Teatryň döredijilik sapary

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama  teatrynyň döredijilik topary hem “Türkmenistan - Bitaraplyk mekany” ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň ata Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça giň möçberli oňyn özgertmelerinden, beýik maksatlaryndan ruhlanyp, tutanýerli zähmet çekýän halkymyzyň arasynda medeni dynç alyşy ýokary derejede guramak maksady bilen, ýurdumyzyň welaýatlaryna  iş saparyny guramagy maksat edindiler.  

Şunlukda, “Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany” ýylynyň şygary bilen baglanyşykly çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, teatryň döredijilik işgärlerinden ybarat topar Balkan welaýatynyň zähmetkeşlerine medeni hyzmat etmek üçin Serdar, Bereket ertraplarynyň hem-de Balkanabat şäheriniň tomaşaçylarynyň öňünde konsertler, edebi-sazly tomaşalar, gysgajyk sahna oýunlary bilen çykyş etdiler. Tomaşaçylar teatr ussatlarynyň taýýarlan çykyşlaryny gyzgyn garşyladylar. Teatryň ikinji döredijilik toparynyň düzüminde çykyş edýän Türkmenistanyň at gazanan artistleri T.Mätnazarow, Ý.Gurbannazarow, teatryň aýdymçy artisti P.Ibragimow dagylar bolsa öz çykyşlaryny Lebap welaýatynyň Sakar etrabyndan başladylar. Olaryň ata Watan, il-gün, zähmete söýgi hakdaky aýdymlary, Türkmenistanyň at gazanan artisti D.Berdiýewiň, O.Orazowyň ýerine ýetiren degişmeleri, çeper okaýyşlary tomaşaçylary diýseň ruhlandyrdy.

Belli türkmen artisti, milli bäsleşikleriň baýrakly orunlaryna mynasyp bolan Türkmenistanyň at gazanan artisti Tirkeş Mätnazarowyň Türkmenistanyň halk ýazyjysy Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiligine degişli ynsanperwerlik, il-güne sylag, ata Watana söýgi mowzugyndan ýazan goşgularyny duýguly okamagy, şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirmegi tomaşaçylary biparh goýmady.

Ýurdumyzyň medeniýetiniň ägirt uly döredijilik kuwwatyny, milli teatr sungatymyzyň gazananlaryny halkymyzyň arasynda işjeň wagyz etmegi maksat edinen teatryň döredijilik toparynyň şunuň ýaly saparlary ýylyň bütin dowamynda guralar.