Täsirli ýaňlanan owazlar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda 2020-nji ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Russiýa Federasiýasynyň Mariinsk Döwlet akademiki teatrynyň artistleri Russiýa Federasiýasynyň at gazana artisti Tatýana Pawlotskaýanyň, şeýle hem Halkara bäsleşiklerine gatnaşyjylar Aleksandr Trofimowyň hem-de Sankt-Peterburgyň döwlet aýdym we tans teatrynyň «Moroşka» toparynyň gatnaşmagynda aýdym-sazly konsert guraldy. Bu aýdym-sazly konsert köp adamly boldy. Oňa ýurdumyzyň medeniýet we sungat, döredijilik işgärleri gatnaşdylar we olar  konsertiň dowamynda W.Kruglikiň “Wiwat, Sankt-Peterburg!”, B.Okujawanyň “Hoş galyň, ýigitler!”, W.Solowýow-Sedoýyň “Bilbiller”, A.Dorowskihiň “Doga” we beýleki meşhur  rus halk aýdymlaryny diňlediler. Russiýa Federasiýasyndan gelen artistler özboluşly çykyşlary taýýarlap, onda öz ýurdunyň döredijilik ruhuny şöhlelendirdiler. Soňra köp sanly tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan konsertiň dowamynda ýaňlanýan sazlaryň, ýerine ýetirilýän aýdymlaryň dowamy döredijilik toparynyň meşhur “Barynýa” hem-de “Kalinka” rus  milli halk tanslary bilen utgaşyp gitdi.