Sahna oýny görkezildi

Düýn Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda dramaturg G.Daňatarowyň awtorlygynda, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri A.Batyrowyň režissýorlygynda goýlan «Binýat» atly taryhy drama görkezildi. Oguz-seljuk döwletiniň binýadynyň tutulşyna bagyşlanan bu sahna oýnunyň görkezilişi Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp bellenilýän medeni wakalaryň üstüni ýetirdi. Teatryň döredijilik toparynyň taýýarlan bu sahna oýnunda 1040-njy ýylyň Daňdanakan söweşi hakynda täsirli wakalar beýan edilýär.

Sahna oýnuna  tomaşa etmäge diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, medeniýet we sungat işgärleri, okuw jaýlarynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary gatnaşdylar.