Teatrlara – taýynjak petekli

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutumly işleriniň ählisi il bähbidine beslenendir. Munuň şeýledigini halkymyz üçin döredilýän ýeňillikleriň toplumlaýyn görnüşde netijeli durmuşa geçirilýändiginden hem bilmek bolýar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň fewral aýynyň ilkinji günlerinden ýurdumyzyň teatrlarynda görkezilýän sahna oýunlaryna tomaşa etmek üçin elektron petekleri nagt däl görnüşde menzilara satyn almak mümkinçiligi döredildi. Bizem şunuň bilen bagly gürrüň bermegini sorap, ýurdumyzyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynyň baş ýolbaşçysynyň orunbasary Şöhrat Babaýewe ýüz tutanymyzda, ol ine, şeýle gürrüň berdi:

-  Medeniýet ulgamyny sanly ulgama geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde ýurdumyzyň teatrlarynda, şol sanda biziň Baş drama teatrymyzda hem aýyň başyndan elektron petekleri satylyp başlanyldy. Elektron petekleri internet toruna birikdirilen şahsy kompýuterler ýa-da ýörite programma üpjünçiligi bolan ykjam telefonlar arkaly metbugatda ýörite salgysy görkezilen internet sahypasyndan almak bolar. Biz teatry- myzda şeýle usulda satyn alnan elektron petekleri özümizdäki planşetiň üsti bilen hasaba alýarys. Tomaşaçylar teatra gelenlerinde, öz ykjam telefonlarynyň üsti bilen satyn alan peteklerini görkezýärler. Şonuň esasynda hem biz olary teatrymyzdaky degişli orunlaryna ugradýarys. Munuň özi edil demir ýol menziline elektron petek alnyşy ýaly, ilki bilen, tomaşaçylaryň wagtlaryny tygşytlamaklary üçin, olary haýsy oýunlaryň gidýändigi bilen öňünden tanyşdyrmakda, şeýlelikde, teatra tomaşaçyny has köp çekmekde hem örän amatlydyr. Döredilýän şeýle ýeňillikler üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun!

Milli Liderimiz halkymyzyň eşretli ýaşaýşyny üpjün etmekde bimöçber uly tagallalary edýär. Şol bir wagtda ýurdumyzyň teatrlaryna elektron peteklerini nagt däl görnüşde menzilara satyn almak mümkinçiliginiň döredilmegi «Dowlet adam uçindir!» diyen asylly ýörelgä barha rowaçlanýandygyny görkezýär.

 

Aýjemal OMAROWA.