Türkmenistanyň halk artisti Kakow Orazsähedow

Türkmenistanyň halk artisti, kinorežissýor Kakow Orazsähedow bilen köp ýyllaryň dowamynda «Türkmenfilm» kinostudiýasynda bile işleşmek miýesser etdi. Kakow aga häzir aramyzda ýok. Ýöne milli kino sungatymyzyň halypalarynyň biri bilen işleşendigime, onuň bilen kino surata düşüriş işlerine gatnaşandygyma juda buýsanýaryn.

Kakow aganyň döredijiligini beýleki režissýorlar bilen deňeşdireniňde, köptaraplylygy bilen tapawutlanýar. Ol ömrüni kino sungatynyň bir ugruna bagyş etmän, onuň ähli görnüşlerinde işläp bilýän ussatdygyny subut etdi. Ol dokumental filmlerem, çeper filmlerem, telewizion filmlerem, çagalara niýetlenen žurnallary-da ussatlyk bilen surata düşüripdi.

Şol döwürde kinematografiýa institutyny tamamlap, kinostudiýa işe geldim. Biraz wagt geçenden soň, Kakow Orazsähedowyň «Ýaşlyk ýyllarymyzyň kasamy» atly çeper filminiň redaktory bolmak miýesser etdi. Kakow aga filmi surata düşürende, diýseň talabedijidi. Ol her bir görnüşi uly yhlas bilen göwnüne jaýlap surata düşürýärdi. Ol özüniň nobatdaky filmini üstünlikli tabşyran dessine, şeýle bir şatlanýardy, göýä dünýäde ondan degişgen, şähdaçyk adam ýok ýalydy.

Kakow Orazsähedow 1935-nji ýylyň 12-nji aprelinde paýtagtymyzy etekläp oturan Bagyr obasynda dogulýar. Çagalykda ir ýetim galýar. 1953-nji ýylda Aşgabatdaky 20-nji çagalar mekdep-internadyny tamam- landan soň, ilkinji türkmen oglanlarynyň biri bolup, Moskwadaky kinematografiýa institutynyň kinoaktýorçylyk bölümine okuwa girýär.

1958-nji ýylda instituty tamamlap, «Türkmenfilm» kinostudiýasynda režissýoryň kömekçisi bolup işläp başlaýar. Ol döredijilik ýoluny režissýor Alty Garlyýewiň «Aýna» atly çeper filminden başlaýar. Alty Garlyýewe keşplere aktýorlary saýlamakda kömek berip, özi hem kiçi keşplerde surata düşýär.

Geçen asyryň 60-njy ýyllarynyň başynda Aşgabatda ilkinji gezek türkmen telewideniýesi işläp başlaýar. Kakow Orazsähedowy režissýor hökmünde telewideniýäniň «Türkmentelefilm» studiýasyna işe çagyrýarlar. Onuň režissýor hökmünde ilkinji işi 1964-nji ýylda ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» powesti esasynda «Welmyrat aganyň kitaby» atly telewizion çeper film bolýar. Türkmen halkynyň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň kitabyny guba düýesine çalşan Welmyrat aganyň täsin durmuşyna bagyşlanan bu film köp ýyllaryň dowamynda türkmen telewideniýesiniň ekranynda görkezilip, giň tomaşaçylar köpçüliginiň uly söýgüsine mynasyp bolýar.

«Welmyrat aganyň kitaby» Gazagystanyň öňki paýtagty Almaata şäherinde geçirilen sebitara kinofestiwalynda baş baýraga we Diploma mynasyp bolýar. Film Kakow aga uly abraý getirýär.

K.Orazsähedow 1966-njy ýylda ýazyjy Hajy Ysmaýylowyň «Iki atanyň bir ogly» atly eseri boýunça adybir filmi döredýär. Halklaryň dostluk-doganlygyna bagyşlanan bu film hem uly üstünlige eýe bolýar. Film Kiýew şäherinde geçirilen telewizion filmleriň festiwalynda baş baýraga mynasyp bolýar.

Kakow Orazsähedowy geçen asyryň 70-nji ýyllarynyň başynda «Türkmenftlm» kinostudiýasyna işe çagyrýarlar. Kakow aganyň bu ýerde surata düşüren ilkinji işi doganlar Japbaklar baradaky film bolýar. Japbaklar barada halkymyzyň arasynda gaty kän gyzykly wakalar ýörgünlidi. Bu şadyýan doganlaryň keşbini kino sungatynda janlandyrmak režissýoryň öňünde uly döredijilik meselesi bolup durýardy. Film çagalara we ýetginjeklere niýetlenendigi sebäpli, režissýor ony gülküli hem-de aýdym-sazly edip, täsirli we dartgynly wa- kalaryň üsti bilen gahrymanlaryň ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini şowly görnüşlerde ussatlyk bilen açyp görkezýär.

«Japbaklar» filmi türkmen kino sungatyna uly abraý getirýär. Film Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen kinofestiwalda «Çagalara we ýetginjeklere niýetlenen iň gowy film» diýen baýraga we Diploma mynasyp bolýar.

Ýurdumyz beýik Garaşsyzlygyna eýe bolansoň, Kakow Orazsähedowyň döredijilik dünýäsi täze gözleglere ulaşýar. 2004-nji ýylda döredilen «Bagtyň açary» atly çeper filmde durmuşyň uly ýoluna gadam basýan ýaşlara kär saýlap almakda paýhasly bolmak ündelýär. K.Orazsähedow 2005-nji ýylda köp çagaly bagtly türkmen maşga- lasynyň durmuşyna bagyşlanan «Çakan aga» atly gülküli çeper filmi döredýär. Çakan aga — türkmen halkyna mahsus bolan köp çagaly maşgalanyň kakasy. Bu filmde çaga terbiýesi, nesilleriň arasyndaky gat- naşyk barada gyzykly hem täsirli görnüşler bar.

Kakow aganyň 2007-nji ýylda surata düşüren «Söýginiň bir pursaty» atly çeper filminde bir göreniňden gözel gyza aşyk bolup bolýandygy baradaky pikir öňe sürülýär. Emma gyza çyn aşykdygyňy subut etmek üçin dürli synaglardan geçmelidigi hakynda filmde täsirli beýan edilýär.

Režissýor Kakow Orazsähedowyň 2007-nji ýylda ekrana çykaran «Gyzykly gezelenç» atly çeper filmi onuň kino sungatynda döreden iň soňky işi bolýar. Ol şu filmine ýaş türkmen artistleri bilen bilelikde, milli kino sungatymyzyň birwagtlar ýyl- dyzlaryna öwrülen aktýorlaryň ençemesini surata düşmäge çagyrýar. Ol şu günki tomaşaçylarymyza milli kinomyzyň ýyldyzlarynyň zehinleriniň döwrebap, täze tarapla- ryny açyp görkezýär.

Kakow aga oba daýhanlarynyň, nebitçileriň, suw gurluşykçylarynyň, lukmanlaryň, mugallymlaryň, talyp ýaşlaryň durmuşyndan gürrüň berýän ençeme dokumental filmleri surata düşürip, kino sungatynyň bu ugrunda ötgür zehinini subut etdi.

Kakow aga ýaraman ýatyrka, onuň öýünde çaý başyndaky söhbetdeşligimiz döredijilik ýoluna syrygyp gitdi.

— Kakow aga, siz Moskwadaky abraýly kinematografiýa institutynyň aktýorçylyk bölümini tamamladyňyz. Näme üçin aktýorçylyk ugry bilen gitmän, režissýorçylyk ýoluny saýlap aldyňyz? — diýen sowalyma ol:

— Geçen asyryň 70-nji ýyllaryna çenli türkmen kino sungatynda özge ýurtlardan gelen režissýorlar filmleri surata düşürýärdiler. Kinostudiýada ýerli milletden bolan hünärmenleriň ýetmezçiligi sebäpli, meni telewideniýeden şol ýere işe çagyrdylar. Men oňa çenli türkmen kino sungatynyň ussat režissýorlarynyň kömekçisi bolup ençe- me filmlerde işläp, biraz tejribe toplapdym. Dogrymy aýtsam, özümde-de režissýor bolmak arzuwy bardy.

— Kakow aga, siz uzak döredijilik ýoly geçip, ajaýyp filmleriň ençemesini döretdiňiz. Siz öz eden işiňizden hoşalmy?

— Eger-de režissýor: «Men surata düşüren filmlerimden hoşal» diýse, onda ol mundan aňryk döredijilik bilen meşgullanmasa-da bolar. Döredijilik adamy mydama gözlegde bolup, ol hemişe kämillige tarap dyngysyz hereket etmeli. Her bir tamamlan filmiňden beýleki filme geçeniňde, ösüş bolmaly, çünki sungat kämil şekillerde ýaşaýar. Palçyk depgileýän ýaly bir ýerde durup, döwrüň ösüşinden yza galsaň, seniň döreden filmleriňe hiç kim tomaşa etmez. Şonuň üçinem režissýor her bir döredýän filmine wagtyň ýokarsyndan seredip baha bermeli, täze tärleri, şekillendiriş usullaryny gözlemeli. Režissýor diýen kär gaty çylşyrymly kärdir. Onuň döredýän eserleri giden bir mähelläniň ruhuna siňip, öwrülip, göwnünden turmaly, kalbyny durlamaly.

Bu söhbetdeşligim Kakow Orazsähedow bilen iň soňky söhbetdeşlik boldy. Halypa režissýoryň döreden filmleri häzir hem özüniň täsirliligini ýitirmän, tomaşaçylaryň uly söýgüsine mynasyp bolup gelýär.

 

Gapbarguly HÜMMEDOW.