Halypa bagyşlanan duşuşyk

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň ömri we döredijiligine bagyşlanan aýdym-sazly dabara geçirildi. Ýaşan manyly ömrüni milli opera sungatymyzy ösdürmäge bagyşlan halypa aýdymçynyň hatyrasyna geçirilen dabarada ýurdumyzyň belli aýdymçylary, ussadyň şägirtleri hem-de talyp ýaşlar, ýakyn garyndaşlary çykyş edip, M.Şahberdiýewanyň belent adamkärçiligi, milli sungatymyzy ösdürmekde bitiren hyzmatlary barada giňişleýin gürrüň etdiler. 

Guýmagursak zehini bilen diňe ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda-da giňden tanalan halypa aýdymçy M.Şahberdiýewanyň durmuş we sungat ýoly ozalky Magtymguly adyndaky Opera we balet teatry bilen bagly boldy. Ol türkmen opera sungatynyň gözbaşynda duran Türkmenistanyň Gahrymany Maýa Kulyýewa, Hojadurdy Annaýew, Annagül Annagulyýewa, Hojaw Annadurdyýew ýaly tanymal sahna ussatlarynyň nusgalyk ýol-ýörelgelerini dowam edip, zehinini zähmet bilen taplady. 

M.Şahberdiýewa dünýäniň opera sungatynda seýrek duş gelýän liriki koloraturaly soprano — iň beýik inçe sesli aýdymçylaryň biridir. Munuň özi oňa dünýä halklarynyň naýbaşy operalaryny hem-de aýdymlaryny täze öwüşginlere beslemäge uly mümkinçilikleri döretdi. Şol ýyllar ol teatrda sahnalaşdyrylan, türkmen we daşary ýurtlaryň dünýä belli kompozitorlarynyň döreden «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun», «Aýna», «Saýathan», «Sewil dellegi», «Lakme», «Rigoletto», «Garahal gelin» ýaly operalarynda dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň keşplerini ýatda galyjy edip janlandyrmagy başardy. 

M.Şahberdiýewa halk aýdymlarymyzy täzeden işläp, sungat muşdaklaryna ýetirmekde hem bimöçber hyzmatlary bitirdi. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Sapar Mämiýew Wladimir Sapagin bilen bilelikde «Selbinýaz», «Gelsin», «Öwezim», «Ezizim», «Ýaşylbaş», «Galmanam», «Hemrahym», «Kerem geldi», «Dilberim», «Balsaýat», «Ne bag duýdy, ne bagban» ýaly ençeme halk aýdymlarynyň üstünde işläp, olary nota geçirdiler. Täze owazlarda ýaňlanan bu aýdymlar şahandaz halkymyzyň ruhuny belende göterdi. 

Halypa aýdymçy Medeniýet Şahberdiýewa ýurdumyzyň tanymal kompozitorlarynyň döreden «Watan», «Jan Türkmenistan», «Aşgabat», «Türkmen sährasy», «Daň şemaly», «Döwletli ülkäm», «Myhman gelse ülkäme», «Türkmenistan — baharystan» ýaly aýdymlary bilen muşdaklaryny begendirdi. 

Ykbalyny aýdymlaryň jadyly dünýäsine baglan halypanyň döredijiliginde belli rus nusgawy kompozitory A.Alýabýewiň döreden «Bilbil» atly aýdymynyň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Döredileni bäri, ençeme ýyllaryň geçendigine garamazdan, «Bilbil» häli-häzire çenli söýlüp diňlenilýän aýdymlaryň biri hasaplanylýar. Ol bu aýdymy aýdanda baharyň aşygy bilbil bolup saýrady. Dünýäniň meşhur aýdymçylary türkmen aýdymçysynyň ussatlygyna ýokary baha berip, ony «Türkmen bilbili» diýip atlandyrdylar. M.Şahberdiýewa özüne aýdymçy hökmünde üstünlik getiren bu ajaýyp aýdymdan ruhlanyp, dünýä halklarynyň aýdym-saz sungatynda guşlara degişli aýdymlary hem öwrenip, köpleriň göwünlerini galkyndyrdy. 

M.Şahberdiýewa Fransiýa, Şwesiýa, Hindistan ýaly döwletlerde geçirilen medeni çärelerde hem üstünlikli çykyş edip, milli aýdymlarymyzyň naýbaşy nusgalary bilen daşary ýurtlaryň sungat muşdaklaryny tanyşdyrdy. Ol rumyn, italýan, nemes, fransuz, şwed, moldowan, rus, hytaý, ermeni dillerindäki aýdymlar bilen öz döredijilik dünýäsini has-da baýlaşdyrdy. Onuň bilbil owazy dünýäniň ençeme döwletleriniň meşhur konsert zallarynda ýaňlandy. 

Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň milli opera sungatymyzy täzeden dikeltmäge uly üns bermeginden ruhlanan halypa aýdymçy ýaş zehinleriň ukyp-başarnygyny ýüze çykarmaga, olaryň geljekde tanymal sahna ussatlary bolup ýetişmegi üçin gujur-gaýratyny gaýgyrmady. 2010-njy ýylda segsen ýaşynyň dolmagy mynasybetli, M.Şahberdiýewa hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Altyn asyr» ordeniniň III derejesi bilen sylaglandy. 2016-njy ýylda «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy» ýubileý medaly bilen sylaglandy. Onuň ýetişdiren şägirtleriniň köpüsi «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun», «Zöhre-Tahyr», «Magtymguly», «Aýna», «Saýathan», «Görogly» ýaly täzeden dikeldilen operalarymyzda dürli häsiýetli gahrymanlaryň keşplerini janlandyrdylar. 

Belent ruha beslenen dabarada çykyş eden Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy, halypa opera aýdymçy Gurt Nazarow M.Şahberdiýewanyň özboluşly döredijilik ýoly barada gürrüň berip, onuň gaýtalanmajak zehini hakda aýratyn durup geçdi. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gözel Hummaýewa halypa aýdymçynyň dostlukly ýurtlarda geçirilen medeni çäreleri hem bilbil owazy bilen bezändigini buýsanç bilen belledi. «Medeniýet Şahberdiýewa» atly kitabyň awtory, žurnalist Parahat Çerkezowa hem «Türkmen bilbili» ady bilen dünýäde giňden tanalan guýmagursak zehinli aýdymçynyň belent adamkärçiligi hem-de onuň özboluşly döredijilik dünýäsiniň ýaşlar üçin nusgalyk ýol-ýörelgedigine ünsi çekdi. Bütin durky bilen aýdymlaryň jadyly dünýäsine berlip, alyslarda bilbil bolup tanalan halypa aýdymçynyň durmuş we sungat ýoly barada gürrüň berýän wideoşekiller görkezildi. Bilbil owazly aýdymçy M.Şahberdiýewanyň ömri we döredijiligine bagyşlanan dabarada onuň şägirtleri meşhur aýdymçynyň dürli ýyllarda aýdan aýdymlaryny belent heňde ýerine ýetirdiler. Dabara gatnaşanlar milli aýdym-saz sungatymyzda öçmejek yz galdyran ussat halypalaryň döredijiligini öwrenmäge döredýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar. 

 

Meretgylyç ÝAGMYROW