Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi ýurdumyzyň wäşileriniň arasynda „Şahandazlar“ atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

1. «Şahandazlar» atly  bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onuň birinji tapgyry welaýat merkezlerinde, ikinji, jemleýji tapgyry bolsa Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda geçirilýär. Birinji tapgyrda birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp bolan wäşiler jemleýji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýarlar. Şeýle hem üç baýrakly orunlardan daşary ussatlygy bilen tapawutlanan wäşiler eminler toparynyň gelen netijesi esasynda jemleýji tapgyra gatnaşmaga ygtyýar alyp biler.  

2. Bäsleşigiň birinji tapgyry welaýat merkezlerinde şu aşakdaky senelerde geçirilýär:

     Daşoguz welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 15-nji maýynda;

     Balkan welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 20-nji maýynda;

     Lebap welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 22-nji maýynda;

     Mary welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 23-nji maýynda; 

     Ahal welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 26-njy maýynda.

     Jemleýji tapgyry bolsa, 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda geçirilýär.

3. Bäsleşikde çykyş etjek wäşiler şu ugurlar boýunça öz ukyplaryny görkezip bilerler: 

     -  degişme sahnalary;

     -  degişme aýdymlary;

     -  degişme goşgulary;

     -  degişme tanslary;

     -  degişme öýkünmeleri;

     -  sözsüz, hereketli degişmeler (etýudlar, pantomimolar);

     -  degişme gürrüňleri (monologlar).

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda üstünlikli çykyş eden wäşiler sowgatlar sylaglanarlar. Bäsleşigiň ýeňijileri Daşoguz welaýatynda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gatnaşdyrylar.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:  44-00-13, 44-00-55.