«Janly gurjaklar» çagalaryň arasynda

Türkmen döwlet gurjak teatrynyň artistleri ýurdumyzyň dürli künjeklerinde iş saparynda bolup, çagalara şatlyk paýlap, olaryň göwünlerini galkyndyrýarlar. Türkmenistanyň Medeniýet hem-de Bilim ministrlikleriniň meýilnamasy esasynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň sahna ussatlary welaýatymyzyň Balkanabat hem-de Gumdag şäherleriniň orta mekdeplerinde, çagalar baglarynda hem myhmançylykda bolup, «Janly gurjaklar» atly oýny ýaşajyk tomaşaçylara ýetirdiler. Teatryň artistleri: Türkmenistanyň at gazanan artisti Magtymguly Hudaýberdiýewiň, Şaguly Karaşowyň, Myrat Kakabaýewiň ýerine ýetirmeklerinde görkezilen gurjak oýny körpelerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. 

Gurjak oýny - türkmenler üçin gadymdan gelýän milli  oýunlaryň biri. Onda ellikli, taýakly, simli ýa-da ýüpli gurjaklar ulanylyp, iň esasy wezipe terbiýe meselesidir. Halkymyzda «Çagany—ýaşdan» diýlişi ýaly, esasy maksadymyz ösüp gelýän ýaş nesillerde ajaýyp häsiýetleri terbiýelemek, edepliligi ündemek bolup durýar. Biz goýýan oýunlarymyzda çagalara pikirlerimizi gurjaklara berilýän sesleriň, hereketleriň üsti bilen ýetirýäris. «Janly gurjaklarda» hem ertekilerden parçalar ýerine ýetirilip, çagalaryň edep-terbiýeli bolmalydygy, gowy okap, mugallymlarynyň, terbiýeçileriniň tabşyryklaryny ýerine ýetirmelidikleri, agzybir bolmalydyklary, Watany, ene topragy söýmelidikleri, ony gözüň göreji deýin goramalydyklary ündelýär. Bize döredijilik saparlaryny guramaga, sahna eserlerimizi ýaşajyk tomaşaçylara ýetirmäge ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolup, alyp barýan beýik işleri rowaç alsyn!—diýip, Türkmen döwlet gurjak teatrynyň režissýory Ylýas Durdyýew gürrüň berdi. 

 

Oguljennet ORAZOWA.