TURKMEN SAHNASY — DOSTLUGYN SAHNASY

Paýtagtymyzda geçirilýän halkara teatr festiwaly üstünlikli dowam edýär. Düýn festiwalyň üçünji güni ýurdumyzyň, şeýle hem daşary ýurtly teatr artistleriniň tomaşaçylar üçin taýýarlan sahna oýunlarynyň birnäçesi görkezildi.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Estoniýanyň R.A.A.A.M teatrynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde «Häzir söýginiň wagty däl» atly sahna oýny görkezildi. Braziliýaly dramaturg Gilerme Figeýredonyň bu sahna eseri gadymy mifiki şahslar, keramatlaşdyrylan gahrymanlar bolan Amfitriona we Gerkulese bagyşlanýar. Sahna oýnunda dünýäniň gurluşy hem-de zeminde ýaşaýşyň döreýşi baradaky gadymy halk aýdyşyklary häzirki zaman di- linde beýan edilýär. Täsirli wakalaryň üsti bilen öz maşgalaňa, söwer ýaryňa wepalylyk ündelýär.

Mundan başga-da, düýn bu teatrda görkezilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Theatre simple» teatrynyň «Kerwen gürrüňleri» atly sahna oýny hem tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy. Bu oýunda maşgala gatnaşyklary, ýakynlaryňy kyn günde goldamak, birek-biregiň sarpasyny saklamak barada söhbet açylýar. Umuman, ýönekeý durmuşdan alnan bu sahna oýnunda maşgala gatnaşyklary, dogruçyllyk, ugurtapyjylyk ýaly temalar öz beýanyny tapýar. Bu sahna oýnunda gahrymanlaryň filosofiki garaýyşlary, oýnuň çuňlugy, many-mazmuny tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi.

Biz bu sahna oýnundan soňra «Theatre simple» teatrynyň artisti Llysa Holland bilen gürrüňdeş bolduk. Ol: «Biziň teatrymyz 1990-njy ýyldan bäri hereket edýär. Geçen ýyllaryň dowamynda biz dünýäniň birnäçe ýurtlarynda sahna oýunlarymyz bilen çykyş etdik. Teatrymyzyň döredijilik topary «Adelaide Fringe» festiwalynyň uly baýragyna hem mynasyp boldy.

Aşgabatda geçirilýän III halkara teatr festiwalyna gatnaşýandygymyz üçin begenjimiziň çägi ýok. Şäher gözelligi, bu ýerdeki teatrlaryň binagärlik aýratynlygy bizde uly täsir galdyrdy.

Festiwalyň dowam edýän günlerinde dünýäniň onlarça ýurdundan gelen teatr ussatlary bilen duşuşmak, olaryň sahna oýunlary bilen tanyşmak biziň tejribämiziň artmagyna ýardam berdi. Türkmen ýaşlary bilen guralan duşuşykda olaryň saýlap alan hünärlerine bolan höwesiniň has-da ýokarydygyna göz ýetirdik. Türkmen teatrlarynda görkezilen täsirli sahnalar bize türkmen halkynyň baý taryhy bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi» — diýip belledi.

Türkmen döwlet gurjak teatrynda Ukrainanyň Kiýew akademiki gurjak teatrynyň taýýarlan «Gazlar we guwlar» atly gurjak oýny tomaşaçylara görkezildi. Bu sahna oýny gadymy ukrain halk ertekileri esasynda goýlupdyr. Gurjak oýnunyň wakalary iki sany rawynyň gürrüň bermeginde janly we gyzykly beýan edilýär.

Ir döwürler zeminiň örän asuda ýerinde bir ata bilen ene, olaryň uly gyzy Nastusýa we kiçijik dogany Iwanko ýaşapdyr. Birdenkä parahat oturan öýüň üstünde uçup barýan gazlaryň we guwlaryň sürüsi peýda bolýar. Olar oglanjygy özlerine çopan edinmek üçin alyp gidýärler. Kiçijik Nastusýa bolsa öz doganyny guşlardan halas etmek üçin howply syýahata rowana bolýar. Ol gazlardan we guwlardan, dürli kynçylykly hereketlerden ejizlemän doganyny halas edýär.

Bu teatrda Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Peterburg kölege teatrynyň artistleriniň taýýarlan «Skripkaly serçe üçin sýuita» atly sahna oýny görkezildi. Kompozitor A.Wiwaldiniň sazynyň ýaňlanmagynda hyýaly hereketler arkaly sözsüz sahna şekilleri ýerine ýetirilýär. Sahnada barokka äheňli sazyň utgaşmagynda gurjaklaryň kölegesinde wideoşekiller arkaly wakalar şöhlelendirilýär.

   Teatr sungatynyň gözellik kanunlarynda iki sany gapma-garşylykly hyýaly wakalar arkaly özboluşly birleşme emele gelýär. Sahna oýnunda wakalar häzirki zaman gurjak teatrlarynyň dilinde, şeýle hem ekranyň giňişliginde gurjaklaryň ugurdaş kölegesinde tomaşaça sözsüz beýan edilýär. Uly ýaşly tomaşaçylara niýetlenen sahna oýny bagta sary alyp barýan ynamyň, umytlaryň sönmezligi, ýalňyzlygy ýeňip geçmek barada.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryn- da Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň awtorly- gynda, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Aýnazar Batyrowyň režissýorlygynda goýlan «Binýat» atly taryhy drama görkezildi. Orta asyr türkmen taryhyna degişli maglumatlaryň esasynda döredilen taryhy dramada 1040-njy ýylyň Daňdanakan söweşi hakynda täsirli wakalar beýan edilýär.

Türkmenistanyň halk artistleri Öwezguly Gelenow, Orazgeldi Amangeldiýew, Ogultäç Hanyýewa, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Döwlet Berdiýew, Ýagmyr Gurbannazarow, Annamyrat Saparow, Şatlyk Halykow, Tirkiş Mätnazarow, Bekmyrat Gylyjow, artistler Didar Kowusow, Ahmet Annadurdyýew ýaly artistleriň özlerine ynylan keşpleri ussatlyk bilen yerine ýetirmekleri bolsa, olaryň tomaşaçynyň kalbyna barýan inçe ýoly tapmagy başarandyklarynyň alamatydyr.

«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwaly dowam edýär.

 

                                                                                MYHMANLARYŇ   ÝÜREK BUÝSANÇLARY

 

Aslanbek ŽANUZAKOW, Gazagystanyň Žastar teatrynyň artisti:

— Türkmenistanda geçirilýän halkara teatr festiwalyna gatnaşýandygymyza örän şat. Bu ýerde dürli ýurtlaryň, milletleriň sungat wekilleri, teatr ussatlary özara duşuşýarlar. Bu festiwal dünýä ýurtlarynyň teatr sungaty we sahna oýunlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Meniň özüm Nur-Sultan şäheriniň Žastar teatrynda zähmet çekýärin. Biziň teatrymyz 2007-nji ýyldan bäri hereket edýär. Biz bu festiwala «Žibek» atly sazly sahna oýnumyzy getirdik.

Biziň teatr artistlerimiz türkmen topragynda ozal hem birnäçe gezek boldular. Özüm Türkmenistanda ilkinji gezek bolýaryn. Türkmen ar- tistleri bilen guralan duşuşyklar olar bilen pikir alyşmaga döredilen iň gowy mümkinçilik boldy. Türkmen sahnasynda görkezen «Žibek» atly oýnumyz hem tomaşaçylaryň söýgüsine mynasyp boldy. Bu bizi buýsandyrýar. Biz geljek ýyllarda türkmen kärdeşlerimiz bilen bilelikde täze oýunlaryny sahnalaşdyrmagy maksat edinýäris. Halkara festiwalyň dowamynda oňa gatnaşýan ýurtlaryň sungat wekilleri bilen duşuşyklary, pikir alyşmalary geçirmäge, öz sahna oýnumyz bilen çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin festiwaly guraýjylaryň ählisine köp sagbolsun aýdýarys.

 

Roza ÝAPPAROWA, Tatarystanyň «Ekiýat» döwlet gurjak teatrynyň direktory:

— Türkmenistan dünýäniň gadymy medeni ojaklarynyň biri hasaplanýar. Bu ajaýyp ýurtda döwlet derejesinde milli medeniýetiň, sungatyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Aşgabadyň ga- dymy köşklere çalym edýän owadan teatrlarynda hem dürli many-mazmundaky spektakllary sahnalaşdyrmak üçin ähli şertler göz öňünde tutulypdyr. Biz türkmen kärdeşlerimiz bilen teatr sungaty barada özara pikir alyşdyk. Olar bilen geljekde hem teatr sungatyny ösdürmek ugrunda dostlukly hyzmatdaşlygymyzy dowam etdireris.

    1934-nji ýyldan bäri hereket edip gelýän teatrymyzda 100-e golaý adam zähmet çekýär. Teatrymyz 1974-nji ýylda Halkara gurjak teatry- nyň agzasy boldy. Biziň sahnamyzda goýulýan oýunlar rus hem-de tatar dillerinde bolup, onda esasan hem, häzirki dramaturglaryň döwrebap eserlerini sahnalaşdyrýarys.

Siziň ýurduňyzyň teatrlary hem «Halkyň döredeni dünýä ýol salýar» diýen gadymy pähime eýerýän eken. Türkmen kärdeşlerimiziň bu ugur- da alyp barýan işleri öwgä mynasyp. Festiwalyň dowamynda işleri bilen tanyş bolan türkmen teatrlarymyz milli öwüşginli sahna eserlerine uly üns berýän eken. Şol sebäpli biziň döredijilik gözleglerimiz biri-birimiziňkä has ýakyn bolup görünýär. Dürli halklaryň sungat wekillerini bir ýere jem etmäge uly mümkinçilikleri döreden hormatly Türkmenistanyň Prezidentiniň janynyň sag bolup, alyp barýan beýik işlerinde uly üstünlikleri gazanmagyny arzuw edýärin

  SANJAR TURSUNOW

Özbegistanyň Döwlet satira teatrynyň artisti:

— Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda guwandyryjy işler dowam edýär. Ýurtlarymyzyň arasynda uzak geljegi nazarlaýan dostlukly gatnaşyklarymyz bu gün medeniýetiň, sungatyň üsti bilen has-da dabaralanýar. Dost öýünde myh- man bolmak, onuň paýtagtynyň gözelligi bilen tanyşmak biziň üçin juda ýakymly.

Aşgabatda geçirilýän halkara teatr festiwalynyň ähmiýeti barada aýtmaly bolsa, onda ilki bilen, onuň dünýä halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam edýän medeni çäredigini bellemek gerek. Bu festiwal dünýä halklarynyň teatr sungatynyň dürli gör- nüşlerini özünde jemleýär. Spektakllarda söýgi, dostluk-doganlyk, agzybirlik, ynsanperwerlik, ruhy päklik çeper keşpleriň üsti bilen wasp edilýär.

Wagtyň synagyndan geçen nusgawy eserler bilen häzirki zaman sahna eserleriniň özara sazlaşygynda döredilyän spektakllar has derwaýys temalary öz içine alýar. Olaryň köpüsi tomaşaçylaryň söýgüli spektakllaryna öwrülip, dünýäniň meşhur teatrlarynyň sahnasyna aýratyn bezeg berýär. Biz munuň şeýledigine Aşgabatda dowam edýän festiwalda görkezilen sahna eserleriniň mysalynda hem göz ýetirdik.

Bizde ýakymly täsir galdyryp, täze döredijilik gözleglerine badalga beren festiwala gatnaşýandygyma begenjimiň çägi ýok. Dostlukly Özbegistanyň teatr artistleriniň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa dünýä halklarynyň bähbidini nazarlaýan beýik işlerinde uly üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýärin.

 

Taýýarlan Şamyrat MUHAMMETGURBANOW.