. Keşbiňe ilki bilen özüňiň ynanmalydygyň, şondan soň tomaşaçyny wakalaryň jümmüşine alyp gitmegiň mümkindigini halypalardan köp eşidipdim.

— Siz ýaňy operada gahrymanlaryň döredýän keşbine görä sesiniň bolmagynyň hökmanydygyny aýtdyňyz. Eýsem, kompozitorlar eseriň librettosyny ýazanda hem bu şertlerden ugur alýarlarmy?

— Elbetde, bu ýagdaý operada ýerine ýetirilýän keşpleriň bütewiligini gazanmak üçin hökmany ýagdaý hasaplanýar. Ussat kompozitor, 2014- nji ýylda sahnalaşdyrylan «Ýusup — Züleýha» operasynyň librettosyny ýazanda, baş gahrymanyň keşbinde meni göz öňüne getirýän ekeni. Hut şonuň üçin hem libretto maňa juda ýakyn boldy. Şol sebäpden, meniň sahnada erkin çykyş etmäge mümkinçiligim ýokary boldy. Sahnada çykyş edýärkäň, diňe saz seni uly ruhy joşguna ataryp bilýär. Duý- gularyň saza görä peýda bolýar. Saz seni sahnada çyndan şatlanmaga, gaýgylanmaga, söýmäge mejbur edýär.

— Siziň ýerine ýetirýän estrada aýdymlaryňyzy hem ildeşlerimiz söýgi bilen diňleýärler.

— Şu ýerde bir zady belläsim gelýär. Aýdym-sazdan ýeterlik sowady bolan aýdymçynyň ýerine ýetirýän aýdymy aýratyn söýgi bilen kabul edilýändir. Sebäbi olar aýdymda dogry dem almagyň, sesiňi sazlamagyň iň inçejik ýollaryny hem halypalaryň tejribeli döredijilik ýollary arkaly ykjam ele alýarlar.

— Siz diňe bir türkmen dilinde däl, daşary ýurt dillerinde hem aýdymlary ussatlarça ýerine ýetirýärsiňiz.

— Akyldarlaryň biriniň aýtmagyna görä, aýdym haýsy dilde ýaňlanýandygyna seretmezden, diňleýjiniň ýüregine tarap duýguly sapaklardan inçejik ýodalary arçaýar. Şol sebäpden-de, esasan hem, özüňe düýbünden nätanyş bolan dilde aýdym aýtmaklygyň kynrak bolýandygyna garamazdan, notalara salnan sözleriň äheňi öz aýdylyş ugruny özi tapýar. Ýaňy- ýakynda biz döredijilik toparymyz bilen Belgiýanyň Brýussel şäherinde bolduk. Ol ýerde ilki türkmen halk aýdymlary, soň Nury Halmämmedowyň romanslary ýaňlandy. Soň iňlis, italýan dillerinde aýdym aýtdyk. Tomaşaçylar aýdymlarymyzy diýseň uly şatlyk bilen kabul etdiler. Olaryň türkmen aýdym-saz sungatynyň ajaýyplygy hakyndaky aýdýan ýakymly sözleri depämizi göge ýetirdi.

— Sahnada ýatdan çykmajak pursatlar hem az bolýan däldir...

— Bu barada men bir zady belläp bilerin. Sungat adamy üçin aýdymyny ýa döredýän keşbini üstünlikli ýerine ýetiren her bir pursady bagtlydyr. Men hem özüme ynanylan keşbi bökdençsiz ýerine ýetiren, aýdymlarymyň gyzgyn garşylanan her bir günümi durmuşymdaky iň şatlykly gün hasaplaýaryn.

— Atajan, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sag boluň. Size geljekde-de bu ugurda uly üstünlikleriň ýar bolmagyny, sesiňiziň belentden belent ýaňlanmagyny arzuw edýäris!

 

Söhbetdeşligi taýýarlan Ýazbibi RASULOWA