Ussadyň sarpasy

Saýat etrabynyň Sakar şäheriniň çagalar sungat mekdebinde Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli «Owazasy dünýä dolan halypa» atly edebi-sazly agşam geçirildi. Edebi-sazly agşamy şäher kitaphanasy bilen çagalar sazçylyk mekdebi bilelikde gurady. Dabarada çykyş edenler Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewanyň ömri we döredijiligi, onuň türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmekde, dünýä ýaýmakda bitiren işleri dogrusynda giňden gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda sazçylyk mekdebiniň okuwçylary halypanyň aýdan aýdymlaryny uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Bu ýerde halypanyň döredijiligine bagyşlanyp guralan «Köptaraply zehin» atly sergi dabara gatnaşanlarda aýratyn täsir galdyrdy. 

 

Altyn ÖWEZOWA, Saýat etrabynyň Sakar şäher 
kitaphanasynyň kitaphanaçysy.