Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi ýurdumyzyň halk teatrlarynyň arasynda 
«Bagtyýarlyk döwrüniň halk teatrlary» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

1. Bäsleşige  halk teatrlary, halk gurjak teatrlary, drama toparlary, teatr studiýalary gatnaşyp bilerler. 

2. Bäsleşige Hormatly Prezidentimiziň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri esasynda türkmen halkynyň beýik gahrymançylygyna bagyşlanan sahna oýunlary, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikleri wasp edýän sahna oýunlary, asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, kämilleşip gelýän milli medeniýetimizi, taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy wasp edýän sahna oýunlary hödürlenilip  bilner.

3. Bäsleşikde iň gowy  sahna oýny üçin 1-nji, 2-nji, 3-nji ýerlere sowgatlar bellenilýär. Baýrakly orunlardan daşary ussatlygy bilen tapawutlanan döredijilik işgärler eminler toparynyň gelen netijesi esasynda höweslendiriji baýraga mynasyp bolarlar. 

4. Bäsleşik her welaýat boýunça aýratyn şu aşakdaky senelerde geçirilýär:

     -  Daşoguz welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 4-6-njy iýuny aralygynda;

     -  Balkan welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 8-9-njy iýuny aralygynda;

     -  Lebap welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 11-12-nji iýuny aralygynda;

     -  Mary welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 13-15-nji iýuny aralygynda;

     -  Ahal welaýaty boýunça 2020-nji ýylyň 17-18-nji iýuny aralygynda.

 

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-00-13, 44-00-55.