«Ene toprak» gyzgyn garşylandy

Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahnasynda goýlan dünýä belli ýazyjy Çingiz Aýtmatowyň «Ene toprak» atly meşhur eseri esasynda sahnalaşdyrylan spektakl tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alyndy. Biz sahna oýnunyň başlanmazynyň öň ýanynda teatryň edebiýat-dramaturgiýa bölüminiň ýolbaşçysy Öremyrat Öwezowa duşup, teatrda kyssa eserini drama diline geçirip, spektakl döretmek tejribesi barada gürrüň bermegini haýyş etdik. Ol şeýle gürrüň berdi:

- Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmen medeniýeti, sungaty gülleýär, gül açýar. Döwletimiziň medeniýetiniň gülläp ösüşine Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary hem öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. «Türkmenistan – Bitaraplygyň   mekany» ýylynda teatr sahnasynda döwrebap, täze eserler sahnalaşdyrylyp, halk köpçüligine hödürlemek meýilleşdirilýär. Teatryň döredijilik topary diňe türkmen ýazyjy-dramaturglarynyň däl, eýsem doganlyk halklaryň ýazyjy-dramaturglarynyň eserlerine hem ýüzlenip durýar. Teatr diňe gyrgyz edebiýatynda däl, eýsem dünýä edebiýatynda nusgawy ýazyjy hasaplanýan Çingiz Aýtmatowyň döredijiligine ýüzlendi. Bu uly ýazyjynyň okyjylar köpçüligine tanyş bolan «Ene toprak» atly powestini teatryň oýun goýujy režissýory Guwanç Baýmedow sahna diline geçirdi we sahnalaşdyrdy. Bu eser köp halklaryň ykbalyna awuly möhürini basan 1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň ýalynly ýyllaryndan gürrüň berýär. Eseriň baş gahrymany Tolganaý ene derek boýly üç ogluny, olaryň yz ýany bilen bolsa adamsy Suwankuly urşa ugradýar. Ol öz ýanýoldaşynyň, ogullarynyň uruşdan aman-sag gelmegi üçin tylda gahrymanlarça zähmet çeken mährem eneleriň, zenanlaryň keşbi bolup orta çykýar. Adamsynyň, perzentleriniň ajy habaryny alan ene öz içki syryny, ýürek awusyny ene toprak bilen paýlaşýar. Şeýle ýagdaý diňe gyrgyz halkynyň däl, eýsem duşmana garşy aýgytly göreş alyp baran beýleki halklaryň ählisiniň başyna inen agyr hasrat. Şeýle bolansoň, oýna tomaşa edeniňde şol agyr ýyllardan öz halal zähmeti arkaly ýeňiş bilen çykan türkmen zenanlarynyň, mährem enelerimiziň keşpleri göz öňüňde janlanýar. Bu bolsa eseri, sahna oýnuny nusgalyk derejä çykarýar. Täze sahnalaşdyrylan bu oýunda Tolganaýyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgül Žambylowa, ýaşlyk döwrüni Ogulgerek Şyhyýewa, Aýjahan Berdiýewa, Maýsa Nazarowa, onuň ýanýoldaşy Suwankulyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Meretdurdy Seýitow, ogullarynyň keşplerini teatryň ýaş artistleri Begli Dowlyýew, Rahmanberdi Kakaýew, Ene topragyň keşbini Maral Jambylowa dagy janlandyrýarlar.

Biz Öremyrat Öwezowa beren gürrüňi üçin sagbolsun aýdyp, tomaşaçylar zalyna girdik. Sahna oýny başlandy. Sahna açylanda tomaşaçynyň göz öňünde bugdaýy orlup alnan meýdan görünýär. Şu meýdandada oýna gatnaşýan gahrymanlaryň ählisi jemlenýär. Şu ýerde-de wakalaryň beýany adaty drama eserlerindäki ýaly dialoglaryň üsti bilen däl-de, monologlaryň üsti bilen berilýär. Üç ogluny, adamsyny uruşda ýitiren baş gahryman Tolganaýyň bu bolup geçen wakalary agtygyna nädip aýtjagyny bilmän, ene topraga ýüzlenmegi bilen başlar monologyny ene toprak (artist Maral Jambylowa) titräp diňleýär. Ene topragyň öz uruş zerarly hasrat çekýär. Ol ekin ekip, hasyl ýetişdirýän daýhan ellerini küýseýär. Aýratyn-da, spektaklyň baş gahrymany Tolganaýyň monology oýny göterip duran sütün diýseň boljak. Onuň monology diňe wakalaryň beýany däl, eýsem döwrüň ruhy, urşuň yzynda galan adamlaryň, ogullaryny urşa iberen eneleriň, ýanýoldaşyndan aýrylan zenanlaryň ahy-nalasy monologyň sözleriniň aýdylyş äheňinde hem berlipdir. Bu bolsa artistden uly ussatlygy talap edýär. Tolganaýyň keşbini janlandyran Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazgül Žambylowa munuň hötdesinden gelipdir.

Sahna eserinde, adatça, saz, yşyklandyryş sahna oýnunyň many-mazmunyň täsirini güýçlendirmek üçin ulanylýar. Bu sahna oýnunda hem wakalaryň mazmunyna kybapdaş sazlaryň saýlanyp alynmagy tomaşaçylara wakalaryň täsirini has güýçlendirýär. Sahna oýnunda goýlan tanslar bolsa hasratly dünýäni aňladyp bilipdir. Tanslary Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, tejribeli tans goýujy Faýzulla Eminow sahna oýnunyň ruhuna kybapdaş edip goýupdyr.

 

Reýimbaý  SABYROW.