Täsirli döredijilik sapary

Ýurdumyzyň A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynyň artistleri ýakynda Russiýa Federasiýasynda döredijilik iş saparynda  boldular. Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň “Daşary ýurtlara uly iş saparlary” atly meýilnamasy esasynda  guralan bu döredijilik iş saparynyň dowamynda teatryň artistleri Wolgograd hem-de Astrahan şäherlerinde çykyş etdiler. Wolgograd şäheriniň Sarisina opera teatrynda we Astrahan şäheriniň drama teatrynda görkezilen “Biz hökman duşuşarys” we “Böwenjik” atly sahna oýunlaryny teatr tomaşaçylary gyzgyn garşyladylar. Sahna oýunlaryndan soňra teatryň artistleriniň, tomaşaçylaryň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň  gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşyklary, tegelek stoluň başynda özara pikir alyşmalary guraldy. Teatryň artistleri öz çykyşlarynda  Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň  parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda gazanylýan ösüşler, medeniýetde we sungatda  ýetilýän belent sepgitler, ýurdumyzyň teatrlarynda sahnalaşdyrylan sahna oýunlary hem-de özleriniň döredýän keşpleri hakda gürrüň berdiler. Wolgograd hem-de Astrahan şäherleriniň gözel ýerlerine guralan gezelençler artistlerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.   

 

Mämmetgurban Mämmetgurbanow