Türkmen bedewiniň baýramyna – Täsin tomaşalar

Halkymyza «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da»  ýaly gymmatly kitaplary peşgeş beren hormatly Prezidentimiziň kalby behişdi bedewlerimize bolan buýsanja we söýgä ýugrulandyr. Pähim-paýhasa, çuňňur many-mazmuna eýe bolan bu ajaýyp eserler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary üçin hem ruhy gymmatlykdyr, gollanmadyr.  

«Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda şatlyk-şowhuna beslenip bellenilýän türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem öz döredijilik sowgatlaryny - täsin sirk tomaşalaryny, ajaýyp baýramçylyk şowhunyny taýýarladylar. 2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň döwlet sirkinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýörite baýramçylyk çykyşlary görkezildi. Türkmenistanyň döwlet sirkiniň manežinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar, “Türkmen jigitleri” döredijilik toparlarynyň çykyşlary guralyp, onda hem ähli döwürlerde, ähli eýýamlarda türkmeniň myrady, uçar ganaty bolan ahalteke  bedewleriniň waspy bu dabaranyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanyp taýýarlanan çykyşlarda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň jigitleriniň  we gyzlarynyň örän hüşgärligi, batyrgaýlygy  hem-de  ezberligi talap edýän inçeden çylşyrymly milli at üstündäki oýunlary tomaşaçylary haýrana goýýar. Sirk çykyşlaryna uýgunlaşan bedewleriň şowhunly çykyşlary üstünliklere beslenýär. Türkmen jigitleriniň at üstündäki batyrgaýlyk bilen ýerine ýetirýän tilsimleri, sungat derejesine göterilen kämil hereketleri, türkmen gyzlarynyň çykyşlary bilen utgaşyp gidýär. Aýratyn hem jigitler bilen gyzlaryň  arasynda körpeje gyzjagazyň çykyşy, onyň  at üstünde ezberlik bilen erk edip  oturyşy, sirk tomaşalaryndaky  çykyşlary  has-da şowhunly edýär.

Sirk artistleriniň ýerine ýetirmeginde täsin şowhunly çykyşlary paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we onuň myhmanlaryny diýseň gyzyklandyrdy we olaryň elçarpyşmalary we belent şatlyk-şowhuny bilen garşylandy.