DOSTLUK TOÝUNYŇ DABARASY

Paýtagtymyzda „Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty“ atly III halkara festiwaly dowam edýär. Festiwalyň çäklerinde guralýan çäreleriň her biri baý many-mazmuny bilen tapawutlanýar. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan sahna sungatynyň forumy Aşgabatda dünýä döwletleriniň 12-sinden, ýagny Owganystandan, Eýrandan, Italiýadan, Gazagystandan, Pakistandan, Russiýadan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Täjigistandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Ukrainadan, Estoniýadan teatr toparlarynyň 14-sini birleşdirdi. Sungatyň beýik güýji bar. 0l halklary ýakynlaşdyrýar, birek-birek bilen dostlaşdyrýar. Bu babatda ýurdumyzyň halkara gatnaşyklarynda medeni hyzmatdaşlygyň aýratyn orun tutýandygyny ildeşlerimiz buýsanç bilen belläp, hormatly Prezidentimize çäksiz alkyşlaryny aýdýarlar. Şeýle hoşallyk sözlerini ýurdumyza gelen daşary ýurtly myhmanlardan eşitmek bolsa has-da ýakymly.