Artist Myrat Orazmuhammedowyň degişmelerinden

Degişgen, şahandaz adamlar il içinde kän. Olar wäşiligi bilen bir adygyp gidensoňlar, halk dürli degişmeleri, gülküli wakalary, olar bilen baglap goyberýär. Ine, zehinli wäşi artist Myrat bilen baglanyşyklam talyp, işdeş ýoldaşlarynyň arasynda gürrüň berilýän gyzykly wakalar kän.

 

Öwrümden tutulan balyk

Talyplyk ýyllary Myrada bir ýerlerden eslije balyk düşýär. iýibilenini iýýärler welin, halys gutarar ýaly däl diýýär. Saklara-da gowy şert bolmansoň, balyklar halys zaýalanyp barýar diýýär. Halys iýibilmejegine gözi ýetensoň, Myrat soňkuja galan iki balygy eline alyp, talyp goňşularynyň biriniň gapysyny kakýar.

Gapy açylandanam, göz-görtele täze däldigi bildirip duran balygyny aýagaldygyna mazamlap, sesiniň ýetdiginden gygyryp ugrapdyr.

Balyklaryň Myradyň aýdyşy ýaly, o diýen täze däldigine goňşusynyň derrew gözi ýetýär.

— A-how, sen balyklarym täze, ýaňy tutup gelnen diýýäň welin, beýle däl ýaly-la?

Myradam ýan bererli däl diýýär:

— Aý, almajak bolsaň, aljak däl diý, ýöne ýalançylyk bir ýöňkeme. Şularyň täze tutulyp gelneni gaty çyn. Ýoldaşy gurap, egrelip giden balyklaryň birini eline alyp, Myrada görkezýär.

— Sered-ä, munyň ýatyp-ýatyp, suwy gutaryp, halys egrelip gidipdir-ä.

Myrat şonda-da ugurtapyjylygyny edipdir:

— Aý, ynanaý, how, täze tutulan şular. Egriliginiň sebäbi, ýabyň öw- rüm edýän ýerinden tutulan-da bular.

 

Çorbamy ýa tüýdük?

Myrat talyp döwürleri naharhana barýar. Hemişekileri ýaly, arzanja çorba bermegini haýyş edip, satyja ýüzlenýär:

— Ýöne, gaýrat edip, sowugrak çorba bereweri. Çaltrak iýmesem, wagt ýok, sapak başlanýar. Satyjy ýa-ha onuň aýdanyna üns berenok, ýa-da bilgeşleýin edýär, Myradyň öňüne gyzgyn çorba gelýär. Myrat bir owurtlandan agzyny bişirip, satyja gygyrýar:

— A-how, men adam ýaly haýyş etdim-ä, sowuk çorba berdiýip. Ýa- kyp-ýandyryp barýar-a munyň. Men gyssag diýip aýtdym-a ýaňy.

Satyjy biperwaý jogap berýär:

— Gyzgyn bolsa, otur-da, üfle, sowar-da sähel salymdan.

Myrat janyýangynly hüňürdeýär.

— Men bu ýere üflemäge däl-de, nahar iýmäge geldim. Niýetim üf- lemek bolsa, sizden çorba däl-de, tüýdük haýyş ederdim.

 

Paýlaşyk

Işdeş ýoldaşlarynyň biri köke hudaýýoly paýlapdyr. Grim otagynda ýeke özi oturansoň, ýoldaşynyň paýynam Myrada berip gidýärler. Alty-altydan, paýlanan kökeleriň özüne degişlisini iýip bolan Myrat sakla- nyp bilmän ýoldaşyna goýlanyňam dördüsini dagy «ýerleýär». Ýoldaşy gelensoňam, hiç zat bolmadyk ýaly, stoluň üstündäki kökeleri görkezýär:

— Hana, ýaňy hudaýýoly diýip, köke goýup gitdiler. Ikimize on iki sanysyny goýdular, herimize ondan ýetdi. Men-ä öz paýymy iýdim.

Ýoldaşy oňa geňirgenip seredýär:

— Bary on iki köke boljak bolsa, o nähili herimize ondan ýetýär-aý? Maňa-ha ikisi galypdyr?

Myrat şonda-da müýnürgänok diýýär.

— Aý, bilemok, how, dost. Maňa-ha ondan ýetdi, senem günüňi görersiň-dä!

 

Taýýarlan Myrat HUDAÝGULYÝEW