“Korol Lir” myhmançylykda

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen kalplara ruhy lezzet paýlaýan teatr sungaty hem ähli ulgamlar bilen bir hatarda be- dew bady bilen öňe gidýär. Şeýle bolansoň, teatr işgärleri hem täze-täze sahna oýunlary biien ildeşlerimiziň armasyny ýetirip, köňüllere joşgun, kalplara şatlyk paýlaýarlar. Hormatly Prezidentimiziň teatr sungatyna edýän goldaw-kömeklerinden ruhlanýan Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň artistleri iňlis ýazyjysy Wilýam Şekspiriň meşhur «Korol Lir» eseriniň esasynda döredilen spektakly bilen golaýda Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda çykyş etdiler. Türkmenistan — bitaraplygyň mekany ýyly mynasybetli Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarydyr talyplary tarapyndan sahnalaşdyrylan bu sahna oýny tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Sahna oýnunyň çeper ýolbaşçysy Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýewiň Britan koroly Liriň keşbini janlandyrmagy spektaklyň şowly çykmagyna aýratyn täsirini ýetiripdir. Oýny goýan režissýoryň, ýokarda ady agzalan institutyň uly mugallymy Urmatkan Meläýewanyň sahnany ussatlyk bilen bezändigini bellemek has-da ýerlikli bolar. Gülnur Hajymämmedowa, Regananyň, Leýla Rüstemowa, Şeýda Gurbanowa Liriň gyzlarynyň keşplerini ýerine ýetirip, özleriniň artistlik ukyp-başarnyklaryny görkezmek bilen tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdylar. Oýnuň dowamynda beýleki artistleriň hem özlerine ynanylan keşpleri ussatlyk bilen ýerine ýetirmegi spektaklyň has-da şowly çykmagyna oňyn täsirini ýetiripdir.

Biz hem ýaş artistlere öňde goýan maksatlaryny durmuşa geçirmekde edýän işleriniň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.

 

Annageldi KÄLLIÝEW.