Wäşileriň bäsleşigi jemlenildi

Ýakynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň başynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan yglan edilen ýurdumyzyň wäşileriniň arasyndaky tapgyrlaýyn geçirilen “Şahandazlar” atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlenildi. Bu döredijilik bäsleşigiň saýlama tapgyry welaýat merkezlerinde geçirildi. Onda türkmeniň gadymdan gelýän milli ruhuna mahsusbolan şahandazlygyny, şadyýanlygyny, suhangöýlügini ýomaklar, şorta sözler we degişmeler bilen beýan etmekde ýurdumyzyň zehinli döredijilik işgärleri hem-de ýaş wäşiler höwesjeň çykyş edip, özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. 

“Şahandazlar” atly döredijilik bäsleşiginde tapawutly çykyş eden Ahal welaýatynyň Tejen, Kaka, Gökdepe etraplarynyň wäşiler topary, Balkan welaýatynyň Balkanabat şäheriniň we Serdar etrabynyň wäşiler topary, Daşoguz welaýatynyň Görogly, Gurbansoltan eje adyndaky etraplarynyň wäşiler topary, şeýle hem Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň halk teatrynyň režissýory Uzakbaý Magtymgulyýew, Mary welaýatynyň Wekilbazar, Garagum etraplarynyň we Baýramaly şäheriniň wäşiler toparlary ýeňijiler diýlip yglan edildi. 

Döredijilik bäsleşiginiň aýratyn tapawutlanan ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.