Bitaraplyga bagyşlanan dabara

Golaýda Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky  milli drama teatrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli «Bagtyýarlykda bagta ýeten sungatym» atly aýdym-sazly teatrlaşdyrylan dabara geçirildi. Dabara ýurdumyzyň tanymal medeniýet, sungat, döredijilik işgärleri we talyplar gatnaşdylar. Dabaraly geçirilen duşuşykda ykbalyny teatryň jadyly dünýäsine baglan artistler G.Meňliýewa, O.Bekiýewa, D.Hojageldiýew, O.Durdyýewa, J.Agamyradowa, H.Saparow dagylar çykyş etdiler. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, ýurdumyzyň beýleki ulgamlary bilen bir hatarda, medeniýet ulgamynyň, şol sanda teatr sungatynyň ösüşi, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek boýunça alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri, mähriban halkymyzyň eşretli durmuşy barada buýsançly çykyş etdiler.    

Dabaranyň dowamynda «Türkmenistan – Bitaraplygyň   mekany» ýylynda ata Watanymyzyň taryhyndaky şanly, buýsançly wakalary, ýurdumyzyň häzirki zaman gazananlaryny beýan edýän, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, hemişelik Bitaraplygymyzy wasp edýän teatrlaşdyrylan tomaşa görkezildi. Dabara gatnaşanlar milli teatr sungatymyzy ösdürmek boýunça döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.