Göwünleri galkyndyrdy

Golaýda Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatry diýseň köp adamly boldy. Bu ýerde Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry öz sahna oýunlary bilen çykyş etdiler. Iki gün dowam eden, jemi dört görkezilişden ybarat bolan sahna oýnudyr gülki agşamy welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň hem-de myhmanlarynyň ruhuny göterdi.

Türkmenistanyň halk artisti, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy Anna Meläýewiň ýolbaşçylyk etmeginde taýýarlanan «Korol Lir» tragediýasy ýiti ussatlyk bilen sahnalaşdyrylypdyr. Dünýä edebiýatynyň görnükli wekili William Şekspiriň «Korol Lir» ady bilen köpüň söýgüsini  gazanan bu eseri ussat ýazyjy Garaja Burunow ene dilimize terjime edipdir.

«Bu tragediýany biz Türkmen döwlet medeniýet institutynyň drama we kino, drama režissýory hünärleriniň 5-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda sahnalaşdyrdyk. Sahnanyň režissýory institutyň uly mu- gallymy Urmatkan Meläýewanyň, saz bilen bezeýji Muslim Gulamowyň, ses operatory Yslam Nurmämmedowyň hem-de talyplaryň döredijilik ukybynyň, zehininiň, yhlasly zähmetiniň miwesi bolan bu sahna eseri eýýäm Lebap, Balkan, Mary welaýatlarynyň teatrlarynda goýuldy» diýip, Anna Meläýew buýsanç bilen belledi. Şeýle-de myhman artistleriň taýýarlamagynda ýaýbaňlandyrylan «Şadyýan talyplar» ady bilen ildeşlerimize ýetirilen gülki agşamy hem oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Sahnada talyp durmuşyndan gülküli wakalara, yşk, söýgi baradaky aýdymlara giň orun berilmegi oňa gatnaşyjylaryň gyzgyn goldawyna mynasyp boldy.

 

Bagtygül NEPESOWA, «Daşoguz  habarlary».