Sahnada bekän ömür

Mähriban Arkadagymyz 2011-nji ýylda Awaza dynç alyş merkezinde, medeniýet we sungat işgärleri bilen geçiren duşuşygynda, sungat ägirtleriniň bitirýän hyzmatlaryna sarpa goýmak bilen olara döwlet sylaglaryny gowşurdy. Diýarymyzyň iň şöhratly teatrlarynyň biri bolan, Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda ençeme ýyl bäri yhlasly zähmet çekip gelýän, teatryň synmaz sütünleriniň biri, baýry artist zenanymyz Gerek Omarowa hem şol duşuşykda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Geçen ýyl — 2019-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda ussat artist zenanyň ýubileý ýaşy doldy. Gerek daýza 80 ýaşady. Biz Türkmenistanyň halk artisti Gerek Omarowany mähirli gutlamak bilen, onuň döredijilik üstünlikleri hakynda kelam agyz durup geçmegi makul bildik.

Gerek daýza indi 64 ýyl bäri teatryň ýüküni biregne çekip gelýär. Ýarym asyrdan gowrak sahnada ýaşan mähriban zenan uz gyzdan, tä mährem enä çenli ençeme keşpleri söýgüli tomaşaçylaryna sowgat etdi.

G.Omarowa 1939-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmengala etrabynyň şol wagtky Rahat obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ol obasyndaky 5-nji 7 ýyllyk mekdepde bilim alýar.

Gerek Omarowanyň aýtmagyna görä, ol ýaşlykdan mekdepde gurnaklara gatnaşyp başlaýar. Taryh, edebiýat sapaklaryny gowy görer eken. Ejesiniň ýarawsyz bolany sebäpli 12 ýaşyndan maşgala keşgini deň çekişip, kolhoz işine gidip ugraýar.

Ykbalyň dürli öwrümli ýollaryny göre-göre gelýän-de bolsa, ruhu- belentligini ýitirmedik Gerek Omarowanyň teatra gelmesem üýtgeşik bolýar. Mary şäherinde şol wagtky komsomolyň şäher komitetiniň 1-nji sekretary bolup işleýän gelnejesi Agabeg Söýünowa Geregi peduçilişä salmak üçin obadan alyp gaýdýar. Şol wagtlar teatr «Türkmen dilinde arassa gürleýän ýaş gelin-gyzlar gerek» diýip, komsomol guramasyna arza berýär eken. Teatryň režissýory Meret Atahanow arza esasynda şol gurama jaň edýär. Şeýle ýagdaýa gabat gelen Gerek höwes bilen gelnejesiniň yzyna düşüp, teatra gelýär. Bu 1957-nji ýylyň mart aýynda bolup geçýär. Entek 18-inem doly ýaşamadyk, kaddy-kamaty görmegeý, agras, arassa, päk göwünli Geregi ilkinji garşy alan, teatryň direktory Ataýew, Sabyr daýza, Nurgözel daýza, Oguljeren daýza hem-de öz aý- ratyn döredijilik başlangyçlary bilen Kemine teatrynyň ýüküni ýaňy ger- denine alan tejribeli, zehinli režissýor Meret Atahanow bolýar. Öňünde duran çekinjeň, utanjaň türkmen gyzynyň daşky görnüşi ilki başda režissýory biraz geňirgendirýär. Onda asla teatra ýakynlyk görmeýär.

Emma şonda-da, milli lybasly ýygra gyzy ürküzmezlik üçin ýuwaşlyk bilen soraga geçýär. Onuň diliniň arassalygyny barlap, ony işe kabul edýärler hem-de režissýor Meret Atahanow fransuz dramaturgy Žan Batist Molýeriň «Skapeniň sapalagy» komediýasyny sahnalaşdyrýan wagty G.Omarowadan ýaş sygan gyzy Zerbinettanyň keşbini oýnap bermegini haýyş edýär. Geregiň razy bolmagynda režissýor oňa bu keşbi berkidýär we ilkinji synagy geçirýär. Onuň ilkinji bissimillasy hem şol keşp bolýar. Şeýlelikde juwan ýaşyndaky görmegeý gyz öz ömrüni mugallymçylyga däl-de, teatr sahnasyna bagyş edýär.

Gerek Omarowa 1958-nji ýylda A.Arbuzowyň «Alty mähribanynda» rus gyzy Lena Boçkarýowany, şol ýyl N.Gogolyň «Öýlenmeginde» oba gyzy Dunýaşi, Şkwarkiniň «Keseki çagasynda» Raýany, döwürleýin spektakllaryň hatarynda A.Esenowyň «Erkin ýüreklerinde» Aýsonany, «Bibigülde» Jennedi, H.Akyýew we M.Ataha- nowyň «Maralynda» Marly we başga-da onlarça keşpleri arakesmesiz, yzly-yzyna döredip, söýgüli tomaşaçylaryna sowgat etdi. Ine, şu ädimler bilenem ýaş gyz, kä möwç urýan tolkunly, kä asuda, parahat giň ýaýylyp ýatan sungat ummanynyň jümmüşine tarap ýüzüp gidiberdi...

Döredijilik çeşmesiniň gözbaşynda durup, halkyna, tomaşaçysyna sungat äleminiň ajaýyplyklaryny sahylyk bilen paýlan Gerek Omarowanyň 63 ýylyň dowamynda teatr sahnasynda döreden ilhalar, haýran galdyryjy zenan keşpleri sanardan köpdür.

1979 — 1980-nji ýyllarda Gerek daýza sekiz artist bilen bilelikde bir ýyllap Ýaş tomaşaçylar teatrynda işleýär. Ol bu teatrda hem dürli keşpleri ýerine ýetirýär.

Gerek Omarowanyň bütin ýaşan ömri, durmuşy teatr. Ol her-hili kynçylyklardan heder etmän, edermenlik bilen arman-ýadaman zähmet çekip, teatr söýüjileriň kalbynda berk orun tutdy. Teatr sahnasyndan daşary ol türkmen kino sungatynda hem birnäçe çeper keşpleri döretmäge ýetişdi hem-de türkmen teatr we kino sungatynyň taryhyny baýlaşdyrmaga öz goşandyny goşdy.

1963-nji ýylda söýgi temasyny beýan etmekde deňi-taýy bolmadyk türkmeniň nusgawy şahyry Mollanepesiň 150 ýyllygy mynasybetli, Taňryguly Taganowyň «Yşk mülküniň şasy» yşky-lirika ýugrulan taryhy dramasy sahnalaşdyrylýar. Mollanepesiň magşugy Bossantäjiň keşbi Gerek Omarowa üçin ýazylan ýalydy, diýilýär. Sahnadaky Bossantäji gören tomaşaçy gelin-gyzlar, megerem, şol pursat hyýallarynda keşp bilen deňine ýaşap ýetişen bolsalar gerek. Spektakl halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylanýar.

Bu spektaklda Bossantäjiň keşbini tapawutly ýerine ýetirenligi mynasybetli Gerek Omarowa «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen hormatly at berilýär. Gerek daýzany ykbalyny baglan käriniň her güni ýatlamalar bilen örtülen, ol şolar bilenem ýaşap ýör. Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň zehinli režissýorlary M.Atahanow, Ç.Myradow, Ç.Mommadow, A.Ýakubow, A.Kömekow, D.Oraýew,  G.Seýdiýew, soňky zehinli režissýorlar T.Mämmetweliýew, A.Hommyýew, G.Hotjyýew, A.Hojamyradow, ýaş režissýorlar Ö.Galandarow, A.Gullarow galyberse-de, režissýorçylyk ukybyna ezber artist B.Geldiýew,   paýtagt teatrlarynyň režissýorlary  O.Hajymyradow, A.Gulmämmedow   daga öz döwründe baýry ussat artist Gerek Omarowa bilen işleşmek miýesser etdi. Olar artist bilen dürli häsiýetli keşpleri janlandyrmakda köp-köp çaýy sowatdylar hem-de teatryň sahnasynda birnäçe görnükli spektakllary ussatlyk bilen döretmäge ýetişdiler. Döredilen spektakllar hem teatryň, hem döredijilik toparynyň abraýyny ep-esli ýokary galdyrdy. Başga-da dürli ýyllarda irginsiz zähmetiň, uly tagallalaryň netijesinde döredilen naýbaşy keşpler sahnada şöhlelendi hem-de teatr taryhynyň sahypasyna müdimi ýazyldy.

Döredijilik gazanynda gaýnan Gerek daýza, türkmen teatr sungatynyň ösmegine, onuň kämilleşmegine, ol sungaty halka ýaýmaklyga tutuş ömrüni bagyş eden, türkmen sahnasynda öçmejek yz galdyryp gelýän ezber ussat zenandyr. Uzak ýyllaryň dowamynda milli sahnada şekillendiren ajaýyp täleýli keşpler bilen öz halkynyň ruhy dünýäsini, teatryň taryhy hazynasyny baýlaşdyrmakda bitiren hyzmatlary üçin Gerek Omarowa döwlet tarapyndan birnäçe sylaglar, orden-medallar berildi. Ol 1968-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan artisti» diýen ada, 2011-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Beýik sahna ussatlaryndan tälim alyp, özi hem halypalyga ýetişen Gerek daýza 80 ýaşy arka atdy. 80 ýaşy arka atan, Kemine teatry bilen egindeş, guýmagursak zehinli, mähriban enäniň soňsuz döredijilik ýoluna sarpa goýmak bilen oňa, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredijilik üstünliklerini, asuda durmuş, ruhubelentlik, janynyň sag bolmagyny, kärdeşleriniň arasynda uzak ýyllar zähmet çekip, sahnada göwher gaşly gülýaka kimin bezeg bolup, lowurdap, nur saçyp durmagyny arzuw edýäris! Goý, onuň döredijilik meýdanynyň mundan beýläk-de örüsi giňden ýaýrasyn!

 

Maýa ÇARYÝEWA.