Öz käriniň ussady

Gahryman Arkadagymyzyň gözel ýurdumyzda gurmaga, döretmäge, işlemäge giň ýol açandygy türkmen halkynyň kalbynda duýgy we borç döretýär. Şeýle duýguly, borçly adamlaryň biri hem teatrymyzyň radio we ses bölüminiň müdiri Muhammet Baýramowdyr.

Muhammet Baýramow 1980-nji ýylda Mary etrabynyň Mülkbagşy geňeşliginde dünýä inýär. Ol şol etrapdaky 2-nji orta mekdepde bilim alýar we çagalykdan sport bilen gyzyklanyp, öz inisi Döwlet Baýramow bilen sportuň futbol görnüşi boýunça ýaşlykdan tälim alyp başlaýar. Bular aga-ini bolup, futbolyň inçe tilsimlerini öwrenip, ýetginjekleriň arasynda geçirilýän birnäçe ýaryşlara gatnaşyp, tälimçileriň ynamyny gazanýarlar. Emma ýaş türgen Muhammet Baýramowy jadylaýjy sungat ýaşlykdan özüne dartyp alýar. Ol orta mekdebi tamamlap, 1997-nji ýylda biziň teatrymyza işe gelýär. Muhammediň işe başlan döwürleri bolsa ony Watan öňündäki gulluk borjuna çagyrýarlar. Ol 2000-2002-nji ýyllar aralygynda gulluk borjuny berjaý edip gelensoň ýene-de teatrda işini dowam edýär.

Muhammet teatrda dürli kärlerde işleýär. Wagtyň geçmegi bilen bu ýigidiň spektakllardaky sazlary, sesleri duýgurlyk bilen yzarlaýşy teatryň režissýorlarynyň gözüne ilip, 2003-nji ýylda ony radio we ses bölümine kömekçi edip belleýärler. Ol öz erjelligi bilen tiz wagtda bu käriň tilsimlerini öwrenýär we özbaşdak spektakllaryň sesini aýratynlykda bermäge girişýär. Muhammet Baýramow şeýdip öz käriniň eýesi bolýar.

Şeýlelikde, Muhammet 2003-nji ýyldan bäri teatrymyzyň radio we ses bölüminiň müdiri bolup işläp gelýär. Islendik sahna eseri üçin nähili aýdym-saz, haýsy bagşyň ses ýazgysy, ýa-da bolmasa dünýä ýurtlarynyň hem aýdym-sazlary gerek bolsa olaryň hemmesi Muhammetde bar. Onuň işe bolan höwesi, ukyp-başarnygy teatrymyzyň ähli işgärlerini guwandyrýar.

2017-nji ýylda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen V Aziýa oýunlarynda Muhammet ses goýberiji bolup öz başarnygyny görkezdi. 2018-nji ýylyň iýul aýynyň 1-7-si aralygynda gözel Diýarymyzyň teatrlarynyň arasynda «Ýüpek ýoly — ýürek ýoly» atly teatr festiwaly geçirildi. Bu festiwalda Muhammede “Iň oňat saz bezegi üçin” atly ýörite baýrak berildi we ol Hormat hatlaryna mynasyp boldy.

Men 10-15 ýyl mundan ozal bir dutar ussasyna dutar ýasamagy buýrupdym. Dutar taýyn bolansoň ony almaga bardym, şonda ussa dutary maňa uzadyp: «Hany çalyp görüň, göwnüňize ýararmy?» diýip sorady. Men hem: «Agam, ilki özüňiz çalyp görkezäýiň!» diýdim. Onda ussa: «Men dutar çalyp bilemok, men muny diňe ölçeg bilen ýasaýaryn» diýip jogap berdi. Men şonda öz-özüme: «Bä-ä, dutar çalyp bilmeseňem, ony ýasap boljak ekeni» diýip, haýran galdym. Muhammediň hem aýdym aýtman, saz çalman duýgusy, ukyby bilen öz işiniň ussady bolandygyna şonda göz ýetirdim.

2007-nji ýylda men Gylyçmyrat Kakabaýewiň «Gumly gelin» atly oýnuny sahnalaşdyrjak bolanymda ilki Muhammet bilen maslahatlaşdym. Ol meni diňläp: «Agam, bu oýun üçin seniň gerekli sazlaryň, sesleriň hemmesi mende taýyn» diýip, meniň ýükümi esli ýeňletdi. Şol spektaklymyz hem şowly çykdy. Isle spektakl bolsun, kompozisiýa bolsun ýa-da bolmasa gülküli sahna bolsun, Muhammet hersine gerek sazy, sesi saýlap-seçip ýerli-ýerinde goýmagy başarýar. «Yhlas bilen aglasaň, sokur gözden ýaş çykar» diýlişi ýaly, kärdeşimiz Muhammet öz işine diýseň yhlasly ýapyşýar.

 

Hoja BATYROW, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň ýokary derejeli artisti