DOSTLUK DÜNÝÄSINIŇ ÄLEMGOŞARY

Öňňin «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly paýtagtymyzda geçirilen III halkara festiwal üstünlikli jemlendi. Günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň Baş drama teatrynda «Gorkut ata» eposy esasynda sahnalaşdyrylan  «Domrul»  atly sahna  oýny görkezildi. Gyzykly hem gülküli beýan edilyän wakalaryň üsti bilen gadymy Oguz ilinden bolan Domrulyň edermenligi, men-meniigi dogrusynda gürrüň edilyär.

  Türkmenistanyň halk artistieri M.Bekiýew, G.Aşyrowa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ý.Ýazmyradow, J.Paltaýewa, artistler D.Meläýewa, A.Ataýew, B.Şyhnyýazow, B.Çaryýew, A.Didarow, M.Gurbanow dagynyň ýerine ýetiren keşpleri sahna tomaşa edýän adamlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Soňra şol teatrda halkara festiwala gatnaşan teatr ýolbaşçylarynyň we döredijilik işgärleriniň gatnaşmaklarynda teatr sungatyny ösdürmek we teatrlaryň arasynda geljekde hyzmatdaşlygy  ýola goýmak barada iş maslahaty geçirildi.

Günüň ikinji ýarymynda bolsa Türkmenistanyň Magtymguty adyndaky milli sazly-drama teatrynda halkara teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy. Onda teatr toparlaryna diplomlardyr ýadygärlik nyşanlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. 

 

    Täçmämmet AMANGULYÝEW, Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan artisti:

— Biz  Hormatly Prezidentimiziň ak ýolunyň waspçylary bolan medeniýet, sungat işgärleri goşa ganatyň eýeleri, ol ganatlaryň biri — ömür hemramyz edinip saýlan hünärimiz, beýleki ganatymyz bolsa bagtyýar döwrümizdir. Şunuň özi döredijilik adamsy üçin sözüň doly manysynda bagtyň çüwmesidir.

     Medeniýete, sungata ykbalyňy baglasaň, ýurtda bolup geçýän wakalaryň, täzelikleriň, toýdur dabaralaryň içinde bolýarsyň. «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» ýylynyň bereketli güýz pasly bilen gyş paslynyň sepgidinde paýtagtymyzda sungat baýramçylygyny ýokary derejede belläp geçdik. Dünýäniň onlarça ýurdundan gelen teatr ussatlaryny bir ýere jemlän halkara teatr festiwaly uly üstünlikler bilen tamamlandy. Festiwala gatnaşan ýurtlaryň teatr ussatlary özleriniň sahnalaşdyran oýunlary bilen çykyş etdiler. Şeýle çykyşlara tomaşa edeniňde, dünýä teatrynyň dem alýan howasy, artistleriň ussatlyklary bilen ýakyndan tanyş bolýarsyň. Munuň özi bize öz tejribämizi artdyrmaga kömek berýär. Şeýle halkara festiwalyň geçirilmegi türkmen teatr sungatyny dünýä çykarmakda milli Liderimiziň bimöçber aladalarynyň ýene bir belent beýany bolup durýar.

     Mollanepes adyndaky talyplar teatrynyň artistleri bu festiwalda «Leýli we Mejnun» atly täze goýlan sahna oýny bilen çykyş etdiler. Oýunda çykyş edýän artistleriň ählisi diýen ýaly ýaşlar bolup, döre- dijilikli zähmet olaryň tejribeleriniň artmagyna uly ýardam berýär. Hawa, festiwal tamamlandy. Ýöne onuň täsirleri biziň köp wagtlap ýadymyzdan çykmasa gerek.

    Türkmen topragy myhmansöýer toprak, ata Watanymyz toý-baýramlaryň mekany. Halkara derejedäki şeýle teatr baýramçylygynyň geçirilmegi hem-de oňa gatnaşyp, öz kärdeşlerimiz bilen özara pikir, tejribe alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza alkyşymyz egsilmezdir.

 

     Dalýa IWANOWA, Ukrainanyň Kiýew akademiki gurjak teatrynyň direktory:

— Biz Türkmen döwlet gurjak teatrynda körpe tomaşaçylara «Gazlar we guwlar» atly sahna oýnumyzy görkezdik. Erteki esasynda taýýarlanan bu sahna oýnumyzyň körpe tomaşaçylarda uly täsir galdyrandygyny olaryň oýnuň dowamyndaky el çarpyşmalaryndan hem duýduk.

       «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwala gatnaşmak üçin Aşgabada gelenimizde, bizi diýseň gadyrly garşyladylar. Festiwalyň ilkinji günleri Aşgabada guralan gezelenç bizde uly täsir galdyrdy. Şäher gözelligini synlamak, halkyň milliligi bilen tanyşmak has-da ýakymly. Türkmen gelin-gyzlarynyň milli lybaslary owadanlygy, nepisligi bilen hasda özüne çekýär. Men türkmen tahýasynyň birnäçesini öz ýakynlaryma sowgat bermek üçin aldym. Bu sowgadym olara ýarar diýip, pikir edýärin.

    Biz bu ýerde köp sanly türkmen kärdeşlerimiz bilen tanyş bolduk. Şeýle dostluk-doganlyk gatnaşyklary sungatyň has-da baýlaşmagyna, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň pugtalanmagyna uly ýardam edýär. Şeýle halkara festiwalyň geçirilendigi hem-de oňa gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygymyzy bildirýäris.

 

   Haýrulla SAGDIÝEW, Özbegistan Respublikasynyň Döwlet satira teatrynyň režissýory:

— Ilki bilen, Aşgabatda geçirilen halkara teatr festiwalyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen Liderine alkyş aýdýarys. Festiwalyň her güni ýatda galyjy wakalara beslendi. Bu ýerde sungat ussatlary bilen pikir alyşmak tejribämiziň artmagyna uly ýardam berdi. Türkmen sahnasynda çykyş etmek biziň üçin uly mertebe boldy.

     Häzirki wagtda döwlet Baştutanlarymyzyň ýolbaşçylygynda halklarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarymyz has-da berkeýär. Ähli ulgamlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynda hem alnyp barylýan işler guwandyryjy häsiýete eýe. Döwlet satira teatrymyz türkmen paýtagtynda geçirilen halkara teatr festiwalyna «Padarkuş» atly gülküli sahna oýnuny getirdi. Bize festiwalyň ilkinji günleri çykyş etmek miýesser etdi. Tomaşaçylar sahna oýnumyzy ýokary derejede kabul etdiler. Bu bolsa bizi has-da ruhlandyrdy.

        Festiwalyň jemleýji güni guralan dabara has täsirli boldy. Oňa gatnaşan ýurtlaryň wekilleri bilen birlikde diplom bilen millilige ýugrulan nyşanyň gowşurylmagy bizi has-da ruhlandyrdy. Pursatdan peýdalanyp, türkmen tomaşaçylaryny, daşary ýurtly sungat ussatlaryny teatrymyzda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrmakdan ötri döredilen mümkinçilik üçin ýene bir ýola türkmen Liderine sagbolsun aýdýarys.

 

     Ingrid MARGUS, Estoniýanyň R.A.A.A.M. teatrynyň artisti:      

— Aşgabatda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwal ýokary derejede geçirildi. Biz bu festiwala gatnaşmak üçin on alty adam bolup geldik. Aşgabat, Aşgabat festiwaly bizde örän uly täsir galdyrdy.

     Medeniýete, sungata belent sarpa goýýan hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynyň sowgat berilmegi meniň üçin türkmen medeniýeti, sungaty bilen giňişleýin tanyşmaga döredilen giň mümkinçilikdir. Türkmenistan — bagtly adamlaryň, watansöýüji nesilleriň ýaşaýan ýurdy. Nirede aýdym-sazyň sesi ýaňlanýan bolsa, onda şol ýeriň adamlary bagtlydyr diýilýär. Teatr sahnasynda watançylyk temasyndaky goýlan sahna eserleri bolsa watansöýüji ýaşlary kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Türkmenistanly kärdeşlerimiziň türkmen halkynyň taryhyndan söz açýan ajaýyp sahna oýunlary bizde uly täsir galdyrdy. Biz ol sahna oýunlarynyň üsti bilen halkyňyzyň baý taryhynyň müňýyllyklardan gözbaş alýandygyna göz ýetirdik. Teatr festiwalyndan alan sungat sapaklarymyz biziň öz sungatymyzy ösdürmäge, kämilleşdirmäge döredilen ajaýyp mümkinçilikdir.

 

Ahmedjawid ZARGHAM, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat teatrynyň režissýory:

— Doganlyk türkmen topragynda geçirilen halkara festiwala gatnaşan günlerim meniň üçin iň bagtly günler boldy. Biz festiwal günleri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda «Ümsümligiň syry» atly sahna oýnumyz bilen çykyş etdik. Bu sahnada agzybirlik, parahatçylyk dogrusynda söz açylýar. Meniň özüm Hyrat teatrynda birnäçe ýyl bäri režissýor bolup zähmet çekip gelýärin. Biz teatrymyzyň sahnasynda, köplenç, taryhy eserleri, şeýle-de durmuşy il wakalary sahnalaşdyrýarys. Durmuşdan alnan mysallaryň üsti bilen sahnalaşdyrýan oýunlarymyz tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwala gatnaşmak üçin Aşgabada ilkinji gelşim. Özümde galan täsirleri beýan ederden söz ejiz gelýär. «Eşiden deň bolmaz, gören göz bilen» diýlişi ýaly, bu ýere gelip görmegimiz diňe meniň däl, biziň teatr toparymyzyň agzalarynyň hemmesiniň kalbyny Aşgabat hakdaky ajaýyp täsirlerden doldurdy. Bizi ähli ýerde örän gadyrly, mähirli garşyladylar. Şeýle ýokary derejede geçirilen halkara festiwala gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna sagbolsun aýdýarys. Oňa dünýä halklary bilen ysnyşykly alyp barýan işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris!

 

Nurkanat ŽAKIPBAÝEW, Gazagystan Respublikasynyň Nur-Sultan şäher häkimliginiň Žastar teatrynyň režissýory:

— Biz festiwalda «Žibek» atly sahna oýnumyz bilen çykyş etdik. Türkmen doganlarymyz biziň çykyşymyza uly baha berdiler. Sahnada görkezilen oýna teatryň zalyny dolduryp tomaşa edip oturan adamlara gözüň düşende, olaryň sungata bolan höwesleri iň ýakymly duýgulary oýarýar. Teatr mydama özüniň şeýle tomaşaçylary bilen hem ýaşaýar. Biz bu festiwalyň ilkinji gününde eýýäm özümiziň täze dostlarymyz bilen tanyşdyk. Ýeri gelende, türkmen doganlarymyzyň bu sungat baýramçylygyna örän taýýarlykly gelendigini aýdasym gelýär. Ol bolsa türkmen döwletinde sungata beýik sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr.

Edil gowy sahna oýny tomaşaçylary nähili begendirýän bolsa, şeýle halkara festiwalyň geçirilmegi sahna ussatlary üçin sungat baýramçylygyna öwrülýär. Olara gatnaşmak bilen, biri-birimizden örän köp zat öwrenýäris. Olar biziň üçin özboluşly kämillik mekdebidir.

Biz festiwalyň özümizde galdyran şeýle ýakymly pursatlaryny hiç wagt unutmarys. Şeýle tutumly dostluk baýramçylygyna gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin ony guraýjylaryň ählisine köp sagbolsun aýdýaryn. Dünýäniň sungat ýollaryny türkmen topragynda birleşdirýän hormatly Türkmenistanyň Prezidentine çäksiz hoşallyk bildirýäris we ähli işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

 

  Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.