Irina ÇERNIKOWA, Ukrainanyň Kiýew akademiki gurjak teatrynyň çeper ýolbaşçysy, Ukrainanyň at gazanan medeniýet işgäri:

— Biziň teatrymyz Türkmenistanda indi ikinji gezek. 2014-nji ýylda türkmen paýtagtyna ilkinji gezek gelip görüpdik. Şol döwürden bäri Aşgabatda bolup geçen ösüş-özgerişler bizde aýratyn täsir galdyrdy. Bu ýerde gurlan medeni-dynç alyş merkezleri, seýilgählerdir muzeýler Türkmenistanda adamlaryň medeniýetli dynç almagy üçin edilýän uly aladalardan nyşandyr.

Biz bu festiwalyň çäginde dürli halklaryň medeniýeti, sungaty bilen tanyşýarys. Türkmen teatr ussatlarynyň sahnalaşdyran spektakllary hem milli öwüşginlere baýlygy bilen tapawutlanýar. Biz türkmen kärdeşlerimiziň sahnalaşdyran spektakllarynyň üsti bilen halkyň geçmiş taryhy, bagtyýar şu güni bilen tanyşdyk. Bir söz bilen aýdanymyzda, häzirki zaman türkmen teatry döwür bilen deň gadam urýar, döwrebap spektakllar bilen tomaşaçylary begendirýär.

Teatr baýramçylygynyň guramaçylaryna çäreleri ýokary derejede gurandyklary üçin çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris.