ITALÝAN OPERASY TÜRKMEN SAHNASYNDA

Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň we Italiýanyň sahna ussatlarynyň bilelikde gatnaşmagynda «Paýasy» atly opera görkezildi. Bu opera 1892-nji ýylda dünýä belli italýan kompozitory Rujero Leonkawallo tarapyndan ýazylyp, şol ýylyň maý aýynda Milan şäherinde ilkinji gezek tomaşaçylara görkezilýär. Operada gürrüň berilýän waka Italiýanyň günortasynda ýerleşýän şäherçede bolup geçýär. Ýordumynyň sadalygy hem-de onda beýan edilýän wakalaryň halk durmuşyndan gözbaş alýandygy bilen tomaşaçylary özüne imrindiren opera gysga wagtyň içinde dünýäniň beýleki teatrlarynyň hem özboluşly sahna bezegine öwrülýär. Bu opera häli-häzire çenli dünýä halklarynyň arasynda uly meşhurlyga eýedir.

 Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiz milli opera sungatymyzy ösdürmäge hem-de opera aýdymçylarynyň täze neslini ýetişdirmäge uly üns berýär. Türkmenistanyň we Italiýanyň sahna ussatlarynyň bilelikde gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan opera hem ýurdumyzyň kämillige gol beren opera aýdymçylarynyň bu ugurda baý tejribe toplamagyna uly mümkinçilik döredýär.

Mälim bolşy ýaly, Italiýa opera sungatynyň dörän ýurdy hasaplanylýar. Bu günki günde dünýäniň aýdym-saz sungatynyň gaznasyna giren ajaýyp opera eserleriniň ählisi diýen ýaly italýan dilinde ýaňlanýar. türkmen we italýan sahna ussatlarynyň bilelikde gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan operanyň italýan dilinde ýerine ýetirilendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Italýan dili boýunça hünärmeniň ýörite tälim bermegi bilen ýurdumyzyň opera aýdymçylary dostlukly halkyň dilini içgin özleşdiripdirler. Bu bolsa ajaýyp sahna eserinde beýan edilýän wakany asyl nusgasynda kabul etmäge amatly şertleri döredýär.

Bu operany belli italýan režissýory Daniele de Plano sahnalaşdyrypdyr. Daniele de Plano diňe Italiýada däl, eýsem, dünýäniň beýleki döwletlerinde-de öz käriniň ussady hökmünde giňden tanalýan režissýorlaryň biridir. Ol daşary ýurtlaryň dünýä belli opera aýdymçylarynyň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan operalaryň hem sungat muşdaklary tarapyndan gyzgyn garşylanmagyna saldamly goşant goşan ussat telerežissýor hökmünde-de bellidir.

Bilelikde sahnalaşdyrylan operanyň ilkinji görnüşleri tomaşaçylary gyzykly wakalaryň jümmüşine alyp gidýär. Sahnada italýan şäherçesiniň keşbi görünýär. Sada, şol bir wagtyň özünde-de hakyky italýan durmuşyna mahsus görnüşler bilen tomaşaçyny özüne imrindirýän sahna bezegi operada beýan edilýän wakalary edil janly ýaly kabul etmäge ruhlandyrýar. Belli suratkeş Batyr Bekmyradowyň taýýarlan özboluşly bezeg işleriniň kämilligi, onuň operada beýan edilýän wakalary içgin özleşdirendigi hem-de şeýle bezeg işlerine döredijilikli çemeleşendigi barada söhbet etmek has-da ýakymly. B.Bekmyradow, sahna bezeglerinden başga-da, operada çykyş edýän aýdymçylaryň eginbaşlaryny hem italýan halkyna mahsus äheňlerde taýýarlamakda ukyp-başarnygyny gaýgyrmandyr.

Operada baş gahrymanlaryň keşplerini belli italýan aýdymçysy Françesko Aniele bilen Türkmenistanyň at gazanan artisti Bibijemal Amanowa janlandyrmak ynanylypdyr. Bu günki günde dünýäniň ençeme döwletleriniň belli teatrlarynda gaýtalanmajak zehini bilen nusgawy hem-de häzirki zaman operalarynda üstünlikli çykyş edip adygan tanymal aýdymçy F.Aniele bilen täzeden dikeldilýän milli operalarymyzyň birnäçesini mahmal owazy bilen bezeýän B.Amanowanyň baş gahrymanlaryň keşbini janlandyrmaga saýlanyp alynmagy sahna eseriniň täze öwüşginler bilen bezelmeginde öz beýanyny tapýar. Türkmen we italýan aýdymçylarynyň özboluşly aýdym aýdyş äheňi, olaryň sahnada özüni erkin alyp barmagy netijesinde, tomaşaçy özüni operada beýan edilýän wakalaryň jümmüşinde ýaly duýýar. Şeýle duýgy bütin operanyň dowamynda tomaşaçylary gaplap alýar.

Bu operada ýurdumyzyň kämillige gol beren aýdymçylary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Nury Nuryýew, Amangeldi Amanow, Ysmaýyl Jumaýew dürli häsiýetdäki sahna gahrymanlarynyň keşplerini janlandyrýarlar.

Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan teatr sungatynyň dürli görnüşlerine mahsus bolşy ýaly, bu operada hem köpçülikleýin sahnalara uly orun berilýär. Türkmenistanyň Döwlet horunyň aýdymçylary köpçülikleýin sahnalarda çykyş edýärler. Tejribeli hormeýsterler Haýdar Eminow, Atajan Öwezow dagy hem operada çykyş edýän hor aýdymçylary bilen ýörite sapak geçip, olaryň öz ukyp-başarnygyny daşary ýurt operasynda ýüze çykarmagy hem-de bu eseriň kämil derejede ýaňlanmagy üçin zähmet siňdiripdirler. Resul Gylyjowyň dirižýorlyk etmeginde Türkmenistanyň döwlet simfoniki orkestriniň ezber sazandalary täze operany ajaýyp sazlar bilen bezäpdirler. M.Berdimyradow bilen G.Gurbanow hem operada beýan edilýän wakalary dürli yşyklar bilen şöhlelendirýärler.

— Türkmenistanyň we Italiýanyň sahna ussatlarynyň bilelikde gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan «Paýasy» atly operanyň «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalynyň öz işine başlan gününde görkezilmegi biziň şatlygymyza şatlyk goşdy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň teatrlarynyň işiniň döwrebap guralmagyna hem-de täze sahna eserleri bilen baýlaşmagyna uly üns berýär. Täze sahnalaşdyrylan opera hem türkmen we italýan  halklarynyň arasynda ýola goýlan medeni gatnaşyklaryň barha giň gerime eýe bolýandygynyň aýdyň nusgasyna öwrüldi. Iki dostlukly halky sungat arkaly biri-birine has-da ýakynlaşdyrdy. Geljekde-de täze döwrebap eserler bilen tomaşaçylaryň göwünlerini galkyndyrmaga çalşarys. Şu şatlykly pursatlarda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýaryn — diýip, Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň baş ýolbaşçysy Myrat Aradow belledi.