Kompozitor Daňatar Hydyrow

Gaýada bäş günläp oturan çepiksi, argyn bir goja äpet  bürgüdiň aýaklaryna  ýapyşyp, onuň bilen uçup gidýär. (bu zatlar elbetde onuň aňynda bolup geçýär).

Ine, goja uçut gaýalary, aňňat-aňňat gum depelerini aşyp, ahyryn obasynda gonýar. Ol ýerde täsin bir meýlis guralypdyr. Bagşy dutaryna kakyp, aýdyma gygyrýar... Ýöne oturan märekäniň täsin bir syry bar...

«Gadymy daglaryň rowaýaty» atly filmdäki şeýle ýatdan çykmajak wakalar juda tolgundyryjy sazyň astynda bolup geçýär. Saz filmde söz bilen ýetirip bolmaýan duýgulary üpjün edýär. Milli äheňlere ýugrulan gahrymanlaryna duýgudaşlyk döredýär.

Şol täsin sazy ýazan hem Daňatar Hydyrow. Kompozitoryň ýüzlenýän mowzuklary, žanrlary köpdürli. Onuň Birinji simfoniýasy, alt hem orkestr üçin ýazan konserti, kantatalary, dutar, wiolonçel, fleýta, pionino, kirişli saz gurallary üçin ýazan uly-kiçi eserleriniň hersi özüniň özboluşlylygy bilen haýran galdyrýar. Ýöne şol bir wagtyň özünde olaryň ählisini baglanyşdyrýan zadam bar, ol hem millilik.

Daňatar Hydyrowyň sazlarynda türkmen sähralarynda öwsüp, elwan gülleriň başlaryny sypaýan şemallaryň owazy, çeşmedir çaýlaryň akar suwunyň sesi ýa-da ýagyş ýagyp, onuň dag başyndan şaglawuk bolup akyşy eşidilýär. Kompozitor liriki heňlere köp üns berýär ol adam duýgularyny, tebigy hadysalary mukama siňdirýär.

Şeýle önjeýli işleýän adamyň wagtyny boş geçirmejegi belli. Daňatar aganyň ýanyna baranymda, ol pianinonyň gapdalynda oýa batyp oturan eken. Öňünden gepleşendigimize garamazdan, ony işinden alyp galandyryn diýip pikir etdim, ýöne ol maňa garaşyp oturandygyny, işlerinden eýýäm dynandygyny aýtdy.

Bu tegelek ýüzli dolmuş adamy görenimde, kelläme ilki bilen geleni; «Bäh, bu ýaşulyň içinde entek ýene köp saz bardyr» diýen pikir holdy. Dogrusy, meniň öňdenem şeýle pikirim bardy. Kompozitoryň eserle- riniň köpüsi maňa tanyşdy, alt üçin ýazan konsertini, filmlere ýazan sazlaryny hezil edip diňläpdim, ýöne göwnüme ol ömrüniň iň esasy sazyny indi döretjek ýaly. Tanyşlykdan, hal-ýagdaý soralyşy- gyndan soň, geçip oturan badyma, Daňatar aga gürrüňe başlady:

— Häzir men birnäçe eserleriň üstünde işleýän. Ine, ýaňy-ýakynda-da «Alkyş aýdýar Size halkyň, Arkadag» atly kompakt diskim çykaryldy. Onda G.Ezizowyň, A.Taganyň, G.Şagulyýewanyň, K.Rejebowyň, O.Oraztaganowanyň hem başga şahyrlaryň sözlerine düzen aýdymlarym, «Aýlawda» hem-de «Ýatlama» atly sazlarym ýerleşdirildi.

— Aýdymçy ýa sazanda bolmagy arzuw edýänler köp, emma sazy döretmek höwesi ähli kişä berilmeýär. Ömrüňizi kompozitorlyga bagyş etmegiňize näme itergi berdi?

— Men saz bilen çagalykdan gyzyklanýardym. Bu sungata imrinmegime, ilkinji nobatda, Nury Halmämmedowyň sazlary täsir etdi. Onuň eserlerini yhlas bilen diňleýärdim, özümem şonuň ýaly eser ýazmagyň arzuwyndadym.

Şonuň üçin Aşgabatdaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk mekdebine okuwa girenimde, ol ýerdäki mugallymym Walentin Iwanowiç Methalýowyň öň Nury Halmämmedowy okadandygyny bilenimde, başym göge ýetdi. Men-ä Halmämmedowy şeýlebir täsirlenip, hatda gözüne ýaş aýlap diňleýän ýigit. Meni okatja- gam şol kompozitoryň halypasy bolsa, oňa ýetesi zat barmy?!

Garaz, bir ýyl bu ýerde okanymdan soň, P.I.Çaýkowskiý adyndaky Moskwa konserwatoriýasynyň ýanyndaky sazçylyk mekdebine okuwa kabul edildim. Ol ýerde meni kompozisiýadan K.Bataşow, saz formalarynyň seljermesinden Ý.Holopow, polifoniýadan W.Fraýnow ýaly ady belli ussatlar okatdylar. Ony gutaranymdan soň, (häzirki Sankt-Peterburg) Leningraddaky N.A.Rimski-Korsakow adyndaky konserwatoriýanyň kompozitorçylyk fakultetinde okuwymy dowam etdirdim. Onda S.M.Slonimskiý, G.I.Banşikow ýaly belli rus kompozitorlaryň tälimini almak miýesser etdi.

Ol döwürler men eýýäm birnäçe eserler döredipdim, has hem aýdym ýazmagy halaýardym, ýöne şeýle ajaýyp halypalar duşmadyk bolsa, döredijilik ýolumda kän zatdan galardym.

— Dogrudanam, sungatda halypa-şägirtlik däbiniň örän uly ähmiýeti bar, ýöne sazda onuň wajyplygy has-da äşgär bildirýär. Siz ýaňy halypalaryňyzyň arasynda Konstantin Bataşowyň hem adyny tutduňyz. Bu ussat rus kompozitoryndan tälim alyp, häzir meşhurlyk gazanan sazandalaryň sany-sajagy ýok. Özüňiziňem habaryňyz bardyr, K.Bataşow Magtymguly Pyragynyň sözüne bariton hem fortepiano üçin wokal tapgyryny hem döredipdi. Meni gyzyklandyrýan zat — onuň okadyşynda nähili aýratynlyk bardy?

— Bataşow maňa-da uly itergi berdi. Onuň okadyşynyň üýtgeşikligi: sa- paklarynda diňe sazy, kompozisiýany däl-de, edebiýaty, taryhy, şekillendiriş sungatyny-da öwrederdi. Ilkinji gezek sapaga baranymda: «Şu kitaby okadyňmy? Oka, onsoň indiki sapakda gürleşeris» diýip, Lermontowyň «Biziň döwrümiziň gahrymany» atly romanyny elime tutdurypdy. Mende edebiýata bolan uly söýgini döredenem Bataşow boldy. Soň men oňa Magtymgulynyň kitabyny beripdim. Ol şondaky goşgulara dokuz romansdan ybarat wokal tapgyryny döredipdir. Ol syýahat etmegi gowy görýärdi, özüniňem bilmeýän zady ýok ýalydy. Konserwatoriýany tamamlap gelenimden soň, men ony birki ýola Türkmenistana çagyrdym. Oňa ýurdumyzyň taryhy ýerlerini, Maşat-Misserian ýadygärliklerini, Soltan Sanjar kümmedini görkezýäs welin, olaryň taryhyny özi bize gürrüň berýär-dä. «Ine, şu ýadygärlikler bütin Orta Aziýa arhitekturasynyň düýbüni tutdy...» diýdi. Saragt babanyň, Mäne babanyň taryhyny, onuň üýtgeşik- liklerini içgin bilýärdi.

Ol türkmen sazlarynyň heňine «Туркменская сюита» atly, fortepiano, fleýta, skripka hem wiolonçeliň kwarteti üçin hem saz döredipdi.

Daňatar aga durşuna bir hazyna eken. Ol türkmen saz sungatyndan, akademiki sazyň taryhyndan ep-esli gyzykly gürrüňler berdi. Men ondan daşary ýurt kompozitorlary bilen bagly pikirlerinem soradym.

— Meni daşary ýurt kompozitorlarynyň gündogar äheňinde döreden sazlary has gyzyklandyrýar. Uspenskiý; bütin Türkmenistan boýunça ekspedisiýa geçirip, «Türkmen sazy» atly ajaýyp kitabyny ýazanyndan soň, 1930-njy ýyllarda şol kitapda getirilen türkmen sazlarynyň heňinde kamera ýa simfoniki eser döretmek boýunça bäsleşik geçirilýär. Mihail Ippolitow-lwanow, Sergeý Wasilenko ýaly kompozitorlar şol bäsleşige gatnaşypdyrlar. Häzirki döwürde olar nusgawy kompozitorlar hasaplanylýar. Bäsleşikde Genrih Litinskiý ýeňýär, oňa ak roýal sowgat berilýär. Ine, şolaryň döreden sazlary mende uly gyzyklanma döredýär.

Olardan öň döredilenlerden Nikolaý Rimskiý-Korsakowyň «Şeherezada» eserini belläp geçesim gelýär. Aleksandr Borodiniň «Orta Aziýa» atly ajaýyp eseri bar. Ony diňläniňde, kerwen bilen bilelikde bütin Orta Aziýa sebitini geçip, biziňem sazandalarymyzyň mu- kamlaryny diňlän ýaly bolýarsyň.

Özümde güýçli täsir galdyran kompozitorlary agzamaly bolsa, elbetde, ussatlygyň nusgasy Iogann Sebastian Bahy hem unutmaly däl. Bethowen, Mosart ýaly ägirtler — romantikler, bularyň hiç birini parhsyz goýmaly däl. Kompozitorlaryň her biri şolaryň döredijiligini özleşdirip, olaryň gazananlaryny milli sazymyzyň dabaralanmagy üçin peýdalanmagy başarmalymyka diýýän.

— Siz düýpli bir opera, balet ýa simfoniýa döretmegiň ugruna çykaňzokmy? Eger döretseňizem, haýsy edebi çeşmä ýüzlenerdiňiz?

— Dogrusy, düýpli bir eser döretmegi meýilleşdiremok. Bütin döredijilik ýolumda bir simfoniýa ýazypdym.

Opera ýa-da balet ýazjak bolsaňam, oňa ep-esli wagt sarp etmeli bolýar.

Akademiki sazlaram, simfoniýalaram, operalaram zerur, emma meni aýdym ylhamlandyrýar, şonam özüme höwür edindim, halk arasynda iň köp ýaýraýany hem aýdym bolsa gerek. Her aýdymyň hem öz ykbaly bolýar.

1970-nji ýyllarda elektrodutaryň gapdalyndan aýdym aýtmak ýoň bolupdy. Ýörite şoňa niýetläp, Orazgylyç Gurbannyýazow, Rejep Rejebow, Çary Nurymow dagy hem aýdym döredipdiler. Onsoň menem elime dutarymy alyp, öňümde maksat goýdum. G.Ezizowyň «Uzak ýaýladaky enäniň hüwdüsi» goşgusyny elektrodutar üçin aýdyma geçirmekçidim. Ol goşgy ýönekeý bir hüwdi däl, ol enäniň çagasyna ünde- ýän ömür pendi. Netijede, 1970-nji ýyllaryň ortalarynda ýazylan «Ýaýla hüwdüsi» 1980-nji ýyllaryň ahyrynda ýerine ýetirildi, ussat aýdymçy Jemal Saparowanyň aýtmagynda bu aýdym il-günüň söýgüli aýdymyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň çäksiz howandarlygy bilen bu gün ýurdumyzda aýdym-saz hem opera sungaty täze belentliklere galýar.

Şonuň üçin menem öz gezegimde, şahyrlarymyzyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, hormatly Prezidentimiziň edýän ägirt işlerini wasp edýän şygyrlaryny aýdyma geçirýärin. Olar halk içinde giňden ýaýraýar, radioda, telewideniýede ýerine ýetirilýär.

Daňatar aganyň aýdanlaryny kagyza geçirjek bolsaň, uly kitap emele geljek. Ýöne indi bu ýerde, meniň pikirimçe, gürrüňi uzaldyp durmagyň hajaty ýok. Ussat kompozitorymyzyň dünýäsine aralaşmak üçinem onuň sazyny diňlemek gerek.

 

Söhbetdeş bolan Maksat BÄŞIMOW