Duşuşyk geçirildi

Golaýda Döwletmämmet Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynda  A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry myhmançylykda boldy. Bu ýerde teatryň döredijilik topary institutyň talyplary, paýtagtymyzdaky 64-nji we 131-nji ýöriteleşdirilen orta mekdepleriniň  okuwçylary bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Duşuşyk Döwletmämmet Azady adyndaky milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň rus dili we edebiýatyny öwrenmegiň ähmiýeti, onuň ýer ýüzünde tutýan orny baradaky çykyşy bilen başlandy. Slaýdyň üsti bilen şekilleriň görkezilmegi talyplarda we okuwçylarda uly gyzyklanma döredip, taýýarlanylan mowzugyň diňleýjiler üçin has aýdyň bolmagyna ýardam etdi. 

Soňra A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryň režissýory N.A.Laukert, teatryň režissýorynyň kömekçisi Ý.A.Şerbakowa dagylar teatryň taryhy we onuň ýurdumyzyň medeniýetiniň ösmegine, kämilleşmegine goşýan goşandy, beýik rus dramaturgy A.P.Çehowyň döredijilik ýoly barada çykyş etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň sahnalaşdyran A.P.Çehowyň “Çarlak” atly sahna oýny görkezildi.

Duşuşyk ýaşlarda uly täsir galdyry.