Egor Kraýew, Brýansk oblastynyň gurjak teatrynyň artisti (Russiýa Federasiýasy)

Russiýanyň akademiki ýaşlar teatrynyň , Russiýa Federasiýasynyň Garaşsyz Peterburg kölege teatrynyň, Russiýa Federasiýasynyň Brýans oblastynyň gurjak teatrynyň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Ekiýat» döwlet gurjak teatrynyň döredijilik toparlaryndan wekiller bolup, dostlukly Türkmenistan döwletiniň paýtagty Aşgabatda geçirilýän halkara teatr festiwalyna gatnaşmak üçin geldik. Festiwal örän dabaraly ýagdaýda dowam edip, onuň çäklerinde türkmenistanly kärdeşlerimiz bilen ussatlyk sapaklaryny geçirdik. Türkmen döwlet gurjak teatrynda Brýansk oblastynyň gurjak teatrynyň döredijilik toparynyň festiwala hödürlän «Balykçy we balyjak barada erteki» atly sahna oýny tomaşaçylara  ýetirildi. Festiwala gatnaşmaga dünýäniň ençeme ýurdundan gelen kärdeşlerimiz bilen gürrüňdeş bolduk Olaryň ählisi hem türkmen myhmansöýerliginden diýseň hoşal. Munuň üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine köp sagbolsun aýdýarys.