SAHNADA DOSTLUK DABARALANÝAR

Paýtagtymyzda dowam edýän halkara teatr festiwalynyň dördünji güni hem ruhubelentlige beslendi. Festiwal Türkmen döwlet gurjak teatrynda Täjigistan Respublikasynyň «Kim günäkär?» atly sahna oýny bilen dowam etdi. Bu gurjak oýny pelsepä, gadymy hekaýatlaryň söhbetlerine ýugrulandyr. Sahna oýnunda gadymy döwürlerden bäri ynsanlaryň «şeýtan ýoldan çykardy» diýip, günä iş edip, biparh bolýandyklary, netijede, olaryň toba gelmeklerini salgy berýän ata-babalaryň pentleriniň, öwütleriniň ör-boýuna galýandygy gürrüň berilýär. Bu sahna oýnunda adamlaryň pes gylyk-häsiýetleri - gysgançlyk, gaharjaňlyk, husytlyk, haýynlyk paş edilýär. Sahna oýny, bir tarapdan, tomaşaçylara özüni görmäge mümkinçilik döretse, beýleki tarapdan «şeýtanyň ýoluna düşüp» azaşanlary toba çagyrýar.

Bu teatrda tomaşaçylara Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Ekiýat» döwlet gurjak teatrynyň «Geçi we goýun» atly sahna oýny hem görkezildi. Özüne çekiji we öwüt-nesihat beriji äheňde ýazylan bu oýun erteki esasynda sahnalaşdyrylypdyr. Mýuzikl žanrynda döredilen bu gurjak oýny ýaş tomaşaçylara adalatlylyk, dogruçyllyk barada düşünje berýär. Gurjak oýnunyň baş gahrymanlary geçi bilen goýun ene-atasyny taşlap, husyt baýa bergi hökmünde satylmajak bolup, tokaýa ýaşamaga gidýärler. Tokaýda bolsa olary iýjek ýyrtyjylar juda köp. Ahyrynda öz eden işleriniň ýalňyşdygyna düşünen geçi bilen goýun öz öýlerine dolanyp gelýärler.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat teatrynyň «Ümsümligiň syry» atly sahna oýny görkezildi. Sahnada kökleri berk hem sagdyn bir garry daragt görkezilýär. Ol birek-birege goldawy we  dostlukly gatnaşyklary aňladýar.

Ýüzüne gasyn düşen bir alym gamgyn halda bu agaja bakyp dur. Sahna oýnunyň başynda alym daragt bilen sözleşýär we oňa gür ýaprakly we kölegesiniň goýy bolmagyny arzuw edýär. Ýaşuly adam: «Eger daragtyň ýaşyl ýapraklary bolsady, onda guşlar onuň üstünde höwürtge ýasardylar, ýapraklary bolsa kölege bererdi, emma, gynansak-da, daragtyň şahalarynyň we ýapraklarynyň guranyna indi birnäçe ýyl geçipdir» diýýär. Umuman aýdanymyzda, sahna oýnunyň dowamynda paýhaslylygyň, edermenligiň hemişe üstün çykýanlygy çeper teswirlenýär.

      Biz oýnuň ahyrynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat teatrynyň çeper ýolbaşçysy Faridon Fakori bilen gürrüňdeş bolduk. Myhman: «Aşgabatda geçirilýän halkara teatr festiwaly üstünlikli dowam edýär. Biz bu ýerde dürli döwletleriň sungat wekilleri bilen duşuşyp, olar bilen teatr sungaty hakynda gyzykly söhbetleri guradyk. Özüm çeper döredijilik bilen meşgullanýaryn. Halkymyzyň taryhyndan söz açýan birnäçe taryhy eserleri okyjylara hödürledim. Olar dünýäniň dürli dillerinde hem neşir edildi. Hyrat teatrymyz onlarça ýyl bäri hereket edýär. Biz teatrymyzyň sahnasynda milli öwüşginli sahnalary goýmaga ýykgyn edýäris. Aşgabatda geçirilýän halkara festiwala bolsa «Ümsümligiň syry» atly dramany getirdik. Görşüňiz ýaly, bu oýna tomaşa edenler ony gyzgyn garşyladylar. Bu bolsa bizi has-da ruhlandyrdy. Bu drama oýnunda owgan topragynda hem parahatçylygyň höküm sürmegi barada gürrüň berilýär. Agzybirligiň, parahatçylygyň bar ýerinde durmuş gaýnap-joşup, dünýäniň dürli halklary bilen dostlukly gat- naşyklar gülläp ösýär. Şeýle duýgular biziň şu günki dramamyzda giňişleýin beýan edilýär.

    Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar barha dabaralanýar. Türkmen Lideri bize hemişe ynsanperwerlik goldawyny berip durýar. Munuň üçin biz owgan halkynyň adyndan hormatly Prezidente hoşallygymyzy bildirýäris. Halkara festiwala gatnaşmaga döredilen mümkinçilik hem-de bütin dünýäde ynsanperwerler syýasaty daba- ralandyrmak ugrunda beýik işleri alyp barýan hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw edýäris» diýip, belläp geçdi.

      Günüň ikinji ýarymynda bu teatrda Eýran Yslam Respublikasynyň Sanan teatrynyň «Sanan» atly sahna oýny görkezildi. Eýran halk edebiýatyna degişli Atteşapurlynyň eseri esasynda sahnalaşdyrylan oýunda söýgi beýan edilýär.

— Biz türkmen sahnasynda ilkinji gezek çykyş edýäris. Şu festiwalda teatrymyzyň artistleriniň taýýarlan «Sanan» oýnuny görkezdik. Bu sahna oýnunda bir gyzyň yşkyna düşen Freddi Zahe adamyň şol gyza duşmak üçin başdan geçiren wakalary gyzykly täsirli beýan edilýär. Görşüňiz ýaly, kynçylyklara döz gelmegi başaran adam öz arzuwlaryna gowuşýar. Biz hem öz döredijilik toparymyzyň adyndan türkmen Liderine festiwala gatnaşmaga döreden mümkinçiligi üçin alkyş aýdýarys. Ýaşasyn türkmen-eýran dostlugy diýip, «Sanan» teatrynyň baş režissýory Aliakbar Hodaşenas belledi.

        Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda bu teatryň «Leýli we Mejnun» atly sahna oýny görkezildi. Ozal habar berlişi  ýaly, bu sahna oýny Türkmen döwlet medeniýet institutynyň ýaşlarynyň diplom işi. Halypa dramaturg G.Daňatarow bilen tejribeli mugallym hem režissýor U.Meläýewanyň bilelikde sahna çykaran täze eserinde tomaşaçylar rowaýatyň ýaş gahrymanlary bilen duşuşýarlar. Bu sahna oýnunda Leýli bilen Mejnun bir-birine tutaşan söýgüsini aýan edýärler. Olaryň biri-birine bolan söýgüsini näzik duýgularda beýan etmegi nusgalyk derejede başarmagy tomaşaçylaryň sahna oýnuna bolan gyzyklanmasyny hasda artdyrýar. Munuň şeýledigini sahna oýnuna tomaşa edeniňde magat göz ýetirýärsiň.

     Halkara teatr festiwalynyň dördünji güni görkezilen sahna oýunlarynyň dowamynda biz Pakistan Yslam Respublikasynyň «Maas Foundation» teatrynyň çeper ýolbaşçysy Aamir Nawaz bilen gürrüňdeş bolduk. Ol: «On alty ýyl bäri hereket edip gelýän teatrymyzyň artistleri dünýäniň birnäçe ýurdunda boldy. Halkara teatr festiwalynda biz «Söýgi kitaby» atly sahna oýny bilen çykyş etdik. Onda söýgi hakynda gürrüň gozgalýar, emma ähli wakalar, köplenç, sözsüz beýan edilýär. Sahna oýnunda çaganyň nukdaýnazaryndan syýahat, ilki maşgala we ata-ene barada gürrüň berilýär. Çaga olara birwagtky süýji hem gözel günlerini ýatladýar. Bäş  ýaşly Aly atly oglanjyk günleriň bir güni öýde ýeke galýar. Ýalňyzlykda ol tekjede duran kitabyň gatyny açýar. Şol kitap bolsa «Söýgi kitaby» bolup çykýar. Ol kitabyň her bir bölüminde ýaş çatynjalaryň ömründe bolup geçen bagtly pursatlary, ýagny olaryň ilkinji duşuşyklary, nikalaşmagy, toýdan soňky syýahatlary bilen tanyş bolýar. Wakanyň ahyrynda oglanjygyň şol okan zatlary onuň ata-enesiniň başdan geçiren hakyky durmuşy bolup çykýar. Biziň bu sahna oýnumyzy festiwala gatnaşýan sungat ussatlary, Aşgabadyň ýaşaýjylary uly gyzyklanma bilen kabul etdiler. Dünýäniň onlarça ýurdundan gelen sungat işgärlerini dost-doganlygyň paýtagty bolan gözel Aşgabatda duşuşyp, özara tejribe alyşmaga, biri-birimiziň taýýarlan sahna oýunlarymyz bilen tanyşmaga, Aşgabadyň gözelliklerini, Ginnesiň rekordlar kitabyna giren täsin binalar bilen tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna hoşallygymyzy bildirýäris» diýip belläp geçdi.

      Şu gün halkara teatr festiwalynyň jemleýji güni. Oňa gatnaşýan myhmanlar hem-de ildeşlerimiz üçin bu gün hem gyzykly oýunlar garaşýar.

 

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW