Nusgawy sazlar ýaňlandy

Ýakynda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrutomow bilen Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artisti, Sankt-Peterburgyň N.A.Rimskiý-Korsokow adyndaky döwlet konserwatoriýasynyň rektory, sazanda Alekseý Wasilýewiň gatnaşmagynda konsert geçirildi. Konsertde iki dostlukly ýurduň tanymal sazandalary kirişli saz gurallarynda L.W.Bethowen, A.Şnitke, S.Rahmaninow ýaly dünýä belli kompozitorlaryň dürli ýyllarda döreden saz eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen konsert paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynda we onuň myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. 

 

Şemşat ANNAGYLYJOWA