Artistler teatr hakda

Muhammet ÇERKEZOW, Türkmenistanyň halk artisti:

— Artistiň «oturymly» ýeriniň teatr bolmalydygyny ýaşyrmagyň geregi ýok. Ýöne mundan ekranyň mümkinçiliklerine, onda-da uçursyz uly mümkinçiliklerine biperwaý seretmeli diýip, netije çykarmaly däl. Başarsaň, ikisinde-de janyň-teniň bilen artist üçin iň mukaddes zada — ynanylan keşbiň maňzyny açmaklyga çalyşmaly. Ekran bolsun, sahna bolsun, parh goýman, ikisiniňem mümkinçiligini deň peýdalanyp, ilhalar keşp döretmeli.

* * *

— Ilkinji çykyşlarda men edil öýlenjek ýigit ýaly tolgunýardym. Birden döredýän keşbim ýadymdan çykaýsa, birden aljyrap, aytmaly sözümi unudaýsam nähili bolarka?. Oturan ýüzlerçe adamlar, yşyklaryň dumly-duşdan üstüňe seçýän ýiti çyralary, ahmal bolsaň, erkiňi eliňden alyp, aljyratjak bolup durdy. Emma men öz kärimi söýýärdim. Şol söýgi mei sungata baglady.

 

Ata DURDYÝEW, Türkmenistanyň halk artisti:

Artistiň boş wagty bolmaly däl. Ol hemişe gözlegde bolmalydyr. Onuň täze döretjek gahrymanynyň keşbi, şol gahrymanyň hüý-häsiýetleri döredijilik gözleglerinde tapylmalydyr.

* * *

Ussatlyk! Ussatlyk! Elbetde, ussatlyk öz-özünden gelýän zat däl. Ony zähmet bilen gazanmaly. Artistiň ussatlygyny kesgitlejek bolsaň, onuň artistlik tilsimlerini ulanyşyna üns ber.

 

Annamyrat BERDIÝEW, Türkmenistanyň halk artisti:

- Teatr, bu ilkinji nobatda oýun, ýöne ol çynaberimsiz oýun. Oýny oýun etmek bolmaýar. Sahnada artist janlandyrýan keşbiniň, duýguçyllyk häsiýeti bilen ýaşamaly. Teatr gyzykly hyjuwlanmalaryň, joşgunlaryň mekany. Şonuň üçin hem oýuny oýun etseň, bu galplyk adamlary aldajak bolmak bolýar. Teatr içgysgynç-gyzyksyz bir zada öwrülýär. Teatra, sahna, biperwaý garaýan, artist hiç haçan gowy artist bolup bilýän däldir. Sahnada özüň ýanmasaň, başga kişini ynandyryp bolmaýar. Özüň jebir çekmeseň, başga kişi seniň jebriňi duýmaz. Güleňde ýürekden çykmasa, il seniň şatlygyňa şärik bolmaz. Sebäbi sahnada seniň özüň ýalan sözleseň, tomaşaçy saňa ynanmaz. Tomaşaçyny ynandyrmak üçin bolsa eseriň gahrymanynyň senligine ilki bilen özüň ynanmaly.

 

Meretgylyç ÝAGMYROW