Sahna oýny görkezildi

Golaýda Milli bahar baýramynyň öňüsyrasynda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary Mary welaýatynda iş saparynda boldular. Teatryň sahna ussatlary özleriniň taýýarlan Georgiý Hugaýewiň “Andro we Sandro” hem-de S.Astrahansewiň “Gyzyl şyrdajyk” atly sahna oýunlaryny tomaşaçylara hödürlediler. Komediýa žanrynda ýazylan “Andro we Sandro” atly ýiti degişmelerden doly sahna oýny kawkaz halkynyň özboluşly häsiýetini açyp görkezýär.  Dünýä meşhur Şarl Pýerronyň “Gyzyl şyrdajyk” atly sahna eserinde bolsa gyzyl şyrdajyklyja gyzjagazyň başdan geçirmeleri beýan edilýär. Türkmenistanyň at gazanan artisti О.Wolkowa, artistler К.Ataýew, М.Rogow, А.Balandina, S.Troiskiý, W.Dmitriýew, М.Ýolamanowa, M.Amanowa, Z.Mirzoýew dagy oýunda esasy keşpleri ýerine ýetirdiler. 

Sahna oýunlary  welaýatyň  ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.