Operalardan owazlar

9-njy fewralda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Russiýa Federasiýasynyň döwlet akademiki «Mariinskiý teatrynyň» opera aýdymçysy Swetlana Omelçugyň konserti boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Russiýa Federasiýasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň, şeýle-de «Rossotrudniçestwo» federal agentliginiň bilelikde guran bu döredijilik agşamyna Türkmenistanyň at gazanan artisti, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Wladimir Mkrtumow pianinoda sazandarlyk etdi. 

Konsertiň birinji bölümi rus kompozitorlary Korsakowyň «Bakyşyň asman ýaly», Dargomyžskiniň «Lauranyň aýdymy», Şostakowiçiň «Ýyldyzjyklar», Berezowskiniň «Gije», Desýatnikowyň «Gadymy romans» ýaly eserlerine bagyşlandy. 

Konsertiňikinji bölüminde bolsa Ýewropanyň ägirtleri Rossininiň «Izabellanyň ariýasy», Wiwaldiniň «Adjitata», Gunonyň «Zibeliň romansy», Gendel Admetiň «Dignare» eserleri, şeýle-de «Karmen» operasyndan ariýalar ýaňlandy. 

Mezzo-soprano owazly Swetlana Omelçuk 2012-nji ýyldan bäri birnäçe halkara bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolup gelýär. 

— 2005-nji ýylda sazçylyk mekdebini skripka saz guraly boýunça tamamladym. Soňra bolsa Gnessin adyndaky Döwlet sazçylyk mekdebinde, Sazçylyk akademiýasynda okuwymy dowam etdirdim. Ilkibaşda skripka çalmaga höwes etsemem, soňabaka mugallymymyň ugrukdyrmagynda opera sungaty we nusgawy sazlar bilen gyzyklanyp başladym. 2016-njy ýyldan bäri, «Mariinskiý teatrynyň» ýaş opera aýdymçylar akademiýasynyň aýdymçysy bolup işleýärin. 

Biz Türkmenistana ikinji gezek gelýäris. Geçen ýylyň sentýabr aýynda Russiýa Federasiýasynyň at gazanan artisti, Russiýa Federasiýasynyň Gnessin adyndaky sazçylyk akademiýasynyň professory, görnükli pianinoçy Ýuriý Bogdanow, Dariýa Karpalýuk we Ýelizaweta Antonowa bilen bilelikde guralan aýdym-sazly konsertde hem çykyş edipdik. Ak şäher Aşgabat bu gezek hem bizde, ozalkysy ýaly, unudylmajak täsirleri galdyrdy. Biz türkmenistanlylaryň sungata sarpasyna ýene bir gezek şaýat bolduk. 

Dostlukly gatnaşyklary, medeni köprüleri berkitmekde döredilýän şeýle mümkinçilikler üçin türkmen tarapyna hoşallygymyzy bildirýäris — diýip, Swetlana Omelçuk aýdýar. 

 

Ýazgül KAKAGELDIÝEWA, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.