Talyplar teatrynyň iş sapary

Golaýda Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry myhmançylykda boldy. Bu ýerde teatryň döredijilik topary ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň talyplary bilen döredijilik duşuşygyny geçirdi. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda daşary ýurt dramaturglarynyň eserleri esasynda goýan sahna oýunlary bilen ähli welaýatlaryň teatrlarynda çykyş edýärler. Wilýam Şekspiriň «Korol Lir» atly sahna eseri Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylarynda we myhmanlarynda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Teatryň çeper ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýew, zehinli talyplar Hommat Hommatow, Parahatgeldi Elýasow, Kakamyrat Bazarow, Leýla Rüstemowa, Gülnur Hajymämmedowa dagy oýunda esasy keşpleri ýerine ýetirdiler.