Alty Garlyýew we küşt oýny

Türkmenistanyň halk artisti, kino sungatynyň ägirdi Alty Garlyýew küşt oýnunyň ölemen aşygy bolupdyr. Oýnanda dagy dünýäni unudar ekeni. Oýun wagtynda garşydaşynyň ünsüni küştden sowmak üçin, öz hiňlenýän özboluşly aýdymy hem bar ekeni. Şeýdibem, halypa artist, köplenç, küştde utýar ekeni.

Tomus aýlary günortan arakesmede hem-de işden soň edaranyň bagynyň kölegesinde keçe atynyp, günde-günaşa küşt oýnalar ekeni. Alty Garlyýew işdeş ýoldaşlaryny ýygnap, ýene-de küşt tagtasynyň daşyna egrilişerdiler. Küştüňem özüne ýetesi «jadysy» bolup durýan ekeni.

— Atyňy göç-de, piliňi gora, ýogsam, piliňi mugt giderýäň, ruhuňy gozgama, Alty!

— Daşyndan aýtmak bolanok, beýtseň, karam bolýar!

— Ony göçsem, olam pyýadany sürse...

— Ardurja utuljak-da, meniň diýenimi edäýsene, Alty!

— Utulsam, utulaýyn diýip, men-ä ruhumy göçäýsem diýýän.

— Ruhy göçme, Alty!

— At «göçümini» etsene!

Şonuň üçinem Alty Garlyýew mydama öýüne wagtynda köwlenmez ekeni. Aýalyndan hem iňirdi eşidýän ekeni.

Ine, bu gün hem ussat halypa Alty Garlyýew işden soň deň-duşlary, işdeş ýoldaşlary bilen bagyň kölegesinde küşt oýnap otyrdy. Adamsynyň gylyk-häsiýetlerine belet ýanýoldaşy, Türkmenistanyň halk artisti Annagül Annagulyýewa sagada serederdi-de, göni edara tarap gaýdardy.

Günleriň birinde Alty aganyň keýwanysy Annagül ýeňňe bazarlyk işini birýüzli edip, oduk-buduk zatlary satyn alyşdyryp, iki sany tor torbany doldurypdy. Özem adamsynyň ýene-de küşt tagtasynyň ýanynda eglenendigine magat göz ýetirýär-de, Teke bazardan göni ozalky «Türk- menfilm» kinostudiýasyna bakan gidýär.
Küşt oýnuna seredip duranlaryň biri «bilimi bir ýazaýyn» diýip, dikelýär welin, Alty aganyň keýwanysy Annagül ýeňňe ýetip gelýär ekeni. Elinde-de goşy bolup, onuň ýadawlygy ýöreýşindenem bildirýän ekeni.

— Pylany, hany, «gyjagyňy düz». Annagül ýeňňemiz ýetip gelýär. Ýene şol günki ýaly iňirdi eşitmeli günümiz geldi - diýerine mähetdel, Alty aga:

— Sen, halypa, iňirdini ýekeje gezek eşitdiň. Men bolsa, her günde. Annagül ýeňňeňiziň iňirdisi maňa «hüwdi» bolup eşidilýär. Şol «hüwdini» her gün diňlemesem, gijeler uklap hem bilemok -    diýip, giň göwrümliligini saklap, küştden ünsüni sowman, töweregindäkileri gülüşdirip, teýeneli aýdylan söze jaýdar jogap berýär.

Annagül ýeňňe gelşine, iňirdemegiň deregine adamsynyň üstüne abanyp, küşt tagtasyny synlap başlaýar. Netijede Alty aga küştde üstün çykýar. Soňra Annagül ýeňňe:

— Altyjan, ýör, gaýdaly. Wagtam boldy. Agşam şamyny edineli. Çagalar bize garaşyp oturandyrlar - diýip, sypaýyçylyk bilen aýdýar. Bular bileje tirkeşip, gaýdýarlar. Ussat halypalaryň yzyndan ýoldaşlary uly buýsanç bilen seredip galýarlar.

 

Taýýarlan M.Gaýybow.